17.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Bank Ulgamy Boýunça Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Bank Ulgamy Boýunça Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda döwlet pul-karz syýasatynyň möhüm meselelerine hem-de bu ulgamda ýakyn geljek üçin gaýragoýulmasyz wezipelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz maslahaty açyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowy, maliýe ministri M.Muhammedowy, döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň ýolbaşçylaryny göni aragatnaşyga çagyrdy.

Milli Liderimiz şu gün maliýe-bank ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabatlaryň diňleniljekdigini aýtdy. Häzirki döwürde biziň banklarymyz ykdysadyýetimiziň depginli ösmegini ýeterlik pul serişdeleri bilen üpjün edýär we bu serişdeleriň dürli pudaklarda rejeli dolanyşygyna ýardam berýär.

Bu ulgamyň edaralary iri maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmegiň örän möhüm çeşmesi bolup durýar, şeýle hem häzirki döwürde paýtagtymyzy hem-de obalarymyzy we şäherlerimizi abadanlaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan köpsanly taslamalary maliýeleşdirýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şu maslahatyň barşynda oňa çagyrylan ýolbaşçylaryň geçirilýän işler baradaky hasabatlarynyň diňleniljekdigini hem-de bank işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly möhüim wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowyň hasabatyny diňledi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Soňra milli Liderimiz göni aragatnaşykda maliýe ministri M.Muhammedowyň býujet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän çäreler baradaky hasabatyny diňledi.

Soňra Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew bank edaralaryndaky işleriň ýagdaýy, ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek maksady bilen amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler hem-de banklaryň maýa goýum gaznalarynyň ösdürilişi barada hasabat berdi.

Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň ýolbaşçylary fiziki we ýuridiki taraplara karzlaryň berlişi hem-de her gün geçirilýän tölegler we maliýe meselelerinde maslahat beriş hyzmatlary barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow monitorlarda görkezilen türkmen banklarynyň işiniň maglumatlary, häzirki güne çenli amala aşyrylan bank amallarynyň diagrammalary bilen içgin tanyşdy. Ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegi banklary dolandyrmak ulgamynda täze talaplary öňe sürýär diýip, milli Liderimiz aýtdy we banklaryň ýolbaşçylaryna bank önümleriniň satylyşynyň möçberlerini artdyrmagy, marketingiň täze usullaryny ulanmagyň hasabyna bar bolan hyzmatlary kämilleşdirmegi hem-de bank amallary baradaky her günki maglumatlary bermegiň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmagy maslahat berdi.

Milli Liderimiz häzirki wagtda durmuşa geçirilýän, ilkinji nobatda, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmegiň şertlerinde bazar ýörelgeleriniň hem-de döwlet kadalaşdyrylyşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyny göz öňünde tutýan bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň milli nusgasynyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösmegini üpjün edýändigini belledi. Şunda pul-karz, maliýe we salgyt-býujet ulgamlaryny kämilleşdirmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler hem möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Türkmenistanyň pul-karz syýasatynyň strategiki maksady ykdysady ösüşi hem-de halkymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyny üpjün edýän durnukly pul dolanyşygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Munuň özi puluň hümmetsizlenmegini pes derejede saklamak we netijeli pul syýasatyny geçirmek bilen birlikde, pul binýadynyň düzüminiň kämilleşdirilmegini, gymmatly kagyzlaryň we ätiýaçlandyryş bazarynyň ösdürilmegi hem-de nagt däl tölegler ulgamlarynyň işjeň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda manadyň satyn alyş ukybynyň durnuklylygy üpjün edildi, karz serişdeleriniň möçberleri yzygiderli artdyrylýar, bank aktiwleriniň elýeterliligi saklanýar, ykdysadyýetiň anyk ulgamlaryny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny maliýe taýdan goldamak ugry dowam etdirilýär. Düýpli çäreleriň görülmegi netijesinde ençeme ýyllaryň dowamynda esasy makroykdysady görkezijiler ýokarlanýar. Pul ulgamynda özgertmeleriň çäklerinde amala aşyrylan çäreler milli pula ynamy artdyrdy.

Munuň şeýledigini abraýly maliýe düzümleri ençeme gezek bellediler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we Halkara pul gaznasynyň hünärmenleriniň beren bahasyny aýdyň mysal hökmünde görkezdi.

Geljekde pul-karz syýasatynyň maksatnamalaýyn ugurlary, onuň möhüm gurallary netijeli ykdysady strategiýany durmuşa geçirmek üçin has amatly şertleri döredýän ugurlarda hem-de derejelerde kemala getirilmelidir. Häzirki döwürde Türkmenistanyň öňünde bu strategiki möhüm ulgamda düýpli we yzygiderli özgertmeleri amala aşyrmak wezipesi durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Makroykdysady deňagramlylyk köp babatda manadyň hümmetiniň we bahalaryň emele getirilmeginiň durnuklylygyny kadalaşdyrýan ýurdumyzyň bank ulgamynyň netijeliligi bilen kesgitlenilýär. Bu ulgamy ösdürmegiň maksatlary hem-de wezipeleri pul-karz konsepsiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar we degişlilikde, ykdysady ösüşiň okgunly depginini üpjün etmegiň we şunuň esasynda halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmagyň zerurdygy bilen kesgitlenilýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Türkmenistan özüniň ykdysadyýetiniň netijeli nusgasyny döretmek bilen, milli bähbitleriň goralmagyny esasy wezipe hökmünde kesgitledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmeginde bank ulgamynyň tutýan ornunyň wajypdygy barada aýdyp, öňde durýan işleriň ileri tutulýan ugurlaryna maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Halk hojalyk toplumynyň artýan isleglerine laýyklykda, bank ulgamynyň kuwwatyny artdyrmak we kämilleşdirmek strategiki wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Milli Liderimiz wise-premýer B.Hojamämmedowa ýüzlenip, döwlet hem-de döwlete dahylsyz derejelerde innowasion ösüşi üpjün edýän maliýe ulgamynyň durnuklylygyny berkitmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy. Degişli döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek hem-de onuň hilini seljermek ýurdumyzyň býujet ulgamynyň maliýe serişdelerini dolandyrmak ulgamynda möhüm ähmiýete eýedir diýip, hormatly Prezidentimiz maliýe ministrine bu meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ilatyň, edara-kärhanalaryň pul serişdeleriniň goýumlaryny artdyrmagyň, olary karz serişdelerine we maýa goýumlaryna öwürmegiň gurallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň çözülmegi oňyn netijeleri gazanmaga gönükdirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hususan-da, milli Liderimiz, ilkinji nobatda, kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça innowasion taslamalary karzlaşdyrmagyň möçberlerini artdyrmagy işleriň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitledi. Halkara ülňülerine laýyklykda, hödürlenilýän hyzmatlaryň düzümini giňeltmek we hilini has-da ýokarlandyrmak, ykdysadyýetiň edaralarynyň işini mundan beýläk-de ösdürmek üçin daşary ýurt maýasyny amatly şertlerde çekmek zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow banklaryň serişdeler binýadynda ilatyň bank goýumlaryny artdyrmak, bank işewürliginiň geljegi uly görnüşlerini giňeltmek boýunça anyk çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi.

Ýurdumyzyň bank ulgamyny 2011-2030-njy ýyllarda ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, banklara berilýän maýa goýum serişdelerini köpeltmek boýunça toplumlaýyn işleri geçirmek, nagt däl tölegleriň möçberlerini artdyrmak, orta we kiçi telekeçiligi hem-de ipoteka boýunça karzlaşdyrmagy giňeltmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz geljekde görüljek möhüm çäreleriň hatarynda täze bank önümlerini ornaşdyrmak boýunça işleriň geçirilmegini, hyzmatlaryň hiliniň gowulandyrylmagyny görkezdi. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem-de dünýäniň iri maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge aýratyn üns berildi.

Bazar gatnaşyklary şertlerinde pul ulgamyny berkitmek esasy wezipeleriň biridir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň özygtyýarlylygynyň nyşanlarynyň biri bolan milli manadymyz indi uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda durnukly ösüşi gazanmagyň berk maliýe guraly bolup durýar. Milli manadymyz mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny gyşarnyksyz ýokarlandyrmagyň örän möhüm çeşmesidir.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem puluň hümmetsizlenmegini pes derejede saklamak, maliýe hyzmatlaryny ösdürmek, pul dolanyşygynyň düzümini kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz elektron töleg ulgamyny ornaşdyrmagyň we ösdürmegiň hasabyna nagt puluň paýyny tapgyrlaýyn azaltmagyň üstünde yzygiderli işlemegiň zerurdygyny aýtdy.

Bu ugurda ýurdumyzyň banklarynyň öz işini kämilleşdirmek boýunça tejribe toplamagy V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek babatda hem örän möhüm wezipeleriň biridir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda gymmatly kagyzlaryň bazaryny işjeň ösdürmegiň wajypdygyna ünsi çekip, şäherlerimizi we obalarymyzy abadanlaşdyrmak, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça taslamalary durmuşa geçirmegiň gerimini giňeltmek maksady bilen, maliýe serişdelerini gönükdirmegiň bu ugurda esasy wezipe bolup durýandygyny aýtdy.

Şoňa görä-de, siziň öňüňizde uly işler durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we ýurdumyzyň Hökümetiniň bank ulgamynyň işini kämilleşdirmek meselesine hemişe üns berýändigini, bu meselä geljekde hem uly üns berjekdigini aýtdy. Bu ulgamyň durnukly işlemegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsleşige ukyply bolmagy üçin kesgitleýji ähmiýete eýedir. Bu bolsa, ykdysadyýetimizi güýçli depginler bilen ösdürmäge, dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamyna ýurdumyzyň işjeň goşulmagyna şert döreder.

Milli Liderimiz aýdylanlary jemläp, şu gün garalan meseleleriň wajypdygyny belledi. Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy maksady ösüşiň öňdebaryjy sepgilerine ýetmekden hem-de dünýäniň ösen ýurtlarynyň hatarynda mynasyp orun eýelemekden ybaratdyr. Ykdysady mümkinçilikler bolsa olary netijeli durmuşa geçirmegiň gurallary bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara işlerinde hem-de eziz Watanymyzyň abadançylygyny we rowaçlygyny üpjün etmäge gönükdirilen wezipeleri çözmekde üstünlikler arzuw etdi.

Degişli makalalar

Prezidentimiz Azerbaýjanyň Prezidentine Gynanç

syrach

27-nji Ýanwar Watan Goragçylarynyň Güni Gutly Bolsun!

Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

syrach