24.9 C
Aşkabat
25.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmen jigitleriniň Türkiýedäki ajaýyp çykyşlary.

13-15-nji dekabr aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde “Türkmen atlary” Döwlet birleşiginiň “Galkynyş” at üstündäki milli oýunlar toparynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň “Türkmen jigitleri” toparynyň çykyşlary ägirt uly üstünlik bilen geçdi.

Mälim bolşy ýaly, “Galkynyş” toparynyň türk tomaşaçylarynyň öňünde çykyş etmegi baradaky çakylygy şu ýylyň maýynda döwlet sapary bilen Türkmenistanda bolan Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gül beýan etdi. Şonda bu saparynyň çäklerinde dostlukly ýurduň baştutany we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikde ahalteke atçylyk toplumynda boldular. Şol ýerde belent mertebeli myhmanyň öňünde “Galkynyş” meşhur toparynyň iň oňat türkmen jigitleri we ýaş atçylary öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti türkmen halkynyň bahasyz gymmatlygy, onuň umumydünýä medeniýetine ajaýyp goşandy bolup durýan behişdi bedewleriň gaýtalanmajak gözelligine, ýyndamlygyna, çap paýa galşyna we syrdamlygyna haýran galandygyny beýan etdi. Biziň jigitlerimiz bu täsin tomaşany görkezen pursatlary ajaýyp ussatlyklary üçin hoşallyk sözlerine mynasyp boldular. Olar bilen söhbetdeşlikde Prezident Abdulla Gül atçylyk däpleri hem-de atçylyk sportunyň ösdürilmegi goldanylýan Türkiýä türkmen atçylarynyň saparyny guramak islegini aýtdy. Bu barada nygtamak bilen belent mertebeli myhman arassa ganly türkmen bedewleriniň gatnaşmagyndaky täsin çykyşlaryň türkiýeli tomaşaçylar üçin ýatdan çykmajak sowgada, şeýle hem Türkiýe Respublikasynda atçy artistleri bilen tejribe alyşmaga ýardam berjekdigini nygtady.

Bu sözler özüni doly ödedi—türkmen atçylary we sirk artistleri türk paýtagtyndaky “ASKI” sport köşgünde çykyşlarynyň bäşisini görkezdiler. Olaryň her birinde hem 10 müň adama niýetlenen bu iri toplum tomaşaçylardan doly boldy. Olar türkmen ussatlaryny we ajaýyp ahalteke bedewlerini tüýs ýürekden haýran galmak bilen garşyladylar.

Şu çykyşlaryň başlanmagynyň bir hepde öň ýany, Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri—öňdebaryjy milli neşirlerden we teleradioýaýlymlardan başlap, Ankara şäheriniň habar beriş neşirlerine çenli – ilatyň gyzyklanmasyny artdyryp, bütin dünýä meşhur “Galkynyş” türkmen toparynyň ajaýyp çykyşy barada habar berip durdylar. Muňa “Ankarada Aşgabat günleri” diýen medeni çäräniň çäklerinde türkmen sirkiniň boljak çykyşlary barada habar berýän owadan bezelgi bildirişler hem ýardam etdi.

Biziň ýurdumyzyň baş şäherine Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň okgunly ösüşini alamatlandyrýan deňsiz-taýsyz bedewler bilen şöhratlanan jigitleriň wekilçilik etmegi bellärliklidir. Umuman, biziň atçylarymyzyň öz çykyşlarynda döredýän türkmen halkynyň keşbi özünde onuň iň oňat häsiýetlerini, gadymy köklere ygrarlylygyny, milli medeniýetiň özboluşlygyny, onuň gadymy, aýawly saklanýan däpleriniň öwüşginlerini, halkyň kalbynyň egsilmejek güýjüni we döredijilikli kuwwatyny, dostanalygyny we şadyýanlygyny, sahylygyny ýüze çykarýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça özüniň döredilen gününden başlap “Galkynyş” atçylyk sport topary öz üstüne ýüklenen wezipä: milletiň şöhratly ahalteke bedewleri bahasyz gymmatlyk we buýsanç bolup durýan baý mirasyny dünýäde giňden wagyz etmeklige abraý bilen hötde gelýär. Türkmenistanlylaryň söýgüsine mynasyp bolup, “Galkynyş” topary örän talapkär daşary ýurtly tomaşaçylary hem özüne maýyl etmegini dowam edýär. Muňa onuň Ukraina, Belarusa, şeýle hem şu ýylyň oktýabrynda Moskwada /Russiýa Federasiýasy/ geçirilen sirk sungatynyň bütindünýä festiwalyndaky haýran galdyryjy çykyşlary şaýatlyk edýär. Ol ýerde atçylar, bu abraýly gözden geçirilişe ilkinji gezek gatnaşan türkmenistanlylar sirk sungatynyň bilermenlerinden, metbugat wekillerinden we tomaşaçylardan baş baýraga we ýörite baýraklaryň giden toplumyna mynasyp boldylar. Bu täsin galdyryjy ýeňişden soň türkmen artistleri dürli ýurtlarda çykyş etmek üçin köp sanly teklipleri, şeýle hem indiki ýylda Monto-Karloda geçiriljek 15-nji Halkara sirk festiwalyna çakylyk aldylar.

Ine, türkmen jigitleriniň Ankaradaky çykyşlary hem nobatdaky ägirt uly üstünlige beslendi. Iki halkyň ruhy taýdan has-da ýakynlaşmagyna gönükdirilen bu medeni çärä kabul edýän tarapyň uly ähmiýet berýändigini Türkmenistanyň sirkiniň çykyşlaryna hormatly tomaşaçy hökmünde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň gatnaşmagy hem görkezýär.

Türkiýäniň baştutanynyň “ASKI” sport köşgüne türkmen atçylarynyň şowhunly tomaşalaryna syn etmäge gelmegini bu ýurduň hemme teleýaýlymlary görkezdiler hem-de munuň özi biziň halklarymyzyň arasyndaky iň mähirli we doganlyk gatnaşyklarynyň ýüze çykmasyna, iki ýurduň hem strategik ähmiýet berýän döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we ösdürmäge ymtylýandyklaryny görkezýän alamata öwrülendigini belläp, metbugat we Internet neşirleri öz reportažlarynda şöhlelendirdiler.

Tomaşaçylaryň arasynda şeýle hem Ankara şäheriniň häkimi, birnäçe beýleki resmi adamlar, Türkiýäniň görnükli medeniýet we sungat işgärleri, diplomatik we işewür toparlarynyň wekilleri boldular. Türkiýedäki türkmen ildeşlerimiz, türk paýtagtynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan biziň ýurdumyzyň köp sanly talyplary üçin bu çykyşlara tomaşa etmek Watan bilen duşuşmagyň tolgundyryjy wakasyna öwrüldi.

Köşkdäki çykyşyň başy türkmen we türk halklarynyň kökleriniň umumylygyna bagyşlanan teatrlaşdyrylan kompozisiýadan başlandy. Onda halk döredijiliginiň alamatlary we taryhy wakalar biri-biri bilen utgaşdy. Onuň gahrymanlarynyň biri hökmünde ynsanyň baky hemrasy – at çykyş etdi.

Köşgüň oňat ýagtylandyrylan sahnasyna seýkin basyşly bedew bilen ýaş oglan gelýär. Ýagtylandyrylan şöhleler bedewiň reňkine öwüşgün çaýyp, biziň ýurdumyzyň güneşini şugla çaýýar. Ol tomaşaçylara bedewiň kämil gözelliginden we syn – syratyndan lezzet almaga mümkinçilik berýän ýaly, sahnada aýlaw edýär. Şol pursatda tomaşaçylaryň şatlyk-şowhuny al-asmana göterilýär. Ýaş jigit böküp ata münýär. Bedew bolsa duran ýerinden okgunly öňe ymtylýar hem-de öz ýyndam çapyşyny görkezýär. Onuň bu çapyşynda okgunlylyk jemlenip, öz üstündäki ýaş çapyksuwary alyslara alyp gitmäge taýýarlyk görünýär. Şonda bedewiň aýak urşuna sazlaşyklykda has depginli saz ýerine ýetirilip, utgaşyp dowam edýär…

Ýerine ýetirilen bu liriki sahna tomaşaçylary öz inçe, aýdyň şygryýeti, çagalaryň kalbynyň arassalygynyň hem-de ahalteke bedewiniň behişdi gözelliginiň, bir-birine oňat düşünýän we biri-birini oňat duýýan adamyň we atyň özara gatnaşyklarynyň sazlaşygy bilen tomaşaçylary dessine özüne maýyl etdi.

Bu sahnadan öň meýdançada Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň baýdaklaryny göterip gelýän atlylar topary peýda bolup, şondan soň behişdi bedewleriň okgunlygy, çapyp barýan atyň üstünde ýokary ussatlyk görkezýän çapyksuwarlaryň çalasynlygy bilen özüne çekýän ajaýyp çykyşlary başlandy. Ýüwrüp barýan atyň arkasynda akrobatik hereketleri ýerine ýetirmek bilen biziň atlylarymyz tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp bolup, olary haýran galdyrmagy başardylar. Tizlikde ýigitlerden pes galmaýan çapyksuwar gyzlary hem mähelle aýratyn joşgun bilen garşylady.

Ýelden ýüwrük bedewler bilen dürli öwüşgündäki çykyşlar bu ýere gelenlere haýran galdyryjy duýgulary peşgeş berdi. Sebäbi bedewiň üstünde täsin hereketleri ýerine ýetirýän çapyksuwary her bir sirkde görmersiň.

Türkmen çapyksuwarlary öz dogumlylygy we çeeligi bilen tomaşaçylary haýran galdyrdylar. Elbetde, olar öz täsin çykyşlaryny ýerine ýetirijileriň artistlik ussatlygy, töwekgelçiligi we hysyrdyly zähmeti öz içine alýan herketleriň sazlaşygy netijesinde ýerine ýetirdiler. Türkmen ýigidiniň at bilen “gardaşlygynyň” göze ilmegi jigitleriň çykyşlaryny täsirli tomaşa öwürdi.

Türk tomaşaçylary howada täsin hereketleri ýerine ýetirýän gimnastlara, akrobatlara we Türkmenistanyň döwlet sirkiniň beýleki artistlerine hem şowhun bilen el çarpdylar.

“ASKI” sport köşgüniň meýdançasynda iki halkyň ruhy bütewilik we uly baýramçylyk ýagdaýy höküm sürüp, artistleriň belent, şatlykly hereket duýgulary tomaşaçylara ruhy lezzet berip, çykyşlaryň her biri dowamly el çarpyşmalaryň şowhuny bilen tamamlandy. Elbetde, bu ajaýyp döredijilik baýramçylygy Ankaranyň ýaşaýjylaryna we myzmanlaryna türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasy, onuň häzirki zaman sirk sungaty bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döretdi.

Gumanitar ulgamda türkmen-türk hyzmatdaşlygy däp bolşy ýaly, iki ýurduň gatnaşyklarynda aýratyn orny eýeleýär. Onuň esasynda biziň halklarymyzyň baý taryhy, olaryň dünýä medeniýetine ägirt uly goşandy, birek-biregiň medeni durmuşyna üýtgewsiz gyzyklanmasy durýar. Ine onsoň sungatyň her bir görnüşi döredijilik üçin täze gözýetimleri açyp, halkyň gadymdan gelýän gymmatlyklaryny artdyrmak, iki doganlyk halklaryň özara düşünişmegini we dostlugyny berkitmek, medeniýetlerini özara baýlaşdyrmak maksatlaryna hyzmat edýär. Şu nukdaýnazardan sirk sungaty aýratyn hadysa bolup, gujur-gaýtary we ruhubelentligi, baýramçylyk duýgusyny, gözelligi we zehini özünde jemleýär.

Türkmenistanyň döredijilik toparlarynyň çykyşlary Türkiýäniň ähli habarlar gulluklary tarypyndan diýen ýaly beýan edildi. Olaryň köpüsi biziň ýurdumyzda atçylygyň ýokary derejede ösdürilmegine, ahalteke bedewiniň baş sanynyň artdyrylmagyna berilýän uly üns hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň atçylyk sportunyň we tutuş atçylyk dünýäsiniň iri merkezi hökmünde ykrar edilmeginde ägirt uly orny barada gürrüň berdiler.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Bilen Duşuşyk

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Döwlet Gullukçysynyň Etikasy we Gullukda Özüni Alyp Barşy Hakynda

syrach