24.9 C
Aşkabat
16.06.2025
SPORT

“Balkan” AFK-nyň prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşyň finalynyň öňýanynda.

Türkmenistanyň çempiony “Balkanyň” gatnaşmagynda Malaýziýada Aziýa futbol konfederasiýasynyň (AFK) prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşyň dowam edýän jemleýji oýunlarynda şu gün duşuşyklaryň ikinji tapgyry geçirildi.

Şol oýunlaryň ilkinjisinde AFK-nyň prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşa sekiz gezek gatnaşan we bu ýaryşyň 2006-njy hem-de 2007-nji ýyllardaky iki gezek ýeňijisi Gyrgyzystanyň “Dordoi” komandasy oýnuň iň soňky minutlarynda “Al Quds Hilal” (Palestina) komandasyndan 2:3 hasabynda ýeňildi.

Oýun gününiň ikinji duşuşygy “Erchim” (Mongoliýa) we “Three Star” (Nepal) toparlarynyň arasynda 1:1 hasabynda tamamlandy.

Şeýlelikde, iň soňky tapgyryň öň ýanynda “Balkan” “A” toparynda “Erchim” we “Three Star” komandalaryndan 2 utuk artykmaçlyk bilen ynamly öňde barýar. Topardaky jemleýji duşuşygyny türkmen futbolçylary 27-nji sentýabrda “Erchim” komandasy bilen geçirer. Biziň watandaşlarymyzyň finala çykmagy üçin bu duşuşygyň deňme-deň tamamlanmagy hem ýeterlikdir.

Bu ýaryşyň beýleki bir finalçysy şol gün “B” toparynyň ýeňijileriniň–“Al Quds Hilal” (Palestina) we “KRL Football Club” (Pakistan) komandalarynyň duşuşygynda kesgitlener. 

Degişli makalalar

„Aşgabat 2017“; Yklymyň Sport Taryhynda Täze Sahypa

Birinji Ligaň Toparlary Üçünji Tapgyryň Duşuşyklaryny Geçirdiler

Kikboksing Boýunça Türkmen Türgenleri Rigada Halkara Ýaryşynda Üstünlikli Çykyş Etdiler

turkmenhabargullugy