21.6 C
Aşkabat
20.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Aşgabatda Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri kesgitlendi

Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk baradaky bilelikdäki hökümetara türkmen-täjik toparynyň Aşgabatda geçirilen üçünji mejlisiniň netijeleri boýunça Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasyndaky dürli taraplaýyn we özara peýdaly hyzmatdaşlygy sazlaşykly ösdürmek we pugtalandyrmak bilen bagly anyk ugurlar kesgitlendi.

Ozal habar berlişi ýaly, bilelikdäki toparyň işine täjik tarapyndan başlyklyk ediji bolup durýan Täjigistan Respublikasynyň energetika we senagat ministri Şerali Gul tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän wekilçilikli topar gatnaşdy. Türkmen tarapyndan duşuşyga birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň we döwlet kärhanalarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar toparyň işiniň iki döwletiň arasyndaky ykdysady, söwda we gumanitar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm ähmiýetli iş guraly bolup durýandygyny hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň yzygiderli ýagdaýdaky duşuşyklarynyň barşynda bu hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenendigini bellediler.

Gepleşikleriň barşynda bu toparyň 2009-njy ýylyň noýabrynda geçirilen ikinji mejlisiniň çözgütlerini ýerine ýetirmek boýunça berjaý edilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary we elektroenergetika, senagat, oba hojalygy, ulag ulgamy, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk boýunça özara arkalaşykly hereket edilmeginiň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen çäreler kesgitlendi.

Hususan-da, topar şu ýylyň dört aýynda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň geçen ýylyň degişli döwründäkisi bilen deňeşdireniňde 2,6 esse artandygyny kanagatlanma bilen belledi. Taraplar iki ýurduň örän uly mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, söwdany ösdürmegiň hem-de eksporta we importa degişli harytlaryň sanawuny giňeltmegiň zerurdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda 2011-nji ýylyň üçünji çärýeginde Aşgabatda degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň duşuşygyny geçirmek bellenildi. Bilelikdäki işewür forumlary, maslahatlary, sergileri we ýarmarkalary guramak arkaly Türkmenistanyň we Täjigistanyň işewür toparlaryny çekmek boýunça iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bellenildi.

Mejlise gatnaşyjylar energetika boýunça hyzmatdaşlygyň netijelidigini we oňaýly mümkinçiliklere eýe bolup durýandygyny nygtap, Täjigistana türkmen elektrik energiýasynyň ýetirilmegini gaýtadan dikeltmäge taýýardygyny tassykladylar.

Şeýle hem täjik tarapy ýeňil we dokma senagaty,maşyn gurluşygy, azyk we başga-da birnäçe pudaklar boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirdi.Şol sanda “Täjik alýuminiý kompaniýasy” atly döwlet bitewi kärhanasy tarapyndan Türkmenistana sozulan alýuminiý ýetirmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Täjigistanda oba hojalyk pudagynyň giňden ösendigi göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň howa şertlerinde üzümiň dürli görnüşlerini we miweli agaç nahallarynyň birnäçe görnüşlerini ösdürip ýetişdirmegiň, iki ýurduň oba hojalyk kärhanalarynyň we ylmy-barlag institutlarynyň arasynda tejribe alyşmagyň mümkinçilikleri türkmen tarapynda gyzyklanma döredýär.

Şeýle hem topar taraplaryň degişli ministrliklerine demir ýol, awtomobil we howa ulaglary boýunça hyzmatdaşlygyň örän oňaýly mümkinçiliklere eýe bolan ugurlaryna degişli çäreleri işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Gumanitar ugurda, bilim we saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport boýunça hemme taraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň giň mümkinçiliklere eýe bolup durýandygy bellenildi. Medeniýet boýunça türkmen kinosynyň Täjigistandaky günlerini hem-de täjik kinosynyň Türkmenistandaky günlerini, iki ýurduň sahna ussatlarynyň, şeýle hem estrada, folklor we tans toparlarynyň yzygiderli çykyşlaryny guramak göz öňünde tutuldy. Taraplar ylmyň we onuň döwletleriň innowasion ösüşindäki ähmiýetiniň möhümdigini ykrar edip, ylym boýunça hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemegi tabşyrdylar. Şu maksat bilen, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Ylymlar akademiýalaryna hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşygyň degişli taslamasyny işläp taýýarlamak tabşyryldy.

Mejlise gatnaşyjylar bellenilen çäreleriň Türkmenistanyň we Täjigistanyň hem-de iki ýurduň doganlyk halklarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de netijeli ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Aşgabatda Halkara Energetika Hartiýasynyň Forumy Açyldy

Jemi Içerki Önümiň Ösüş Depgini Şu Ýylyň 11 Aýynda 6.5 Göterime Deň Boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgärler Saýlawçylar Bilen Duşuşyk Gecirdi

turkmenhabargullugy