21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Aşgabatda Medeniýet Hepdeligi-2017 Badalga Aldy

Aşgabatda Medeniýet Hepdeligi-2017 Badalga Aldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de her ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanýan giň gerimli çäre türkmen halkynyň ruhy mirasyny aýawly saklamaga, çuňňur öwrenmäge we giňden wagyz etmäge, döredijilik işgärleriniň hünärini kämilleşdirmäge, täze zehinleri ýüze çykarmaga, ilatyň medeni derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Ilkinji gezek 2013-nji ýylda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň welaýatlarynda tapgyrma-tapgyr geçirilip, sebitleriň taryhy-medeni mirasyny dürli öwüşginde açyp görkezdi.

Şonuň bilen birlikde her ýyl geçirilýän çäre türkmen medeniýetiniň aýdyň we köp ugurly serişdeleri milli sungatyň ähli görnüşleriniň—opera we aýdym-saz, kino we teatr, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, edebiýatyň we halk döredijiliginiň gazananlaryny şöhlelendirýär.

Aşgabat—ýurdumyzyň medeni durmuşynyň merkezi ýakyn birnäçe günüň içinde ähli welaýatlaryň döredijilik güýjüni birleşdirdi. Medeniýet hepdeligini geçirmek üçin paýtagtymyza gelen wekiliýetleriň düzüminde belli teatr artistleri estrada aýdymçylary we halk bagşylary, muzeý we kitaphana işiniň hünärmenleri, suratkeşler we şahyrlar, aýdym-saz we döredijilik toparlary bar.

Hepdeligiň çäklerinde guralýan ýaş aýdymçylaryň we sazandalaryň konsertleri, suratlaryň, amaly-haşam sungaty eserleriniň, neşir önümleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň, fotosuratlaryň sergileri, kinolaryň görkezilişi, şygryýet agşamlary—bularyň hemmesi türkmen medeniýetiniň gazananlarynyň subutnamalarydyr.

Medeniýet hepdeligi-2017-niň açylyş dabarasy Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde boldy. Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda hökümet agzalary, Medeniýet ministrliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň, Ylymlar akademiýasynyň pudaklaýyn institutlarynyň we ýurdumyzyň döredijilik okuw mekdepleriniň, jemgyýetçiligiň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlar bar.

Mukamlar köşgüniň sahnasynda uly konsert boldy, onda sungat ussatlary we ýurdumyzyň belli döredijilik toparlary çykyş etdiler. Çykyşlaryň baý many-mazmuny olaryň sahna bezegi, häzirki zaman tehniki serişdeleriň giňden ulanylmagy, wideo şekilleriň görkezilmegi bilen aýdyň beýan edildi. Munuň özi kiçi sahna oýunlaryny döretmäge mümkinçilik berdi, olar milli Liderimiziň ägirt uly üns bermegi netijesinde ýurdumyzyň medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösdürilmegi hakyndaky bir bitewi meseläni özünde jemledi.

Asylly däbe görä, sungat ussatlary özleriniň hünär baýramyna bagyşlap, döreden aýdym-sazlaryny bu gün ilkinji gezek ýerine ýetirdiler.
Halk we häzirki zaman äheňleri, nusgawy saz eserleri, aýdyň horeografiýa we folklor çykyşlary konsertiň maksatnamasyny düzdi. Folklor eserleriniň köpüsi ýurdumyzyň aýry-aýry sebitlerine mahsusdyr, emma şonuň bilen birlikde olaryň ählisi milli medeniýetimiziň bitewi köp öwüşginli sazlaşygyny emele getirýär.

“Görogly”, “Zöhre we Tahyr” dessanlaryndan bölekler uly bolmadyk sahna eseri görnüşinde ýerine ýetirilip türkmen sungatynyň iň gowy ýörelgeleriniň dowamatlylygyny alamatlandyrdy. Ajaýyp zalda häzirki zaman estrada äheňleri ýaňlandy. Sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek iri sport forumyna bagyşlanan “Aziada” atly aýdym konsertiň iň aýdyň we joşgunly çykyşlarynyň biri boldy. Baý mazmunly maglumatlar wideo şekiller hem-de hereografiýa toparynyň sport tansy äheňlerindäki çykyşy türkmenistanylaryň öňde boljak Oýunlara ýokary ruhubelentlikde taýýarlanýandyklarynyň nyşany boldy.

Baýramçylyk konsert maksatnamasynyň ahyrynda küşt depdi tansy ýerine ýetirildi, onda milli medeniýetimiziň sazlaşygynyň we ruhy güýjüniň kuwwatly energetikasy jemlenýär.

Günüň ikinji ýarymynda Medeniýet hepdeligi-2017-niň açylmagy mynasybetli çäreler “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde dowam etdi, bu ýerde şu ýylyň ýurdumyzyň giň ekranlaryna çykan “At-myrat” çeper kinofilmi döredijiler bilen duşuşyk geçirildi. Bu film dünýä derejesinde ykrar edilen adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak mirasy bolan meşhur ahalteke bedewlerine bagyşlanýar.

Agşam Mukamlar köşgi Döwlet simfoniki orkestri tarapyndan ýerine ýetirilen nusgawy sazy söýýänler üçin öz gapysyny giňden açdy.

Baýramçylyk konserti Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynyň “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjylary üçin hem guraldy. Şol bir wagtyň özünde paýtagtymyzyň “Ylham” seýilgähine şygryýet muşdaklary ýygnandy. Döredijilik duşuşygynda ýurdumyza belli şahyrlar şygryýet dünýäsine täze aralaşyp başlan ýaş şahyrlar bilen çykyş etdiler.

Ertir, 23-nji iýunda Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Şekillendiriş sungaty muzeýinde nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi açylar, Türkmen döwlet gurjak teatrynda ýaşajyk zehinler çykyş ederler, “Watan” kinokonsert merkezinde bolsa “Magtymguly” çeper filmini döreden topar bilen duşuşyk geçiriler we bu filmiň görkezijisi bolar. Teatr sungatyny söýýänler Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda “Görogly we Agaýunus” sahna oýunyna tomaşa edip bilerler.

Degişli makalalar

Dinozawrlaryň Yzlary

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Ýolbaşçylaryna Sankt-Peterburg Şäheriniň Metrosynda Bolan Partlama Zerarly Gynanç Bildirdi

Sustainable Transport On The Agenda For Global Conferance

turkmenhabargullugy