15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
SPORT

Baku Şäherinde Sport Çäreleri Geçirildi

Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan “Bitaraplyk we Parahatçylyk ýyly” diýlip yglan edilen 2015-nji ýyla, şeýle-de “Sagdynlyk we bagtyýarlyk biraýlygynyň” çäklerinde sport çäreleri guraldy.  

Ýaryşlara Azerbaýjan Döwlet nebit akademiýasynyň, “ADA” uniwersitetiniň, Bakuwyň ýokary nebit mekdebiniň, Sumgaýyt Döwlet uniwersitetiniň, “Kawkaz” uniwersitetiniň wekilleri hem-de Azerbaýjanda bilim alýan türkmen talyplaryndan düzülen “Ýaşlyk” sport topary gatnaşdylar. 

Ýerli KHBS-de ýaýratmak maksady bilen çärä Azerbaýjanyň “Trend” halkara habarlar agentliginden, “1 News Az”, “AzerTadž” agentliklerinden we “Iştimai TW” hem-de “Lider” teleýaýlymlaryndan habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşandygyny belläp geçmelidiris.

Çärede Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Kömekow, Azerbaýjan Döwlet nebit akademiýasynyň rektory W.Gurbanow, “Kawkaz” uniwersitetiniň rektory A.Sanyç hem-de Sumgaýyt Döwlet uniwersitetiniň rektory N.Namazow dagylar söz sözlediler.

Soňra maksatnama boýunça futbol, gysga aralyga ylgaw boýunça ýaryşlar hem-de kese agaçdan özüňi çekmek boýunça ýaryşlar geçirildi. 

Geçirilen ýaryşlaryň jemleri boýunça ýeňijilere Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň adyndan baýraklar, kuboklar hem-de diplomlar gowşuryldy. 

Degişli makalalar

Prezidentimiz Sport-ulag merkezine bardy.

syrach

Türkmenistanyň Wekilleri Küşt Boýunça Dünýä Kubogy Ugrundaky Ýaryşlara Gatnaşarlar

syrach

Jelilmuhammet Hojamyradow Bilen Myrat Gimmiýew Türkmenistanyň Adyndan Oýunlaryň Ilkinji Altyn Medalyny Gazanan Türgenler Boldy