29.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Permana Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Permana Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
«Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Müňýyllyklardan gözbaş alýan ajaýyp türkmen halysy umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi. Türkmen zenanlarynyň çeper elleri bilen döredilen halylarymyz halkymyzyň dünýäde ykrar edilen ajaýyp sungat ýadygärligidir. Bu örän çylşyrymly we zähmeti köp talap edýän inçe senediň syrlary asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize gelip ýetdi. Merdana halkymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini arşa göterip, milli buýsanjymyza öwrülen halyçylyk sungatyny ösdürmek, gadymy halylaryň iň nepis görnüşleriniň asyl nusgasyny dikeltmek, döwrebap haly eserlerini döretmek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň halyçy gelin-gyzlarynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, şan-şöhratyny has-da belende götermekde, hala çeper nagyşlar salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken tutanýerli we halal zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen
hormatly ady dakmaly:

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Annagözel Annagylyjowna Meläýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Ogulgurban Gurbanlyýewna Muhammedowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Oguldursun Hajygulyýewna Gulmyradowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Maýa Garaýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň Balkanabat bölüminiň halyçysy Aýbibi Annaamanowna Berdiýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň önümhana müdiri Patma Işanowna Amanjaýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Gülbahar Amanberdiýewna Meretjäýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy Maral Hudaýberdiýewna Begmädowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy Arazgül Jumaýewna Bazarbaýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Oguljan Ýagmyrowna Bekiýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 3-nji önümhanasynyň halyçysy Agabeg Jumagulyýewna Nurowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 2-nji önümhanasynyň halyçysy Gurbanaý Jumadurdyýewna Ýazmedowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň sowgatlyk önümhanasynyň halyçysy Zyba Muradowna Djumageldiýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Türkmengala haly önümhanasynyň halyçysy Aýnabat Babakulyýewna Nazarowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň taýýar önüm ammar müdiri we hil gözegçisi Näzikjemal Çörowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Murgap haly önümhanasynyň halyçysy Tyllagözel Allanazarowna Mämmedowa.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2017-nji ýylyň 26-njy maýy.

Degişli makalalar

Iki Hepdelik Okuw

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi (Oba Hojalyk Önümlerini Öndürijiler Hakynda)

Kikboksing Boýunça Türkmen Türgenleri Rigada Halkara Ýaryşynda Üstünlikli Çykyş Etdiler

turkmenhabargullugy