31.9 C
Aşkabat
31.07.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Bakuda Daşary Işler Ministrleriniň Üçtaraplaýyn Duşuşygy Geçirildi

Bakuda Daşary Işler Ministrleriniň Üçtaraplaýyn Duşuşygy Geçirildi

2017-nji ýylyň 19-njy iýulynda Baku şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Mamedýarowyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Çawyşoglunyň dördünji duşuşygy geçirildi.

Şu ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanda geçiriljek üç döwletiň Baştutanlarynyň Sammitine taýýarlyk görmek duşuşygyň esasy maksady boldy.

Şunuň bilen baglylykda, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary üç ýurduň arasyndaky geljekki hyzmatdaşlyga degişli we söwda-ykdysady, energetika, ulag we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda uzakmöhletleýin üçtaraplaýyn özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny kesgitleýän birnäçe meselelere seretdiler.

Taraplar 2015-nji ýylyň ýanwarynda Aşgabatda kabul edilen 2015-2017-nji ýyllarda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň Çarçuwaly Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine seljerme berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrleriniň Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekildi.

Üçtaraplaýyn duşuşyk tamamlanandan soň Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlerleri bilelikdäki metbugat maslahatyny geçirdiler.

Daşary işler ministrleriniň dördünji duşuşygyna gatnaşmagyň çäklerinde R.Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Mamedýarow we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Çawuşogly bilen aýratyn ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Olaryň dowamynda syýasy, ykdysady, energetika, ulag we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ösüşiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Degişli makalalar

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Gatnaşjak Metbugat Işgärlerini Akkreditasiýa Üçin Hasaba Almak Hereketi Başlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Dokma Senagaty-2017» Halkara Sergisine Gatnaşyjylara Gutlag Hatyny Iberdi

turkmenhabargullugy

V Aziýa Oýunlarynyň Ody 7-nji Sentýabrda «Galkynyş» Gaz Käninde Ýakylar