21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Daşary Işler Ministrliginiň Wekili Bilen Duşuşyk Geçirildi

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Daşary Işler Ministrliginiň Wekili Bilen Duşuşyk Geçirildi

2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara bitaraplyk gününe we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklar boýunça direktory Şefik Wural Altaý bilen duşuşyk geçirildi.

Açyk, işewür we konstruktiw ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda iki daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky oňaýly özara gatnaşyklaryň, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny berkitmegiň we ösdürmegiň meselelerine seredildi.

Taraplar Türkmenistan we Türkiýe syýasy dialogy, esasan hem ýokary derejede ösdürmegi, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky ykdysady özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegi goldaýar, diýip bellediler.

Duşuşykda taraplar döwletara dialogynyň esasy düzüjisi hökmünde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň ornuny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Türkiýe sebitleýin we ählumumy howpsuzlyk meseleleri boýunça halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň çäklerinde özara gatnaşyklary ýokarlandyrmaga ymtylmaly diýip bellenildi.

Degişli makalalar

Türkmenistanda Aziada 2017-niň Hormatyna Köpçülikleýin Maşklar Geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

turkmenhabargullugy