21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
DURMUŞ

Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işi Türkmenistanyň kanunçylyk namalary: «Diplomatik gulluk hakyndaky», «Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň derejesi hakyndaky», «Diplomatik ranglar hakyndaky», «Türkmenistanyň konsulluk edaralary hakyndaky» Kanunlary tarapyndan düzgünleşdirilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 17 sany düzüm bölekden – 15 sany bölümden, 1 müdirlikden we «Türkmenistanyň Daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň redaksiýasyndan ybarat.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň  merkezi diwanynyň wezipeleri meseleleri we düzüm bölümleriniň işi degişli ýagdaýlar bilen kesgitlenilýär.  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň  merkezi diwanynyň işgärleriniň daşary ýurtdaky diplomatik wekilhanalaryň we konsullyk edaralarynyň düzümi we sany Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär. Türkmenistanyň diplomatik gulluk hakyndaky kanunyna laýyklykda, diplomatik gulluk bu halkara gatnaşyklarynda Türkmenistanyň hukuklaryny we kanuny isleglerini görkezmek bilen, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň wezipelerini durmuşa geçirmek bilen bagly döwlet gullugynyň görnüşidir.

Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ulgamyna Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik  wekilhanalary we konsullyk edaralary, Türkmenistanyň halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary, Türkmenistanyň çägindäki Daşary işler ministrliginiň  wekilhanalary girýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu Türkmenistanyň daşary syýasaty amal edýän we diplomatik gulluga ýolbaşçylyk edýän merkezi ýerine ýetiriji edara bolup durýar.

Halkara konferensiýalaryna we şertnamalaryna gatnaşmaklyk. Häzirki wagtda Türkmenistan 131 sany döwletler bilen gatnaşyk saklaýar. Türkmenistan halkara konwensiýalaryň we şertnamalarynyň 130-synyň gatnaşyjysy bolup durýar.Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ähmiýetli ugurlary bolup, bütindünýä parahatçylygyny üpjün etmek we iň ýokary derejede ýardam bermeklik, BMG-niň durnukly ösüşini, maksatlaryny durmuşa geçirmegiň yzygiderliligi hem-de howpsuzlygy, sebitde we onuň çäginde goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we hyzmatdaşlygynyň berkemegi, ýaragsyzlanmak prosesiniň amala aşyrylmagy üçin amatly şertleriniň döremegi, dawalary we garşylyklary parahatçylykly we syýasy şertler bilen çözmek hem-de energetika howpsuzlygyny üpjün etmek bolup durýar. Muňa Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan hödürlenilen dürli halkara forumlarda, hususan-da, BMG-niň energetika maslahatynyň döremegi hakynda teklibi, ýokary derejedäki edaralarynyň Merkezi Aziýadaky we Hazar basseýnindäki mydama hereket edýän howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk baradaky Forumy, Owganystandaky syýasy ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça ýardamyň 5 punktyny we onuň ykdysadyýetini dikeltmek babatda hem-de dürli möhüm başlangyçlaryň sanawy düzüldi. Halkara syýasatynyň esasy düzüm bölekleriň biri hökmünde, Türkmenistan özüniň BMG-niň alyp barýan işlerinde adamzadyň ösüşini we progresini üpjün etmegine gönükdirilen, adamlaryň ýaşaýyş derejesiniň we maddy üpjünçiliginiň ýokarlanmagyna, bütindünýä ykdysady we sosial ösüşi üçin amatly şertleriň döremegine, adamyň döredijilik başarnygynyň ýokary derejede açylmagyna, şonuň esasy hukuklarynyň we erkinliginiň höweslendirmegine bolan işjeň gatnaşygy bolup durýar. Şol beýik maksatlara eýerip, hem-de olara ýetmek üçin ýokary derejede ýardam bermeklige çalyşmak üçin, Türkmenistan 2013-2015 ýyl aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we durmuş Geňeşiniň agzalygyna özüniň kandidatlygyny teklip etmek hakynda karara geldi. Türkmenistan müň ýyllygyň maksatlarynyň we wezipeleriniň global derejedäki ösüş hem-de durmuşa geçiriliş işlerine işjeň gatnaşýar. Türkmenistan 2012-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) 2013-2015-nji ýyllar üçin agzasy boldy. 2013-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistan BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG-niň ÝYK) wise-başlyklygyna iki ýyl möhlete saýlandy (2015-nji ýylyň apreline çenli).

Türkmenistanyň halkara guramalarynda agzalygy:

Türkmenistan 44 sany halkara guramalarynyň agzasy bolup, şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Konferensiýasy Guramasy, Goşulmazlyk Hereketi we beýlekiler bar. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly guramalarda Türkmenistanyň assosirlenen agza derejesi bar. 

Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

Gazçylar Daşoguz Şypahanasynda Saglygyny Berkidýärler

Özbegistan Respublikasynyň Daşary Ykdysady Gatnaşyklar, Maýa Goýum we Söwda Ministri Bilen Duşuşyk

syrach