30.9 C
Aşkabat
01.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

«Rysgal» PTB Internet-Banking we Elektron Gapjyk Hyzmatlaryny Ornaşdyrýar

«Rysgal» Paýdarlar-telekeçilik banky sanly hyzmatlaryň täze görnüşlerini özleşdirýär we uzak aralykdan bank hyzmatlary ulgamyny ornaşdyrmak boýunça iş alyp barýar.

Häzirki wagtda hukuk taraplary we telekeçiler üçin internet-banking hyzmatyny işe girizmeklige enjamlaýyn taýýarlyk işleri tamamlandy.

Karz edarasynyň awtomatizasiýalaşdyrmak departamentiniň başlygy Abat Gurbanowyň aýtmagyna görä, «Rysgal» PTB müşderilerine uzak aralykdan müşderiniň şahsyýetini köpugurly anyklamak arkaly öz serişdelerini dolandyrmaga we haçaplaşyklary geçirmäge mümkinçilik döredýär. Özü-de ony gije-gündiziň islendik wagty internete birigip bilýän islendik enjamdan amala aşyryp bolýar. Munuň özi, bank hyzmatlarynyň, şeýle hem hukuk taraplara hyzmatyň elýeterliligini ýokarlandyrar, nagt däl pul dolanşygyny çaltlandyrar.

«Rysgal» bankyň müşderileri SMS habar beriş hyzmatyny goşup ýa-da aýryp, hasaplaşygyň göçürmesini elektron poçta arkaly alyp, dürli hyzmatlar üçin tölegleri geçirip, ykjam we öý telefonlaryna pul goýup, bergilerini üzüp, şeýle hem pul serişdelerini kartdan karta geçirip bilerler.

Mundan başga-da, bank «Rysgal Pay» elektron gapjyk hyzmatyny işe girizdi. «QR-code» töleg ulgamy we elektron gapjyk ykjam enjamdan islendik tölegleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Bank hyzmatlarynyň täze görnüşlerini şahamçalaryň ählisine ornaşdyryp, olary bütewi bir ulgama birleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň we Russiýanyň At Gazanan Tälimçisi Ýuriý Ambarsumow „Aşgabat 2017“ Oýunlarynyň Myhmany

Türkmenistanda TÜRKSOÝ-a Agza Döwletleriň Medeniýet Ministrleriniň Geňeşiniň Mejlisi Geçirildi

syrach

Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat Wekillerine Ýüzlenmesi

syrach