34.9 C
Aşkabat
27.07.2021
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Atavatan Applikasiýasy Täzelendi: Intellektual Sahypamyz Goşuldy

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň Android ulgamynda işleýän applikasiýasy- Atavatan Applikasiýasy täzelendi. Türkmen, Türk, Iňlis we Rus dillerinde hereket edýän, Türkmenistan we global habarlary gyzgyny bilen ýurdumyzyň we dünýäniň dürli künjeklerinden onmüňlerçe okyjylar köpçülügine ýetirýän Aplikasiýamyzyň täzelen görnüşinde esasan hem Intellektual sahypamyz üns çekýär. Ýadyňyzda bolsa, ýaňy ýakynda saýtymyzyň Intellektual sahypasyny durmuşa geçirdik we bu sahypa öz içine, Atavatan Krossword, Makul Puzzle, Krosswordly sözlük, sözlemli oýun we Makul sözlem ýaly kiçi bölümleri alýar. Siz bu sahypalary ulanmak bilen wagtyňyzy gyzykly geçirip bilersiňiz we Iňlis dilini öwrenmek üçin berilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp bilersiňiz!

Applikasiýamyzy ýükläp almak üçin şu ýere basyň!

Hormatly Okyjylarymyz,

Siz Applikasiýamyzyň “Bildirişler” bölümini ulanmak bilen, haýsy ulgama degişli habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini gazanyp bilersiňiz. Mysal üçin, Sizi halkara uçar gatnawlary baradaky habarlar gyzyklandyrýan bolsa, onda, Bildirişler sahypamyzdan, “Syýahatçylyk we Saglyk” bölümini saýlaň, şonda, bu ulgama degişli habarlar saýtymyza girilen dessine Size bu barada bildiriş geler. Siz bir, birnäçe we isleseňiz ähli ugurlara degişli bölümleri saýlap bilersiňiz we öz saýlan ugruňyza degişli habarlar barada Size bildiriş gelmedini gazanyp bilersiňiz.

Applikasiýamyzyň käbir aýratynlyklary:

Offline görnüşde, ýagny, internet bolmazdan hem habarlary okamak mümkinçiligi
Habarlary 4 dilde okamak mümkinçiligi
Intellektual sahypamyzyň üsti bilen wagtyňyzy peýdaly we gyzykly geçiriň!
Bildirişleri saýlamak mümkinçiligi
Habarlary aňsatlyk bilen öz dostlaryňyz bilen paýlaşmak mümkinçiligi
Arhiw kiçi sahypasynyň üsti bilen, habarlary habaryň saýta girilen senesi boýunça aňsatlyk bilen tapmak mümkinçiligi
Sahypada habarlary gözleg mümkinçiligi
Habarlary sada görnüşde, ýagny, suratsyz okamak we internet paketiňizi tygşytlamak mümkinçiligi
Applikasiýaňyzda renk sazlama mümkinçiligi
Halan habaryňyzy “saýlamak” we soňra okamak üçin bellemek mümkinçiligi
Google Reklam ýa-da beýleki reklama we bildirişlerden azat, diňe habar okamak mümkinçiligi

Çeşme: Atavatan Türkmenistan

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Türkmen Oba Hojalyk Uniwersitetiniň Ýanynda Ahalteke Bedewlerini Öwrenmek Boýunça Ylmy Merkezi Döretmegi Tabşyrdy

Prezidentimiz Ispaniýanyň Patyşasyna, Germaniýanyň Kanslerine, Singapurun Prezidentine Gynanç Bildirdi

syrach

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

syrach