16.9 C
Aşkabat
18.05.2024
DURMUŞ

Asyrlarboýy şan-şöhrata beslenen türkmen halysyna bagyşlanýar

Paýtagtymyzda türkmen halysynyň baýramçylygyna – garaşsyz Türkmenistanyň milli senenamasynda öz beýanyny tapan baýramçylyklaryň birine bagyşlanan dabaralar badalga aldy. Türkmenistanlylaryň däp boýunça maý aýynyň soňky ýekşenbesinde belleýän bu şanly senesi mynasybetli halkara maslahaty we döredijilik duşuşyklary, sungat eserleriniň sergisi, konsertler we bäsleşikler ýurdumyzyň ähli ýerinde giňden ýaýbaňlandyryldy.

Gözelligiň we kämilligiň ykrar edilen belent eseri, türkmen halysy – munuň özi milletiň hiç bir gymmatlyk bilen kesgitläp bolmaýan gymmatlygydyr we buýsanjydyr, onuň bütindünýä medeniýetiniň hazynasyna mynasyp goşandydyr. Ol diňe bir türkmenleriň gadymy däp-dessurlarynyň özenini özünde jemlemek bilen çäklenmän, eýsem-de, dünýäde gözellik we sazlaşyk hakyndaky hakykatlaryň aýdyň nyşanyna öwrülip, halkyň ýaşaýyş-durmuşynyň çeper şöhlelenmesidir.

Geçen hepde-de bolup geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli el halyçylyk sungatyny gorap saklamak işinde, dünýäde has-da giňden ýaýmak we ösdürmek boýunça öňde durýan baýramçylyk çäreleriniň möhüm ähmiýetini belläp, degişli ýolbaşçylara ýakynlaşyp gelýän baýramçylyga bagyşlanan hemme dabaralary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Şu gün Türkmenistanyň Baş milli muzeýi aşgabatlylary we paýtagtyň myhmanlaryny “Haly – türkmeniň kalby” atly baýramçylyk sergisiniň açylyşyna çagyrdy. Ajaýyp haly pannosy hem-de häzirki zaman suratkeşleriniň eserleri, muzeýiň gaznalaryndan görkezilişe çykarylan, türkmenleriň däp bolup gelýän milli ýaşaýşynyň geçmişde ulanylan gymmatlyklary halyçylaryň döredijilik ussahanasyna “göz aýlamaga” mümkinçilik döretdi. Aýratyn bölümde – milli haly önümleri eňsi, torba, horjun, şeýle hem bedew atlar we guba düýeler üçin haly bezegleri görkezilipdir. Şonuň ýaly hem bu ýerde haly gölleri çekilen gadymy külalçylyk önümlerini, özboluşly gymmatlyklary – biziň pederlerimiziň täsir galdyryjy gözelligi döretmeklerinde ýardam beren bürünç eýýamynyň haly dokalýan gurallaryny görmek bolýar.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda açylan “Dünýä gözellik çaýýan türkmen halysy” atly serginiň ekspozisiýasyny talyplaryň we ýaş suratkeşleriň döredijilik eserleri bezedi. Görkezilişe çykarylan suratlar we grafika işleri, haly önümleri hem-de gobelenler, şeýle hem milli amaly-haşam sungatynyň dürli görnüşli önümleri biziň halkymyzyň döredijilik däpleriniň mynasyp dowam etdirilýändigini aýdyň görkezdi.

Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministriligi tarapyndan guralan sergiler baýramçylyk günlerinde bu ýere gelýänlere şatlyk paýlap, özboluşly milli mirasymyza – türkmen halysyna täze Galkynyş eýýamynda hormat goýulýandygynyň hem-de onuň aýdyň ykrar edilýändiginiň nyşanyna öwrüler.

Ýaş çeper höwesjeňler toparlarynyň gatnaşmagynda Aşgabadyň “Argaç” ýüň egirme kärhanasynda şu günki bolup geçen baýramçylyk çäresi “Her çitimiň meňzär ýazyň gülüne” diýlip atlandyryldy. Aýratyn ruhubelentlik hem-de mährem ýagdaýda geçen dabarada ussat halyçylaryň, gözelligi boýunça gaýtalanmajak çeper işleri döretmek ugrunda ýadawsyz zähmet çeken zehinli zenanlaryň deňi-taýy bolmadyk işleri wasp edildi. Olaryň adyna ajaýyp goşgular okalyp, aýdymlar ýaňlandy, sahnalaşdyrylan çykyşlar görkezildi.

Türkmen halysynyň baýramçylygy mynasybetli medeni çäreler we döredijilik duşuşyklary “Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasynyň Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi, Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de paýtagtyň häkimligi bilen bilelikde guramaklarynda dabaralaryň maksatnamasyny dowam etdirer. Baýry halyçylaryň – pudagyň görnükli işgärleriniň hem-de öňdebaryjylarynyň hormatyna dabaralar Türkmen halysynyň milli muzeýinde, “Altyn ýyldyz” medeni dynç alyş merkezinde geçiriler. “Türkmeniň milli mirasy – buýsanjymyz türkmen halysy”, “Kak daragyň, batly ýaňlansyn, gelin!” diýlip atlandyrylan şol dabaralarda şonuň ýaly hem at gazanan halyçylaryň bu hünäri dowam etdirýän ýaşlar bilen “Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasynyň maslahatlar zalynda “Türkmen halysy gözelligiň, nepisligiň gaýtalanmajak nusgasydyr” atly baýramçylyk duşuşygynda milli haly sungatynyň eýe bolan belent derejesini şöhlelendirýän hem-de halkymyzyň bu ajaýyp sungata bolan hormatyny we söýgüsini açyp görkezýän çykyşlar bolar.

Baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň halyçylarynyň arasynda bäsleşikleriň geçirilmegi hem asylly däbe öwrüldi. Olaryň iň görnüklileriniň biri hem türkmen halysynyň we ony döredijileriň şanyna her ýylda geçirilýän “Täze Galkynyş zamanasynyň ajaýyp eserleri” ady bilen haly we haly önümleriniň döredijilik gözden geçirilişidir. Ol türkmen halysynyň milli muzeýinde esasy baýramçylyk dabaralarynyň öňüsyrasynda bolar. Elde haly dokamaklyk köp babatda onuň syrlarynyň maşgala gymmatlygy höküminde asyrlarboýy nesilden nesile aýawly geçirilp gelinmegi bilen baglydyr. Şu gün hem biziň ýurdumyzda halyçylyk işiniň ussatlarynyň tutuş bir nesil daragty mälim bolup, olaryň hatarynda ýaş zehinler hem bar.

Täze zehinleri ýüze çykaryp, ussatlaryň döredijilik gözleglerini kämilleşdirmäge itergi berýän bäsleşik halyçylaryň arasynda bolşy ýaly, dizaýner suratkeşleriň arasynda-da geçirilýär hem-de türkmen halyçylyk däpleriniň, onuň çeperçilik taýdan ähli köpugurlylygynyň täze taryhy eýýamda – täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda köpeldilmegine hem-de ösdürilmegine hyzmat edýär. Bäsleşige gatnaşdyrylýan eserler muzeýiň esasy sergi zalynda ýerleşdiriler. Ol ýerde gadymy türkmen sungatynyň ajaýyp eserleri – ägirt uly halylar hem görkezilýär.

“Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasynyň hemme kärhanalary tarapyndan hödürlenýän, däp bolup gelýän göller salynan, arassa ýüň we ýüpek halylaryň, tebigaty hem-de belli bir ugury şöhlelendirýän 1 metrden 4 metre çenli hem-de ondan-da uly ajaýyp ýygynda dürli ugurlar boýunça ýörite eminler tarapyndan baha berler. Döredijilik bäsleşiginiň iň oňat haly önümleri muzeý gymmatlyklarynyň arasynda mynasyp ornuny tapar. “Täze Galkynyş zamanasynyň ajaýyp eserleri” atly bäsleşigiň netijeleri jemlenip, esasy baýramçylyk dabaralarynda ýeňijiler mälim ediler. Ýeňijilere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan baýraklar we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

“Türkmeniň kalby – türkmen halysy” atly halkara sergisi we türkmen halyşynaslarynyň Bütindünýä jemgyýetiniň adybir XI mejlisi Türkmen halysynyň baýramçylygyna bagyşlanan çäreleriň meýilnamasynda esasy orun eýelär. Bu esasy pudak gözden geçirilişi 28-nji maýda, hepdäniň şenbe güni türkmen halysynyň milli muzeýiniň şu dabara mynasybetli ajaýyp ýagdaýda bezelen meýdançasynda geçiriler. Hepdäniň ýekşenbe güni, 29-njy maýda baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin gelen alymlar-bilermenler, kolleksionerler, kompaniýalaryň wekilleri hem-de dünýäniň onlarça ýurtlarynyň elde dokalan halylarynyň muşdaklary öz türkmen kärdeşleri bilen “Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasynyň maslahatlar zalynda duşuşarlar.

Aýdym-sazly we sahnalaşdyrylan çykyşlar asyrlarboýy şöhraty äleme dolan türkmen halysynyň şanyna toýlanýan baýramçylyk dabaralarynyň hormatyna geçiriljek çäreleriň agşamky şowhunyna öwrülip, hemme aşgabatlylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny hem-de elbetde täze taryhy eýýamda biziň halkymyzyň bu gadymy we belent sungatynyň baýdagyny mynasyp göterýän baýramçylygyň esasy sebäpkärlerini – türkmen halyçylaryny dabara çagyrýar.

“Ylham” seýilgähinde, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada, şeýle hem “Türkmenistan” we “Watan” kinokonsert merkezlerinde meşhur medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçiriler. Türkmenistanyň Baş drama teatry “Taryh kitabydyr türkmen halysy” atly täze sahnalaşdyrylan eseri öz tomaşaçylaryna hödürlär. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Daşoguz Welaýatynyň Baş Metjidinde Sadaka Berdi

turkmenhabargullugy

Paýtagtymyzyň Maslahatlar Köşgünde Küştdepdiniň Maddy Däl Medeni Mirasyň Sanawyna Goşulmagy Mynasybetli Dabara Boldy

Daşoguz Welaýatynyň Telekeçileri Et-Süýt Öndürilişini Artdyrmak Boýunça Taslamalary Durmuşa Geçirýärler

turkmenhabargullugy