23.1 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Ukrainanyň OKKO Kompaniýasy Türkmenistandan Nebit Önümlerini Import Etmegi Meýilleşdirýär

«OKKO» Işewürler-topary (Ukraina) awtomobil ýangyç bazarlaryny giňeltmegi, şol sanda Türkmenistandan nebit önümlerini satyn almagyň hasabyna giňeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada Interfaks-Ukraina habar berýär.

2021-nji ýylyň başynda OKKO Herson nebit daşaýjy toplumyny satyn aldy we ony döwrebaplaşdyrmak üçin 3 mln amerikan dollary möçberinde maýa goýum goýmagy maksat edinýär.

Kompaniýanyň wekilleriniň habar bermegine görä, bu toplum döwletiň günorta we gündogar welaýatlaryndaky awtomobil ýangyç beketlerine nebit önümlerini ýetirmegiň netijeliligini we ykjamlygyny ýokarlandyrmak üçin kompaniýanyň logistika bazisini berkitmäge mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, munuň özi nebit önümlerini iberijileri diwersifikasiýalaşdyrmakda möhüm tapgyrdyr.

OKKO-nyň wise-prezidenti Ý.Kuçabskiýniň nygtamagyna görä, port toplumyny satyn alynmagy ýangyç bazaryny giňeltmäge mümkinçilik berýär: amatly şertlerde OKKO Türkmenistandan, Türkiýeden, Gresiýadan, Bolgariýadan import edýän nebit önümleriniň möçberlerini artdyryp biler. Şu babatda ýylda 150-200 tonna görkeziji agzalyp geçildi.

Häzirki wagtda «Galnaftogaz» Konsern» PJ-niň (OKKO topary) ygtyýarynda 440 awtomobillere ýangyç-guýujy beket bar. Herson nebit daşaýjy toplumy nebit tankerlerini ýüklemek üç ýangyjy saklamak üçin desgany, demir ýol magistrallaryna çykalgasy bolan nebit bazasyny, nebit önümleriniň geçirijileriniň toruny öz içine alýar.

Çeşme: oilgas.gov.tm

Degişli makalalar

“Köpetdag II” Ýurdumyzyň Birinjiligini Ýeňiş Bilen Başlady

Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş we Derman Senagaty Ministrliginde Aýratyn Howply Ýokanç Keselleriň Ýaýramagyna Garşy Göreşmek Boýunça Türkmenistanyň Milli Meýilnamasyny Düzmek Babatda Iş Duşuşygy Geçirildi

Türkmenistanyň Ýokary Okuw Mekdepleriniň Talyplary Takyk Ylymlar we Ekologiýa Ugrundan Bäsleşdiler