19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Hazarda 60 Mln Tonna Nebit Gory Bolan Kän Açyldy

SOCAR we Norwegiýanyň Equinor kompaniýasy Hazar deňziniň azerbaýjan böleginde Bakudan 120 km gündogarda «Karabah» nebit käniniň açylandygyny tassyklady, diýip Trend SOCAR-a salgylanyp habar berýär.

Habar berlişi ýaly, Karabah käninde ilkinji barlag guýusynyň burawlanmagy 2019-njy ýylyň 23-nji dekabrynda başlandy. Ol «Dede Gorgud» ýüzýän buraw desgasy bilen 180 metr çuňlukda burawlandy. Käniň öndümli plastlary 3,4 km çuňlukda ýerleşýär. Deslapky hasaplamalara görä, kände ýüze çykarylan nebit we gaz möçberleri ony ykdysady taýdan netijeli işläp taýýarlamak üçin ýeterlikdir.

SOCAR-yň prezidenti Rownag Abdullaýewiň belleýşi ýaly, «Karabah» ýurduň garaşsyzlygy döwründe açylan ilkinji nebit känidir. «Käniň deslapky barlag geologiýa gorlary 60 mln tonnadan gowrak nebite barabardyr. Barlag guýusynyň çuňluga üstünlikli, howpsuz we öz wagtynda ýetirilmegi SOCAR bilen Equinor-yň bilelikdäki tagallalarynyň netijesidir. «Karabah» käniniň işlenip taýýarlanylmagy Azerbaýjanyň nebit girdejilerine düýpli goşant goşar».

1995-nji ýyldaky «Karabah gorlarynypaýlaşmak hakynda Ylalaşyga» laýyklykda Caspian International Petroleum Company (CIPCO) ýolbaşçylygyndaky konsorsium 3 sany gözleg guýusyny burawlady. Iki sany guýy düzümiň günorta-gündogar gatlaklarynda gaz bilen doldurylandygyny, bir guýy bolsa, düzümiň günbatar bölegindäki gatlagynyň nebit we gaz bilen doldurylandygyny tassyklady. Bu Ylalaşyk 1999-njy ýylda ykdysady taýdan netijesiz hökmünde ýatyryldy.

2018-nji ýylyň maýynda SOCAR Karabakh we Equinor Hazar deňziniň azerbaýjan bölegindäki «Karabah» nebit känini işläp taýýarlamak boýunça howplara hyzmat etmek hakynda Ylalaşyga gol çekdi. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýalar deň paýnamalara eýedir.

1994-nji ýyldan bäri SOCAR we Statoil (Equinor) birnäçe möhüm taslamalar, şol sanda Azeri-Çyrag-Güneşli (AÇG) nebit känlerini işläp taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk edýär.

Çeşme: oilgas.gov.tm

Degişli makalalar

Atamyrat – Ymamnazar Demir Ýoly Açylyş Dabarasy Fotogalereýa

turkmenhabargullugy

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Ilçihanasynyň Täze Binasyny Açdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Özbek Kärdeşi Bilen Duşuşyk Geçirdi

turkmenhabargullugy