23.9 C
Aşkabat
25.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Belarus Respublikasynda türkmen sirkiniň çykyşlary başlandy.

Belarusyň paýtagtynda Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň çykyşlary başlandy. Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri P.Baýramdurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky “Galkynyş” at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary Belarusyň döwlet sirkiniň sahnasynda dekabryň başyna çenli geçiriler.

Türkmen ýigitleriniň çykyşlarynyň maksatnamasynda çapyksuwarlaryň, türgenleriň gatnaşmagynda gyzykly çykyşlar bolup, olar belarus tomaşaçylaryna sirk sungatynyň hakyky täsinliklerini peşgeş ederler.

Bu Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň ilkinji daşary ýurt sapary bolup, türkmen artistleri Belarusyň tomaşaçylarynyň öňündäki ilkinji çykyşlaryna iki doganlyk halkyň uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy, ozaly bilen medeniýet ulgamynda has-da berkitmegiň ýolunda jogapkärli we möhüm ädim hökmünde garaýarlar.

Ýeri gelende aýtsak, türkmen sirkiniň artistleri eýýäm daşary ýurtly tomaşaçylaryň öňünde çykyş etmegiň baý tejribesini topladylar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň baharynda Ukraina bolan saparynyň çäklerinde bu ýurduň Milli sirkinde, Kiýew şäherinde Türkmenistanyň meşhur “Galkynyş” at üstündäki oýunlar toparynyň artistleriniň çykyşlary üstünlikli geçdi. Olar öz täsirli çykyşlarynda ukrainaly tomaşaçylara ahalteke bedewlerinde erjelligiň we ussatlygyň, güýç-gaýratyň täsinliklerini görkezdiler.

Şu gün bolsa Belarusda ýurdumyzyň sirk sungatynyň iň gowy däplerini dowam edýän “Galkynyş” toparyndan bolan çapyksuwarlara hemişe bolşy ýaly sirk sungatynyň muşdaklary şowhunly el çarpdylar. Olar türkmen artistleriniň öz zehinli ata-babalaryndan miras galan at üstündäki oýunlaryna tüýs ýürekden haýran galdylar.

Toparyň çapyksuwarlarynyň çykyşlary sirk şowhunynyň üstüne baýramçylyk şüweleňini goşup, olara özboluşly milli öwüşgini çaýdy. Öz gözelligi bilen haýran galdyrýan we diňe bir milli baýlyk däl-de, eýsem, umumadamzat mirasy bolup durýan biziň behişdi bedewlerimiz Belarusda sirk çykyşlarynyň bezegi bolup durýar, şol çykyşlar “Täsin atçylyk sirki” diýen at bilen geçirilýär. Beýleki sirk žanrlary bilen tanyşdyrýan türkmen artistleri hem ilkinji gezek daşary ýurtly tomaşaçylaryna öz ussatlyklary bilen tanyşdyrarlar. Türkmen tomaşaçylarynyň uly söýgüsine eýe bolan türgen zenanlar bu gezek Belarusyň tomaşaçylaryna bedeniň çeýeliginiň täsin mümkinçiliklerini görkezerler. Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde ussat akrobatlar ýaly sirk sungatynyň zehinleri çykyş ederler. Olaryň ýüpden towusmak ýaly ussatlarça kämilleşdiren çykyşlarynyň daşary ýurtly tomaşaçylary hem haýran galdyrjakdygy gürrüňsizdir.

Belarusda geçirilýän çykyşlara gatnaşyjylaryň aýtmagyna görä, olaryň çykyşlaryna hakyky taryhy wakanyň – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hiç kime duýdurmazdan Türkmenistanyň Döwlet sirkine baryp görmeginiň hem aýratyn itergi berjekdigi şübhesizdir. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy bilen milli sirk sungaty gaýtadan dikeldildi.

Onlarça ýyllardan soň Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň durky düýpli täzelendi. Bu şanly waka sirk sungatynyň häzirki zaman mekdebiniň kemala gelmeginde ilkinji ädim boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisleriniň birinde döwlet Baştutanymyzyň nobatdaky anyk tabşyryklary aýratyn ähmiýetli bolup durýar. Olar milli sirkimizi has-da ösdürmäge, şol sanda ony tehniki çylşyrymlylygyň iň ýokary derejesine gabat gelýän, çykyşlary we dabaralary geçirmäge mümkinçilik berýän häzirki zaman enjamlar bilen üpjün etmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, sirk artistleriniň döwlet derejesinde geçirilýän baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, milli Liderimiz onuň döredijilik toparyna ABŞ-nyň 50 müň dollaryny serpaý ýapdy. Artistler şa serpaýy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli sirk sungatymyzy ösdürmäge, onuň abraýyny diňe bir ýurdumyzyň muşdaklarynyň arasynda däl-de, eýsem, daşary döwletleriň tomaşaçylarynyň arasynda hem artdyrmaga berýän uly ünsi üçin alkyş sözlerini aýtdylar.

Belarusyň paýtagtynda sirk sungatynyň türkmen ussatlary tarapyndan dörediljek şowhunly baýramçylyk şu ýylyň 2-nji dekabryna çenli dowam eder.

Degişli makalalar

Ýurdumyzyň Baş arçasy yşyklaryny ýakdy.

syrach

Ornitologlaryň Gözegçiliglindäki Maýsa Atly Gara Depeli Tekejyllyk Türkmenistanda Düşläp Geçdi

Türkmengurluşyk – 2015 Atly Halkara Sergisi

syrach