21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
SPORT

Aşgabatlylaryň goşa ýeňşi.

Paýtagtymyzyň “Galkynyş” sport toplumynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda kabaddi toparlaýyn oýny boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda final ýaryş boldy. Biziň ýurdumyzda häzirki wagtda sportuň bu görnüşinde Aşgabadyň kabaddisçilerine häzirlikçe taý ýokdugyny ýaryş görkezdi. Ol güýç ulanylýan başa-baş göreşe çalymdaşdyr. Kabaddi ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär we ýurduň Kubogy ugrundaky bu ýaryş Aziada-2017-ä taýýarlyk görmegiň tapgyrlarynyň biridir.

Kabaddi boýunça eýýäm erkekleriň we zenanlaryň ýygyndy toparlarynyň ýurdumyza şu ýylyň tomsunda Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen IV Aziýadada wekilçilik edendigini bellemek gerek. Şonda türkmenistanlylaryň öňünde duran esasy wezipäniň şeýle iri halkara ýaryşlaryna ilkinji gezek gatnaşyp, sportuň bu görnüşi boýunça esasy daşary ýurt toparlaryndan tejribe almak boldy. Alnan tejribe türkmen halypalary tarapyndan işlenip taýýarlanylan türgenleşikleriň esasy ulgamyny düzdi, bu bolsa olaryň pikiriçe, 2017-nji ýylda Aşgabatda türgenlerimize kabaddi boýunça öz sport ussatlyklaryny görkezmäge kömek eder.

Sport baradaky döwlet komiteti we Söweş sungaty /hanmuda/ federasiýasy tarapyndan guralan Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda zenanlaryň final duşuşygynda Aşgabadyň we Marynyň toparlary duşuşdylar. Ýaryşyň birinji tapgyry belli bir derejede deň göreşde geçdi, ýöne ikinji 15 minutda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi O.Buharakowyň ýolbaşçylygynda türgenleşýän paýtagtymyzyň türgenleri öňbaşçylygy ýaryşyň ahyryna çenli saklap gazandylar, netijede we jemi N.Hojamämmedowyň terbileýänlerini 74:73 hasabynda ynam bilen ýeňdiler. Aşgabadyň kabaddisçileriniň milli ýygyndy toparyň düzümine girýändigini nygtap geçmeli, şol bir wagtyň özünde Marynyň türgenleri bolsa şu ýaryşda ilkinji gezek çykyş etdiler. Şonuň üçin hem olar üçin kümüş medallar ýokary netije boldy.

Erkekleriň arasynda final ýaryşyna diňe paýtagtymyzyň toparlary çykdy. Bu ýerde-de ýagdaý edil zenanlaryň arasyndaky final ýaryşy ýaly boldy: bir topar milli ýygyndy toparymyzyň tejribeli oýunçularyndan ybaratdyr, beýleki toparyň türgenleri üçin bolsa munuň özi ilkinji milli derejedäki ýaryşdyr. Olar duşuşygyň diňe birinji ýarymynda bäsdeşlerine mynasyp garşylyk görkezip bildiler. Jemi alnanda 66:45 hasaby bilen ýaryş Aşgabat-1 toparynyň peýdasyna tamamlandy.

Degişli makalalar

Küşt Boýunça Dünýä Çempionatynda Altyn we Kümüş Medallar

syrach

Katarly Basketbolçylar Aşgabat 2017-de Diňe Altyn Medal Üçin Ýaryşarlar

Futbol Boýunça Türkmenistanyň Çempionatynyň 9-njy Tapgyrynyň Duşuşyklarynyň Eminleri Bellenildi

turkmenhabargullugy