19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Aşgabatda Geçirilen Sergi-Ýarmarkada Pagta Önümlerini Satmak Boýunça ABŞ-nyň 30 Million Dollaryndan Gowrak Baha Deň Bolan Şertnama Baglaşyldy

Aşgabatda Geçirilen Sergi-Ýarmarkada Pagta Önümlerini Satmak Boýunça ABŞ-nyň 30 Million Dollaryndan Gowrak Baha Deň Bolan Şertnama Baglaşyldy

Aşgabatda geçirilen Halkara sergi-ýarmarkasynda pagta önümlerini satmak boýunça umumy bahasy 30 million 321 müň dollara barabar bolan şertnamalar baglaşyldy. Şertnamalary Şweýsariýanyň “Paul Reinhart AG”, “Carvon Commodities LTD”, “Rezana Trading C.A.”, Türkiýäniň “Calik Cotton”, Singapuryň “Olam International LTD” we beýleki kompaniýalar baglaşdylar.

Türkmenistanyň pagta önümleriniň VI Halkara sergi-ýarmarkasy hem-de “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahaty Oba we suw hojalyk ministrligi, Döwlet haryt-çig mal biržasy we Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde gurady.

Oba hojalyk ýylynyň ahyrynda “ak altyn” hasylyny ýygnamak işleri jemlenende ýurdumyzda däp boýunça geçirilýän giň möçberli pudaklaýyn sergi ýurdumyzyň pagtaçylygynyň, obasenagat toplumynyň, dokma senagatynyň ýeten derejesini görkezmäge gönükdirilendir. Şu ýyl türkmen ekerançylary gymmatly çig malyň 1 million 50 müň tonnasyndan gowragyny ýygnap, ýokary hilli pagta süýümini hem-de ondan öndürilýän dokma önümlerini dünýä bazaryna iberýän döwlet hökmünde ornuny has-da pugtalandyrdy.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Sanly Wideoaragatnaşyk Arkaly Iş Maslahatyny Geçirdi

turkmenhabargullugy

Maý Aýynda Suwuklandyrylan Gazdan Ýangyç Öndürýän Zawodyň Düýbi Tutular

syrach

Pekinde Türkmenistanyň Prezidentiniň we HHR-yň Başlygynyň gepleşikleri boldy.

syrach