20.9 C
Aşkabat
03.05.2024
YLYM

Türkmen-rus ylmy-innowasiýa maslatahy: geljege gönükdirilen hyzmatdaşlyk

Paýtagtymyzda türkmen-rus ylmy-innowasiýa forumy açylýar. Ol iki ýurduň özara hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biri bolan alymlaryň we hünärmenleriň özara peýdaly hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine kuwwatly itergi berer.

Bu forumyň geçirilmeginiň Türkmenistanda giňden bellenilýän Ylymlar gününiň we onuň çäklerinde “Täze Galkynyşlar zamanasynda ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň geçirilmegine gabat gelmeginde uly many bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen we döwlet Baştutanynyň howandarlygynda geçirilýän bu forum türkmen döwletiniň döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň möhüm ugry hökmünde ýurdumyzyň ylmyny ösdürmek meselelerine aýratyn ähmiýet berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ilkinji gezek geçirilýän türkmen-rus ylmy innowasiýa forumyna gatnaşmak üçin dostlukly ýurduň 40-dan gowrak pudaklaýyn edaralarynyň, guramalarynyň, Ylymlar akademiýalarynyň, uniwersitetleriniň we ylmy institutlarynyň, döwlet korporasiýalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryndan we öňdebaryjy hünärmenlerinden düzülen wekilçilikli topar Aşgabada geldi. Olaryň hatarynda “Rossotrudniçestwo”federal agentligi, Russiýa-Türkmen işewür geňeşi, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Ýeriň fizikasy instituty, Türbageçirijileriň, ýangyç- energetika toplumynyň desgalarynyň gurluşygy we ulanylyşy boýunça Bütinrussiýa insituty, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň nebit we gaz instituty, N.I.Wawilow adyndaky Bütinrussiýa ösümlikçilik instituty, “Rostehnologiýa” ýokary tehnologiýaly senagat önümçiligini işläp taýýarlamaga, onuň önümçiligine we eksportyna tagalla etmek boýunça Döwlet korporasiýasy, maglumatlar we telekommunikasiýalar tehnologiýasy boýunça priborgurluşykçylar we hünärmenler Halkara bileleşigi, Russiýanyň Ýokary Dag geňeşi we beýleki guramalar bar.

Foruma türkmen tarapyndan birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Ylymlar akademiýasynyň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň nebit we gaz institutynyň, Milli çöller institutynyň, Tebigaty goramak ministrliginiň ösümlik we haýwanat dünýäsi institutynyň, Gurluşyk ministrliginiň seýsmiki gurluşyk institutynyň, birnäçe ylmy barlag institutlarynyň, Söwda-senagat edarasynyň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri we beýlekiler gatnaşarlar.

Duşuşyga gatnaşyjylar akademiýaara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna, ylymyň we tehnikanyň dürli pudaklarynda alymlaryň häzirki zaman işläp taýýarlamalaryna, nebitgaz we himiýa toplumlaryna, gurluşyk önümçiligine, saglygy goraýyşa, oba hojalygyna, şeýle hem başga-da birnäçe pudaklara degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşarlar.

Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri russiýaly kärdeşlerini ýurdumyzyň ylym we tehnika, senagat-innowasion ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary, himiýa senagatynyň we gaz himiýa ugrunuň geljekki ösüşi, oba hojalygynda, lukmançylykda, daşky gurşawy goramakda we ykdysadyýetimiziň başga-da birnäçe pudaklarynda nebitgaz serişdelerini özleşdirmek boýunça häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny peýdalanmagyň meseleleri bilen tanyşdyrarlar.

Öz gezeginde Russiýanyň alymlary we tejribeli hünärmenleri ylmyň we tehnikanyň dürli pudaklaryndaky, şol sanda geljegiň nanotehnologiýalaryny we serişdelerini ulanmak ulgamyndaky işläp taýýarlamalary barada gürrüň bererler. Şeýle hem Russiýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistana hödürleýän innowasion teklipleriniň meselelerine, Russiýanyň we Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň özara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna we geljegine, şeýle hem başga-da birnäçe derwaýys meselelere seretmek bellenildi.

Şeýle hem maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň ylmy institutlarynyň, edaralaryň we guramalaryň ýolbaşçylary özleriniň russiýaly kärdeşleri bilen işewür duşuşyklary we geňeşleri gurarlar.

Iň täze işläp taýýarlamalary önümçilige giňden ornaşdyrmak, pudaklaýyn maddy-tehniki binýady yzygiderli pugtalandyrmak, ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamak, ylmy ulgamy kämilleşdirmek türkmen döwletiniň ileri tutýan maksatlary bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçen mejlisinde belleýşi ýaly, hemmetaraplaýyn innowasion ösüş ýörelgleri we ylmyň hem-de ýokary tehnologiýlaryň öňdebaryja gazananlarynyň önümçilige işjeň ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň hyzmatdaşlygynyň taryhynda ilkinji gezek Aşgabatda şeýle wekilçilikli ýokary tehnologiýalar babatdaky türkmen-rus ylmy-innowasion maslahatynyň geçirilmegi türkmen ylmynyň toplan mümkinçilikleriniň we tejribeleriniň dünýäniň öňdebaryjy döwletlerinde uly gyzyklanma eýe bolýandygynyň we ýurduň halk hojalygynyň geljege gönükdirilen ösüşine täze itergi bermäge bolan ukybynyň aýdyň subutnamasydyr. 

referans:www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Saýgak

Bahçeşehir Uniwersiteti: Ýokary Okuw Jaýyna Ýerleşmek Mümkinçiligi

turkmenhabargullugy

Ýaşlaryň Innowasion Ylmy Taslamalarynyň Bäsleşiginiň Jemi Jemlenildi