26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Aşgabatda Pagta Önümleriniň Sergi-Ýarmarkasy we Halkara Maslahaty Açyldy

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň pagta önümleriniň VI Halkara sergi-ýarmarkasy hem-de “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahaty öz işine başlady. Ony ýurdumyzyň Oba we suw hojalyk ministrligi, Döwlet haryt-çig mal biržasy we Söwdaäsenagat edarasy bilelikde gurady.

Oba hojalyk ýylynyň ahyrynda “Ak altynyň” hasylyny ýygnamak işleri jemlenende ýurdumyzda däp boýunça geçirilýän giň möçberli pudaklaýyn sergi Türkmenistanyň pagtaçylygynyň, obasenagat toplumynyň gazanan üstünliklerini, ýurdumyzyň dokma senagatynyň ýeten derejesini görkezmäge gönükdirilendir. Bu çäre uzakmöhletleýin halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegini, tejribe we täze tehnologiýalar alşylmagyny, bu ulgamdaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendirýär.

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek we Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk ýubileýiniň bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň pagtaçy kärendeçileri bu gymmatly çig malyň 1 million 50 müň tonnadan gowragyny ýygnap, ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de sazlaşykly ösmegi, onuň diňe bir ýoukary hilli pagta süýümini öndürýän däl, eýsem ony daşary ýurtlara ugradýan, öňi bilen bolsa dünýä dokma işewürliginde iri hyzmatdaş ýurt hökmündäki derejesini pugtalandyrýar.

Bu giň möçberli sergi söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda guraldy. Serginiň açylyş dabarasynda döredijilik toparlary we bagşy-sazandalar aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar, halk aýdymlpryny ýerine ýetirdiler.

Ýurdumyzyň hökümet agzalarynyň, Mejlisiň, minitsrlikleriň we pudak edaralyrynyň ýolbaşçylarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlarynyň, daşary ýurtly myzmanlaryň, jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen sergi medeni çärelerden başlandy.

Bu ýekre ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, Türkmenistan dünýäde iň irki döwürlerden pagta ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanan ýurt hökmünde bellidir. “Güneşe baý hem-de sahawatly türkmen topragynda ata-babalarymyzyň daýhançylyk däpleri, ýol-ýörelgeleri halkymyzyň durmuşyna, aňyna mäkäm ornap, häzirki döwürde hem bu ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda türmken daýhanlarynyň tutanýerli zähmet çekip, gowaça hasylyny taýýarlamakda gazanýan ýokary zähmet üstünlikleri hemmämizi guwandyrýar” diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz gutlagynda sergi-ýarmarkanyň we ylmy maslahatyň geçirilmeginiň ähmiýetini belläp, onuň dünýäniň bu ulgamda öňdebaryjy haryt öndürijileri bilen özara tejribe alyşmak, gyzyklanma bildirýän kompaniýalar we kärhanalar bilen bilelikdäki işiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemek üçin netijeli meýdança öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Döwletimiziň esasy oba hojalyk ekinleriniň önümçilik möçberlerini artdyrmak we obasenagat toplumyny ösdürmek syýasatyny durmuşa geçirmegi netijesinde gowaça ösdürip ýetişdirmek oba hojalyk pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň çäklerinde pagtaçylygyň okgunly ösdürilmegine, pudagyň döwrebaplaşdyrylmagyna, hojalyk dolanyşygynyň häzirki zaman usullaryna geçilmegine, öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň we täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, oba hojalyk önümleriniň öndürijileriň ykdysady taýdan höweslendirilmegine gönükdirilen anyk çäreler amala aşyrylýar. Häzirki döwürde pudagyň tehniki üpjünçiligi daşary ýurtlaryň belli kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň hasabyna amala aşyrylýar.

Ýeriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ony işläp taýýarlamagyň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny ulanmak maksady bilen, ýurdumyzyň her welaýatynyň toprak-howa şertlerini nazara almak bilen netijeli çäreler durmuşa geçirlýär we ýeriň suwaryş ýagdaýy gowulandyrylýar. Şunuň bilen birlikde tohumçylyk-seçgi ulgamynyň işi netijeli häsiýete eýe boldy. Tiz ýetişýän, hasyllylygy we süýüminiň hili ýokary bolan gowaçalaryň täze görnüşleri işlenip taýýarlanylýar. Pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli tohumlyk serişdeleriniň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň eksport ulgamynyň we dokma senagatynyň möhüm hem-de gymmatly serişdesi bolan “ak altynyň” önümçilik mukdarynyň artmagynyň baş şertini emele getirýär. Häzirki döwürde Türkmenistanda öndürilýän pagta süýüminden taýýarlanylan harytlar dünýä bazarlarynda islegli harytlara öwrüldiler.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň kuwwatlyklarynyň, dürli görnüşli we ýokary hilli önüm öndürýän häzirki zaman dokma senagatynyň eksport mümkinçilikleriniň artmagy, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň ählumumy hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulmagyna gönükdirilen “açyk gapylar” syýasaty daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň ýurdumyzda geçirilýän pagta önümleriniň sergisine bolan ýokary gyzyklanmalaryny üpjün edýär.

Sergä dünýäniň 30-a golaý ýurdundan, şol sanda Russiýadan, Germaniýadan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Italiýadan, Şweýsariýadan, Ýaponiýadan, Hytaýdan, Singapurdan, Hindistandan, Banglpadeşden, Eýrandan, Türkiýeden, Gazagystandan, Özbegistandan, Belarusdan we beýleki ýurtlardan 70-den goarak kompaniýa gatnaşýar.

Olaryň hatarynda oba hojalyk tehnikalaryny, pagtaçylyk we gaýtadan işleýän senagat üçin ýöriteleşdirilen enjamlary öndürýän Germaniýanyň “Claas”, Italiýanyň “Machio Gaspardo”, ABŞ-nyň “Johun Deer”, “Valley”, “Keýs”, Belarusuň “Minskiý traktornyý zawod”, Ýaponiýanyň “Komad-su”, Özbegistanyň “Uzagromaşholding” ýaly kompaniýalary, sebitiň ýurtlarynda tehnikalara ýokary derejeli hyzmaty üpjün edýän hyzmat merkezleri bar. Amerikanyň “Lummus Corparation” pagta arassalaýjy senagat üçin tehnikalaryň hem-de ýatyýaçlyk şaýlaryň ähligörnüşlerini ugradýan kompaniýasy sergä ilekinji gezek gatnaşýar.

Sergi-ýarmarkasynyň köptaraplylygy oňa gatnaşyjylar we myhmanlar üçin önümleriň täze görnüşleri, önümçiligiň netijeli we ekologiýataýdan bähbitli usullary bilen tanyşmaga, ekinleriň tohumlarynyň görnüşleriniň aýratynlyklaryna, tohumlyk serişdeleriň we gaýtadan işlenen önümiň hiline baha bermäge, pagtaçylyk ulgamynda bar bolan köpugurly tejribeleri öwrenmäge oňyn mümkinçiligi üpjün etdi.

Sergi meýdançasynda ösüp oturan gowaçany şekillendirýän görnüşler, pagta ýygymy, onuňharmanlara daşalyşy barada maglumatlar, şeýle hem pagtany gaýtadan işleýän kärhanalara ugratmak üçin taýýarlanylan pagta süýüminiň toplary görkezildi. Ýurdumyzyň oba we suw hojalyk ministrliginiň, “Türkmenpagta” we “Türkmenhimiýa” Döwlet konsernleriniň, “Türkmenobahyzsat” hem-de azyk senagaty döwlet birleşikleriniň, Daşky gurşawy we ýer serişdelerini goramak baradaky Döwlet komitetiniň bölümleriniň özüne çekiji bolmagy köpsanly alymlarda we hünärmenlerde uly gyzyklanma döretdi. Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy institutlarynyň alymlary we hünärmenleri öz işläp taýýarlamalaryny, birnäçe taslamalary görkezdiler. Oba hojalyk ylmy-barlag instituty orta we inçe süýümli pagtanyň täze görnüşlerini taýýarlamak boýunça geçiren işlerini görkezdiler.

Milli ykdysadyýetimiziň eksport ugruny nazarlaýan dokma senagatynyň öňdebaryjy kärhanalarynyň önümleri serginiň esasy bölümlerini eýeleýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan özygtyýarly bolmagynyň öňüsyrasynda taýýarlanylýan pagta hasylynyň diňe 4 göterimini gaýtadan işleýärdi. Ondan 25 ýyl geçenden soň, ýurdumyzda dokma toplumyny yzygiderli kämilleşdirmegiň hasabyna dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň tzeçil enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap dokma toplumlarynyň onlarçasy guruldy. Häzirki döwürde dokma kärhanalarynda öndürilýän harytlaryň 70 göterimi dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän we bäsdeşlige ukyply ýokary hilli ýüplüklerdir. Ýurdumyzda öndürilýjn nah ýüplükleri, matalar, trikotaž we jinsi harytlary, taýýar önümler iň täze tehnologik çözgütleriň esasynda taýýarlanyp, dünýäniň köp ýurtlarynda ýokary islegden peýdalanýar.

Pagta süýümi lukmançylyk, gigiýena we kasmetik pamyk serişdelerini öndürýän kärhanalar, şeýle hem dürli sargy serişdelerini we beýleki önümleri taýýarlaýan lukmançylyk senagatynyň fabrikleri üçin esasy serişde bolup hyzmat edýär.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň taýýarlan bölümlerinde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda giňişleýin maglumat berilýär. Olaryň hatarynda diňe bir maşyn gurluşyk pudagynda ýöriteleşdirilen däl, eýsem himiki serişdeleriň we ösümlikleri zyýan berijilerden goraýan serişdeleriň, şeýle hem mineoal döküneriň we biologik goşundylaryň dürli görnüşlerini öndürýän daşary ýurt kompaniýalaryň we kärhanalaryň bardygyny bellemeli. Olaryň hatarynda ABŞ-nyň “Bayer Group Science”, Russiýanyň “AgroHimprom”, Germaniýanyň “MAC GMBH”, Eýranyň “Hezret-aly-Akbar” ýaly kompaniýalar bar.

Şeýle hem sergide pagta cccc V süýümini, ýüplüklerini we taýýar dokma önümlerini tutuş dünýäde eksport etmek hem-de getirmek bilen meşgullanýan iri kompaniýalar öz bölümlerini görkezdiler. Serginiň meýdançasynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň pagta satyn almak boýunça birža söwdalaşygy guraldy. Oňa Şweýsariýanyň “Paul Reinhart AG”, Türkiýäniň “Project Trading Limited” we “Calik Cotton”, Singapuruň “Olam International LTD”, Şweýsariýanyň “Carvon Commmodities LTD”, BAE-niň “Attache Trading FZT” ýaly kompaniýalar gatnaşdylar.

Sergä BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we Türkmenistandaky Ozon merkeziniň wekilleriniň gatnaşmagy ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen ekologiýa howpsuzlygy hem-de durnukly ösüş, adamlaryň ýaşaýşy, durmuşy üçin sagdyn, amatly gurşawy döretmek babatda ýygjam gatnaşyklaryny ösdürýändigini alamatlandyrýar.

Bu serginiň goňşyokara baýramynyň öňüsyrasynda açylmagynda özboluşly many bar. Myhmanlary bu ýerdäki myhmansöýerlik has-da begendirdi. Sergide welaýatlaryň, hojalyk jemgyýetleriniň, telekeçileriň, hususyýetçileriň guran bölümleri türkmen topragynyň köp görnüşli önümlerini özünde jemleýär. Şeýle hem pagta çigidiniň gaýtadan işlenilmegi bilen azyk önümleriniň alynýandygy bellärliklidir. Çünki pagta çigidi köpsanly azyk önümleri, şol sanda örän ýakymly pagta ýagy üçin esasy çig mal bolup durýar.

Serginiň medeni bölüminde ýurdumyzyň heýkeltaraşlary, suratkeşleri we zergärleri öz önümlerini görkezdiler

Sergi-ýarmarkanyň çäklerinde Söwda-senagat edarasynyň maslahat zalynda “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahaty açyldy. Oňa oba hojalyk pudagynyň ugurdaş düzümleriniň, kompaniýalaryň, pagta önümlerini sarp edýän ýurtlaryň, ýurdumyz bilen gatnaşyk saklaýan hyzmatdaşlaryň, maşyngurluşyk pudagynyň kärhanalarynyň hünärmenleri, alym agronomlar we bilermenler gatnaşdylar.

Maslahatda edilen çykyşlarda pagtaçylyk we pagtany gaýtadan işleýän pudaklaryň sazlaşykly ösýän kuwwatlyklary, olary ösdürmegiň geljekki ugurlary, pagta önümleriniň daşary ýurtlara ugradylýan möçberleriniň artdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere uly üns berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen oba hojalyk önümçiligini hemmetaraplaýyn ösdürmek, onuň derejesini ýokarlandyrmak baradaky maglumatlar bilen maslahata gatnaşyjylar tanyşdyryldy. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylara oba hojalyk ulgamynyň netijeli ösdürilmegine gönükdirilen maliýe-ykdysady usullar, oba hojalyk önümlerini öndürijilder üçin döredilen ýeňillikli şertler barada maglumatlar berildi.

Soňra maslahat türkmen oba hojalyk uniwersitetinde we paýtagtymyzdaky Oba hojalyk toplumynyň binasynda iki ugur boýunça dowam etdi. Umumy mejlisleriň barşynda pagtaçylygy we pagtany gaýtadan işleýän senagaty ösdürmegiň ugurlaryna, onuň hähzirki džöwürde ýeten derejesine, dünýäniň pagtaçylyk boýunça bazarlarynyň meýillerine we olara Türkmenistanyň pagta önümlerini ugratmagyň aýratynlyklaryna seredildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen dokma senagatynyň önümlerini ugratmak boýunça hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerine aýratyn ähmiýet berildi. Önümçilige täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, döwrebap enjamlary getirmegiň ähmiýeti bellenildi.

Daşary ýurtly işewürler Türkmenistan bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mundane beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdiler. Şeýle hem maslahatyň dowamynda azyk önümçiliginiň ählumumy bazaryny ösdürmegiň obasenagat toplumynyň önümçiligini artdyrmagyň möhümdigi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynda Duşuşyk Geçirildi

syrach

Üstünligiň Syry Nämede?

Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky

syrach