15.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Watanymyzyň Geljegine Uly Üns we Alada Bilen

Watanymyzyň Geljegine Uly Üns we Alada Bilen

Türkmenistan her ýyl 1-nji iýunda tutuş dünýä bileleşigi bilen birlikde Çagalary goramagyň halkara gününi belleýär, bu gün döwletimiziň BMG-niň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky esasy ýörelgelerine ygrarlydygyny hem-de ýaş nesle sazlaşykly terbiýe bermegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny alamatlandyrýan şanly sene hökmünde, resmi tertipde milli baýramçylyklaryň sanawyna goşuldy.

Türkmenistan iň ýaşajyk raýatlarymyz üçin has amatly durmuş şertlerini üpjün etmek meselelerinde ýokary döwlet jogapkärçiligini tassyklap, BMG-niň çaganyň hukuklary baradaky Konwensiýasyny tassyklady. Mundan başga-da, Türkmenistanda “Çaganyň hukuklary boýunça döwlet kepillikleri hakynda” Kanun kabul edildi. Onuň düzgünleri ýurdumyzda durmuşa we demokratiýa degişli ýagdaýlaryň halkara hukuk namalarynyň talaplaryna laýyklykda ösdürilmelidigini äşgär edýär. Kanun sagdyn durmuş gurşawyna, göwnejaý terbiýe berilmegine işde ezilmekden goraglylygynyň döwlet kepilliklerini üpjün edýär.

Jemgyýetiň durmuş sagdynlygy onda çagalar, eneler hakynda aladanyň, maşgala sütünleriniň, maşgala gatnaşyklarynyň ruhy-ahlak däpleriniň, nika baglaşylmagyna, köp çagalylyga döwletiň berýän goldawynyň näderejede duýulýandygy bilen hem kesgitlenýär. Köp çagaly maşgalalara täze öýleriň berilmegi hemmetaraplaýyn aladanyň ýüze çykmalarynyň biridir. Sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we ösdürip ýetişdiren enelere her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Ene mähri” diýen hormatly at dakylýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bu ugurlar Türkmenistanyň hökümetiniň we ÝUNISEF-iň arasynda gol çekilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2016—2020-nji ýyllar üçin ýurt maksatnamasynyň Hereketleriň meýilnamasynyň birnäçe esasy düzgünlerini kesgitledi.

Bilim özgertmelerini amala aşyrmakda, ekologiýa, şeýle hem medeniýet babatda wezipeleri çözmekde, çagalaryň öwreniş we köp dürli dynç almagyny guramak baradaky wezipelerini çözmekde Türkmenistan uly netijeleri gazandy.

Ähli zat ýaş türkmenistanlylaryň bagtyýar çagalygy üçin

Tomusky dynç alyş möwsümi çagalar üçin iň arzyly pursatda eýýäm möwsüm başlanmazdan ozal, ene-atalar we çagalar tomusky dynç alşyň meýilnamalaryny şatlyk ýagdaýynda içgin ara alyp maslahatlaşýarlar. 2-nji iýunda Gökdere jülgesinde hem-de Hazaryň kenarynda ýerleşen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda çagalar sagaldyş merkezleri, welaýatlardaky şeýle merkezler dynç alýanlary kabul eder.

Göwnejaý dynç alyş maşgala bolup dynç almagyň dogry we peýdaly guralyşyna baglydyr. Haçan-da, ulular bilen çagalar, şol bir wagtda hem-de şol bir ýerde bilelikde şadyýan dynç alanlarynda örän oňat ýagdaý emele gelýär.

Ene-atalar öz çagalaryna iň gowy zatlary bermek isleýär. Bu tebigy ýagdaýdyr. Maşgala jemgyýetiň ilkinji bölegidir. Netijede, bagtly maşgala – durnukly jemgyýet, munuň özi güýçli döwlet diýmekdir. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary taglymat hökmünde öňe süren ýurdumyz hakykatdan-da, bagtly çagalygyň mekanydyr. Biz bolsa şol eşretlerden dogry peýdalanmagy başarmalydyrys.

Mälim bolşy ýaly, şahsyýetiň kemala gelmegi onuň aňyrsy, terbiýesi, daşky gurşaw ýaly möhüm ýagdaýlar bilen şertlendirilendir. Daşky gurşawyň täsiri uly ähmiýete eýedir. Çaganyň töweregindäkiler olaryň her biriniň kemala gelmegine ägirt uly täsir edýär. Ulular çaganyň daşky gurşawa ýuwaş-ýuwaşdan uýgunlaşmagyna ýardam bermek bilen, olary kämil ösen ynsan hökmünde terbiýelemek üçin ähli tagallalary etmelidirler. Tomus pasly bolsa, çagalar bilen köp wagty bile geçirmek üçin mümkinçilikleri açýar. Mundan başga-da, tomusda çaganyň saglygynyň berkidilmegine, onuň başarnyklarynyň we zehininiň ösdürilmegine has köp üns berip bolýar. Mysal üçin, ony sport ýa-da tans etmek bilen meşgullanmaga, çeperçilik gurnagyna gatnadyp bolar. Emma şunda dynç almak hem ýatdan çykarylmaly däldir, oňa ene-atalar tarapyndan jogapkärçilikli çemeleşilmelidir.

Ene-atalar öz çagasy adatça ulularyň gezelenç edýän taryhy künjeklerine ýa-da teatrlara gitmeklerini şeýle bir gyzyky çäre däl diýip, hasap edýändir öýdüp, pikir edýärler. Emma taryhy-medeni ýadygärlikleriň ýerleşýän ýerlerini ýa-da sahna oýunlaryny görkezmegi adaty däl görnüşde, mysal üçin, seýilgähleriň attraksionlarynda görkezilende çaga muňa örän begener. Älem giňişligini mekdepde däl-de, medeni dynç alyş merkezinde “öwrenmek” hem ýene bir ajaýyp çözgütdir. Çagalar bilen bilelikde haýwanat bagyna ýa-da Botanika bagyna gezelenje gidilende, olarda ylymlaryň belli bir ugruna söýginiň döremegi mümkindir?!

Öz perzendiň dünýägaraýşyny giňeltmäge çalşyp, tomusky dynç alşyň her bir gününi gyzykly we baý mazmunly wakalar bilen dolduryp, oňyn duýgulary, unudylmajak täsirleri döredip bolar.

Ýurdumyzda onlarça sport desgalaryndan, dynç alyş seýilgählerinden, merkezlerinden başga-da, köpsanly çagalar sagaldyş merkezleri hereket edýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, ajaýyp Gökdere jülgesinde hem-de ýurdumyzyň ähli künjeklerinde iň häzirki zaman çagalar sagaldyş merkezleri ýakyn günlerde mekdep okuwçylaryny kabul eder. Türkmenistanyň çagalar sagaldyş merkezlerinde dünýäniň köp ýurtlaryndan çagalaryň dynç almaga gelýändigini bellemek buýsançlydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça ýakynda Hazaryň kenaryndaky “Daýanç” çagalar sagaldyş merkezinde Özbegistanyň dürli sebitlerinden gelen çagalar dynç aldylar.

Ýaş neslimiz çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alyşdan soňra öýlerine şadyýan, ruhubelent ýagdaýda dolanyp gelerler hem-de sentýabr aýynda “Meniň tomusky dynç alşym” atly düzmäni höwes bilen ýazarlar. Emma tutuş tomsy dynç alyş merkezinde geçirip bolmaýar. Tomsuň beýleki günlerini hem has täsirli geçirip bolar. Mysal üçin, … ugrarys.

…”Ertekiler dünýäsi” seýilgähi ähli çagalara ajaýyp pursatlary hem-de täsin duýgulary peşgeş berer. El bilen döredilen “Ertekiler şalygy” Garaşsyzlyk we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň aralygynda ýerleşýär.

Aşgabat “Disneýlendinde” işjeň we şatlykly dynç alyşdan başga-da, aň-bilim ugruna hem göwnejaý üns berilýär. Bu täsin ertekiler şäherjiginde Türkmenistanyň ähli tebigy –landşaft hem-de howa zolaklary kiçeldilen nusgalarda görkezilýär.

Bu seýilgähiň bezelişiniň üsti milli türkmen ertekileriniň gahrymanlary bilen ýetirildi. Onuň oýun meýdançalarynda Köpetdagyň, Garagum çölüniň, Hazar deňziniň, Amyderýanyň we Garagum derýanyň nusgalary ýerleşdirildi. Şeýle hem seýilgähde Türkmenistanyň belli taryhy medeni ýadygärlikleriniň: Seýitjemaleddin metjidiniň, Soltan Sanjaryň, Soltan Tekeşiň kümmetleriniň we beýlekileriň kiçeldilen nusgalary goýuldy. Belli ertekileriň we gadymy rowaýatlaryň gahrymanlaryny görmek bolýar, şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň haýwanat dünýäsiniň wekilleriniň nusgalary ýerleşdirildi. Diýmek, çagalar ýakymly zatlary peýdaly işler bilen utgaşdyryp, taryh, geografiýa we ene topragyň tebigaty boýunça bilimlerini artdyryp bilerler.

Mundan başga-da, meşhur seýilgähe gelýänlere özüne çekiji hiňňildikler we oýun awtomatlary, sallançaklar, “syn ediş halkasy”, “şadyýan depejikler”… garaşýar. Bu ýerde emeli derýa boýunça gezelenç edip, otlynyň üstünden “Disneýlendiň” görnüşlerini synlamak, lazer täsirleriniň galereýasyna baryp görmek bolýar.

Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän özüne çekiji sallançaklar milli däpleriň ruhunda döredildi. Mysal üçin “syn ediş halkasy” görnüşi boýunça zenanlaryň gülýakasyny ýatladýar. Onuň beýikligi 25 metre deň bolup, her biri 6 orunlyk kejebeleriň 18-sinde bir wagtyň özünde 108 adam aýlanyp bilýär. “Jadyly haly” hiňňildigi milli göller bilen bezeldi. “Çaý käseleri” sallançagy bolsa uly täsir galdyrýar, onuň bezelişinde türkmen nagyşlary ulanyldy. Ölçegi 15 metre golaý bolan halkada käseleriň 9-sy ýerleşdirildi. Bir aýlawda 36 adamy ýerleşdirýän bu sallançagyň merkezinde ägirt uly çäýnek oturdyldy, ol bolmalysy ýaly bug üfleýär.

“Ertekiler dagy” bolsa täsin ýurduň özüne çekiji bir bölegi bolup durýar. Jadyly dagyň içine onuň iki tarapyndan aralaşyp bolýar. Ýöne ilki bilen garaňkyda ýanyp-öçýän köprüden geçmek gerek. Dagyň içinde uly gowaklaryň birnäçesi guruldy, ötüklerde we ähli aýlawlarda çagalara şatlyk paýlaýan täsin başdan geçirmeler garaşýar. Mysal üçin gowaklaryň birinde atyşhanaly zal guruldy. Otagyň bezelişinde Parfiýa patyşalygy mowzugy ulanyldy. Şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan haýwanlaryň nusgalary oturdyldy. Goňşy gowakda taryhdan öňki zemzenler we Ýura döwrüniň haýwanat dünýäsiniň wekilleri ýerleşdirildi.

Uly sallançaklaryň ýene-de biri — “Syn ediş diňi” bolup, öz okunyň daşyndan aýlanýan minaranyň beýikligi 40 metre barabardyr. Isleg bildirýänleri onuň üstüne 40 adam üçin niýetlenen gondola çykarýar. “Dünýä halklarynyň obalary galereýasyna” düşen adam ýer şarynyň ol ýa-da beýleki böleginde bolup görmek ýa-da ýeriň ýüzi boýunça syýahat edip biler. Bu ýerde dünýäniň dürli ýurtlarynyň ajaýyp ýerlerinde surata düşmek bolýar. Körpeler üçin bu ýerde ajaýyp enjamlaşdyrylan meýdança bar. Ulurak çagalar üçin bolsa oýun awtomatlary oturdyldy, olaryň kömegi bilen hyýalyňda syýahat etmek we älem gämisiniň uçarmany bolup bolýar.

Syrly ertekisi, böwenjik, Akpamyk we onuň ýedi dogany, Hudaýberdi gorkak, äpet döwler, Gara mergen, genji-hazynany goraýan ägirt uly ýylan we beýleki erteki gahrymanlary “Türkmen ertekileri dünýäsi” bölüminiň “eýeleri” bolup durýar.

“Disneýlend” güýmenjeler maksatnamasy örän giň we dürli görnüşli bolansoň islendik adamyň göwnünden turýar. Bu ýerde bar bolan täsinlikleri özleşdirmek üçin bir gün az bolýar.

Maşgala bolup dynç almak üçin ajaýyp ýerleriň ýene-de biri Magtymguly şaýolunyň ugrunda, “Ak şäherim Aşgabat” binasynyň golaýynda ýerleşen “Aşgabat” medeniýet we dynç alyş seýilgähidir.

Bu şäherjik ençeme nesilleri hem-de çagalary we ululary özüne çeken merkez bolup hyzmat etdi. Emma häzir, durky döwrüň talaplaryna laýyklykda doly täzelenen seýilgäh wagtyňy gyzykly geçirmäge ýardam edýän ýerleriň birine öwrüldi.

Bu dynç alyş toplumy maşgala üçin niýetlenen güýmenjeleriň görnüşlerini hödürleýär. Onuň aýratynlygy hem şunda jemlenýär. Diýmek bu toplumda körpeleriň güýmenjelerini we ýetginjekleriň gyzyklanmalaryny utgaşdyrmak aňsat düşýär.

Durky täzelenen toplum dynç alyş zolaklarynyň hem-de her meýdançanyň aýratynlyklaryna laýyk gelýän bag-seýilgäh gözellikleriniň jemi bolup durýar. Tebigy görnüşleriň ulanylmagy asuda gezelençler we işjeň dynç alyş üçin ýerleriň bolmagyna gönükdirilendir. Seýilgähiň girelgesiniň ýanynda onuň şekile geçirilen kartasy oturdylyp, onda ähli sallançaklaryň we dynç alyş zolaklarynyň ýerleşişi aňladyldy. Ýagny, hereket edilýän ugurlary bellemek bolýar. Seýilgählere mahsus bolşy ýaly bu ýerde söwda nokatlary göz öňünde tutuldy. Olarda doňdurma, içgiler, “şeker pagta” we beýlekileri satyn almak bolýar.

Toplumyň merkezinden geçýän esasy ýol bilen ýöräniňde onuň iki tarapynda ýerleşdirilen sallançaklary, telärleri we eýwanlary görmek bolýar. “Dinozawrlar dünýäsi” seýilgähiň düýbünden täze keşbi bolup, olar taryhdan öňki zemzenleri jemleýär. Seýilgähiň durky täzelenende onuň baý taryhyna örän aýawly çemeleşildi, ösüp oturan agaçlara degilmedi. Seýilgähiň daşky keşbi tanalmaz derejede özgerip, işjeň dynç almagyň mümkin bolan ähli görnüşleri bilen üsti ýetirildi.

Mysal üçin, awtodromdaky ulaglary usullyk bilen dolandyryp, şadyýan ýaryşlary we çaknyşyklary guramak bolýar. Ýiti täsirleri söýýän ýaşlary adatdan daşary duýgulary döredýän sallançaklar özüne çekse gerek. Ýetginjekler we ýaşlar üçin “älem” güýmenjeleri niýetlenendir. Mysal üçin, “Erkin düşmegiň diňi” seýilgäh desgalarynyň iň beýgi bolup durýar. “Kebelek” we “Galaktika” hiňňildikleri başyňy aýlaýan täsirleri döredip, geljekki astronawtlaryň synaglary üçin desga meňzeýär.

Toplumyň bir bölegi başdan geçirmeler filmleriniň äheňleri boýunça meýdançalar bilen enjamlaşdyryldy. Ýüpli merdiwanlar boýunça maçtalara çykyp hem-de asma geçelgelerde ýörejek bolup özüňi gäminiň üstündäki deňizçiniň şägirdi hökmünde duýmak bolýar. Bu her bir oglanyň arzuwydyr! Bu ýerde gaýduwsyz gyzjagazlara hem duşmak bolýar, olaryň ene-atalary öz çagalarynyň sport çeýeligi we dogumlylygy hakynda oýlanyp biler.

Körpeler üçin bu ýerde dürli sallançaklar we hiňňildikler, wagonjyklary bolan otly, çagalaryň arkaýyn böküp, dyrmaşyp, umuman ýaýnamagy üçin şertler döredildi.

“Gaýyjak” sallançagy bu ýere gelýänler üçin has meşhurlaryň biridir.. Onuň töweregi hemişe şatlyk-şowhundan doly. Çagalar onuň üstünde dogumly bolmaga çalyşýarlar, uly adamlar bolsa öz gorkularyny basýarlar hem-de has täsirli sallançaklara münmäge taýýarlanýarlar.

Bu dynç alyş zolagynda şeýle hem kiçi daga, batutlara we “jampinglere” münmek bolýar, konkilerde aýlanmagy halaýanlar üçin bolsa uly bolmadyk ýörite meýdança guruldy. Seýilgähiň çäklerinde futbol meýdançasy we skeýtbordçylar üçin meýdança bar. Çagalar hut şu ýerde oýnamak we dynç almak bilen uly sport dünýäsine ilkinji ädimlerini ädýän ýaly bolup görünýär.

Seýilgähde baýramçylyk we medeni çärelerini, okuw çärelerini, bäsleşikleri, sport ýaryşlaryny we beýlekileri geçirmek üçin mümkinçilikler döredildi. Sport we oýun meýdançalaryň töwereginde “erkin tomaşaçylar zolagynyň” bolmagy oýunlara tomaşa edýänleriň köpçülikleýin çykyşlara we ýaryşlara çekilmek maksadyna laýyk gelýär. Baýramçylyk we dynç alyş günleri seýilgähe paýtagtymyzyň ýaşaýjylary has köp gelýärler.

Gowy duýgulara has köp eýe bolmak üçin “Älem” medeni dynç-alyş merkezine gitmek gerekdir, bu merkez aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň wagtyny peýdaly we gyzykly geçirýän ýeri bolup durýar. Merkeziň “Älem” diýen ady hem köp zatdan habar berýär. Onuň içinde gör näçe syrlar, matallar saklanýar.

Umumy beýikligi 95 metre deň bolan bu ägirt uly desga Aşgabadyň günorta böleginiň binagärlik gözelliginiň üstüni örän şowly ýetirip, onuň üstünde daşky aýlawynyň ölçegi 57 metre deň bolan syn ediş halkasy saklanýar. Häzirki wagtda ýapyk görnüşli bu iri syn ediş halkasy dünýäde bar bolan şunuň ýaly desgalaryň ulusy bolup, ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Mäkäm polatdan gurlan we milli göller bilen bezelen syn ediş halkasy türkmeniň nesilbaşysy Oguzhanyň sekizburç ýyldyzyny alamatlandyrýar.

Binanyň aşaky gatynda ýokary tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyrylan “Kosmos muzeýi” ýerleşýär. Ol galaktikamyzyň islendik künjegine “aralaşmaga” hem-de Älemiň syrlaryna ýakynlaşmaga mümkinçilik berýär. Muzeýiň ekspozisiýasynda kosmos gämisiniň taslamasy hem görkezilýär. Bu ýerde her bir isleg bildiren ýörite abzalyň kömegi bilen Gün ulgamyny ýakyndan öwrenip biler, planetalaryň we olaryň hemralarynyň hereketlerini, olarda bolup geçýän ýagdaýlary synlap biler, şeýle hem sensorly monitorlarda bularyň ählisi barada ýeterlik giňişleýin maglumatlar alyp biler. Bu ýere gelýän ýaşlar Älemiň giňişlikleri boýunça kosmos gämisinde hyýaly syýahatçylygy amala aşyryp biler, Aýyň we beýleki islendik planetanyň üstki ýüzünden “ýöräp geçip” biler. Gün ulgamynyň planetalarynyň we olaryň hemralarynyň häsiýetleri aýry monitorlarda beýan edilýär.

Mundan başga-da, merkezde XD-kino zalynyň ikisi bar. Olar hyýaly dünýä aralaşmagyň täsirleri bolan 3D kinoşüweleňi görnüşindedir.

“Älem” diňe bir güýmemän, eýsem, medeni aň-bilim we terbiýeçilik işlerini geçirýär. Ýanlarynda mekdep mugallymlary hem-de çagalar baglarynyň terbiýeçileri bolan çagalaryň uly toparlarynyň köplügi hem şunuň bilen düşündirilýär. Çagalary begendirmegi islemek bilen bir hatarda, bu dynç alyş merkezinde ulular hem boş wagtlaryny ýakymly we peýdaly geçirýär.

Gökderäniň tebigy dag eteklerinde ýerleşen Janly tebigatyň milli muzeýine baryp, gyzykly dynç alşy gurnamak mümkin. Bu iri ylmy, tebigaty goraýyş we düşünjäňi artdyryş merkez açyk asmanyň astyndaky täsin muzeýdir. Onda ähli köpdürlüligi bilen Ýer planetasynyň janly tebigatynyň dünýäsi aýdyň görkezilýär—munuň özi çagalary hem-de olaryň ene-atalaryny wagtlaryny şadyýan we peýdaly geçirmäge çagyrýan ýene-de bir ajaýyp künjekdir. Kim bilýär, haýwanat bagyna hut gyzykly syýahatdan soň, çagalara geljekde ekolog, biolog, zoolog, ihtiolog ýa-da, hatda mal lukmany, sirkçi, eldekileşdiriji ýaly hünäriň eýesi bolmaga itergi berer.

Janly tebigatyň gözelligini görmegi hem-de syrlaryna akyl ýetirmegi her kim çagalygyndan arzuw edýär. Haýwanlar bilen tanyşmak we olary görüp durmak adamy has-da ýagşylyklara atarýar, onuň içki dünýäsini baýlaşdyrýar. Mysal üçin, çaganyň öýdäki jandara gatnaşygyny synlap, onuň jogapkärçiliginiň, borçlarynyň derejesini, daşky gurşaw barada alada etmegi başarşyny kesgitlemek hem kyn däl. Jandarlara biparh garaýan çagalar ýok bolsa gerek. Geň bolsa-da, kämahallar ulularyň käbir haýwanlardan käwagt gorkýan, kiçi çagalaryň bolsa haýwanlar bilen görüşmeginden şatlyk duýgularyny başdan geçirýän ýagdaýlaryny synlamak bolýar. Diňe olaryň özüne düşnükli bolan haýwanlaryň parasatlylygy bolsa, haýwanlar bilen şadyýana oýnap, käwagtlar “çäkden geçip biljek” çagalara tarap ýowuz we hüjüm ediş häsiýetlerini ýüze çykarmaga mümkinçilik bermeýär. Düşündirip bolmajak zat, ýöne hakykat. Şunda ulularyň, olaryň ýakynlarynyň we dogan-garyndaşlarynyň wezipesi bu inçe arabaglanyşygy saklamakdan we berkitmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, çagalar üçin haýwanat bagyna gezelenç munuň özi hemişe hakyky baýramçylykdyr we ajaýyp dynç alyşdyr.

Bu haýwanat bagynyň toplumy süýdemdirijileriň, guşlaryň, süýrenijileriň, balyklaryň hem-de deňiz çuňluklarynyň beýleki jandarlarynyň örän köp sanlysy üçin mesgen tutan “öýleriniň” tebigy şertlere has ýakyn bolan ýerlerine öwrüldi. Mundan başga-da, bu ýerde ajaýyp dag howasy hem-de gaýtalanmajak tebigy ýerler bar.

Şäher görnüşindäki adaty haýwanat baglaryndan açyk asmanyň astyndaky muzeýiň tapawutly aýratynlygy Ýer ýüzüniň ähli künjeklerinden haýwanlaryň örän köp sanlysyny saklamagyň hem-de giňişleýin görkezmegiň mümkinçiliginiň bolmagynda jemlenýär.

Muzeý dört zolaga bölünendir: seýilgähiň gündogar böleginde Afrika sawannasy hem-de ýyrtyjylaryň mesgeni, onuň günbatar böleginde toýnaklylaryň ýerleri we guş bazary bar. Haýwanat bagynyň düzümini Gündogar Afrikanyň haýwanlary hem we elbetde, Türkmenistanyň täsin haýwanat dünýäsiniň mümkin bolan hemme görnüşleri bolan biziň ajaýyp tebigatymyzyň daglarynda, çöllerinde, suwlarynda we tokaýlarynda mesgen tutan hem-de milli goraghanalarymyzyň we zakazniklerimiziň gymmatly genefonduny düzýän janly-jandarlar emele getirýär. Şu ýerde hem Aşgabat seýilgähinde mesgen tutan jandarlaryň ählisi ýerleşdi. Olaryň hatarynda Ýer ýüzüniň dürli tebigy künjeklerinden bolan haýwanlar bar.

Beýik Ýüpek ýolunyň esasy jandarlary bolan çölüň ýowuzlyklaryna bäs gelip bilýän täsin haýwanlara, arwana düýelerine hem-de iki örküçli düýelere-baktrianlara bölünip berlen ýer hem örän gyzyklydyr. Bu ýerde ýawany haýwanlaryň ýerlerini synlamak bolýar. Olaryň hatarynda barslar, şirler, gaplaňlar, syrtlanlar, möjekler, gara gulaklar we beýlekiler bar. Guşlaryň köp sesli gowrundan hem-de durnalaryň we ördekleriň, guwlaryň, totyguşlaryň, gözelligine buýsanýan tawuslaryň we sülgünleriň ganatlarynyň sesinden bolsa kalbyňy düşündirip bolmajak duýgular gaplap alýar.

Afrikanyň yssy çöllerinde we sähralyklarynda mesgen tutujylar—bular dünýäde iň iri guşlar bolan düýeguşlar hem-de ot iýýän haýwanlar—gäwmişler, ak kerkler, bederler, žiraflar “Gökdere sawannasynda” özlerini has erkin duýýarlar.

Bu ýere gelýänleriň köpüsi toplumyň çäklerinden akyp geçýän derýajygy hem-de emeli şarlawugy tizden-tiz göresi gelýär. Olaryň öňünde owadan surata düşmek mümkin.

Haýwanat bagy toplumynyň esasy binasy “Haýwanat dünýäsi” muzeýiniň dört gatly binasydyr. Onuň ajaýyp enjamlaşdyrylan syn ediş meýdançasyndan Köpetdagyň ajaýyp görnüşleri açylýar.

Açyk asmanyň astyndaky muzeýiň uly çäkleri ýene-de örän köp gyzykly zatlary özünde gizleýär. Toplumyň ähli ýerlerini aýlanyp çykmak hem-de onda mesgen tutanlaryň, ýagny tymsakdan, ýylanlardan, galjaň maýmynjyklardan başlap, buýra şahly geçilerde, dag goçylarynda hem-de saryja tohumly goýunlarda tamamlap, ählisi bilen hökman tanyşmak üçin ähli günüň diýen ýaly gidýär. Şunuň ýaly gezelenjiň diňe bir güýmemän, eýsem, çagalar we ulular üçin peýdaly boljakdygyna hem hiç hili şübhe ýok.

Çagalar—biziň geljegimiz. Bu bolsa maşgalanyň hem, döwletiň hem jogapkärçiligini şertlendirýär. Türkmenistanyň bu ugurdaky syýasaty intellektual taýdan ösen, zehinli, giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesilleri kemala getirmek üçin has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli üns bermegi netijesinde ýaş raýatlar üçin doly bahaly okamak, sport bilen meşgullanmak bilen birlikde mynasyp dynç almak üçin hem hemme şertler döredildi. Adamlar, şol sanda ýaş nesiller baradaky alada, döwrebap düzümleri bolan oňaýly şäher gurşawynyň döredilmegi milli Liderimiziň durmuş syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Degişli makalalar

Prezidentimiz Karara gol çekdi.

syrach

Türkmen Samboçylary Minskdäki Ýaryşyň Birinji Gününde Ýedi Medal Gazandylar

Futbol Taryhynyñ Iñ Gowy Derwezebany Kim?