22.3 C
Aşkabat
23.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Mejlisi 2017-nji Ýylyň Döwlet Býujetini Kabul Etdi

Türkmenistanyň Mejlisi 2017-nji Ýylyň Döwlet Býujetini Kabul Etdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky on ýedinji maslahaty geçdi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip düzülen birnäçe kanunlar hem-de kadalaşdyryjy-hukuk namalary kabul edildi.

Maslahata gatnaşmaga hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Maslahatyň başynda deputatlar «Türkmenistanyň Mejlisiniň aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça saýlanan deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasyna garadylar hem-de ony tassykladylar.

Soňra «Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hem-de «Türkmenistanyň 2015-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň sentýabr aýynda geçen Ýaşulular maslahatynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde göz öňünde tutuljak durmuş-ykdysady ösüşiň esasy ugurlary barada aýdyp, diwersifikasiýa ýoly bilen pudaklary güýçli depginde ösdürmegiň hasabyna ykdysady ösüşiň depginlerini durnukly ýokary derejede saklamaga iňňän üns bermegiň zerurdygyny belledi. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, iri halkara we sebit derejesinde örän wajyp maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagy göz öňünde tutýan ykdysadyýetiň toplumlaýyn ösüşi boýunça özgertmeleri dowam etdirilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Türkmenistanyň döwlet strategiýasynyň esasy ugry ilatyň abadan durmuşyny, raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 2017-nji ýylda hem edil öňki ýyllardaky ýaly, durmuş syýasatymyz halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna gönükdirilmelidir. Çünki, biz saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlarynyň we durmuş hyzmatlarynyň beýleki görnüşleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasynda adam mümkinçiliklerini ösdürmek üçin şertleri döretmegi maksat edinýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Döwlet Baştutanymyz aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň we talyp haklarynyň ýokarlandyrylmagy boýunça çäreleriň geçirilmegi netijesinde ilatyň durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegini geljegiň möhüm wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlemek bilen, bu işleriň durnukly makroykdysady ösüş hem-de adamlaryň abadan durmuşy üçin ygtybarly binýadyň döredilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet býujetinde zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmak, zähmet bazaryndaky meseleleri çözmek, raýatlaryň zähmete bolan konstitusion hukuklaryny durmuşa geçirmek üçin şertleriň döredilmegine möhüm ähmiýet bermek zerurdyr diýip, milli Liderimiz Ýaşulular maslahatynyň ýokarda agzalan mejlisinde nygtady. Durmuş-ykdysady özgertmeler ykdysadyýetiň çalt depginler bilen ösdürilmegini üpjün etmelidir, şeýle hem işjeň maýa goýum syýasatynyň geçirilmegine, eýeçiligiň dürli görnüşindäki, iň täze enjamlar bilen üpjün edilen hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply harytlary öndürýän häzirkizaman kärhanalaryň döredilmegine, göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine gönükdirilmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň bu maslahatynda çykyş edenler 2017-nji ýyl üçin ýudumyzyň Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamakda ugur alnan esasy ýörelgeler we çemeleşmeler barada aýdyp, onuň geljek ýyl üçin göz öňünde tutulýan girdeji bölegini emele getirmegiň aýratynlyklaryna, ykdysady, medeni we durmuş taýdan ösüşiň görkezijilerine ünsi çekdiler. Bellenilişi ýaly, bu maliýe-hukuk resminamasyny taýýarlamakda ähli pudaklar boýunça düýpli seljeriş işleri geçirildi, döwlet Baştutanymyzyň aýdan bellikleri we anyk görkezmeleri hasaba alyndy.

Öňki ýyllardaky ýaly, 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujeti ilkinji nobatda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüş depginlerini dowam etdirmek, iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak, täzeçil tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny ähli ulgamlara ornaşdyrmak, döwlet çykdajylarynyň ýokary netijeliligini üpjün etmek, umumylykda alnanda, türkmenistanlylaryň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak maksatlaryna gönükdirilendir.

Umuman, Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 103 571,6 million manatdan, çykdajy bölegi bolsa 104 871,6 million manatdan ybaratdyr. Döwlet býujetiniň girdej bölegi esasan, nebit, himiýa, elektrik energiýasy, gurluşyk we beýlekiler ýaly önümçilik ulgamynyň wajyp pudaklarynyň hasabyna emele getiriler. Şeýle hem obasenagat toplumy, ulag hem-de aragatnaşyk ulgamy, dokma we azyk senagatlary mundan beýläk hem güýçli ösüşe eýe bolar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary boýunça ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň göwrümli döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmak, şol sanda sebitleri toplumlaýyn senagatlaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan we eksport önümleriniň möçberini artdyrmak, ykdysadyýetiň hususy bölegini pugtalandyrmak bularyň hemmesi birlikde býujetiň girdeji böleginiň yzygiderli ösüşini üpjün eder.

Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajysynyň ep-esli bölegi durmuş ulgamyna, şol sanda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport hem-de döwlet durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş jaý, jemagat hojalygy ulgamlaryny maliýeleşdirmäge gönükdirilýär. Bu bolsa esasy maliýe resminamasynyň adatdakylar ýaly, ýaşaýyş durmuş maksatlaryna hem-de döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ilatyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyny üpjün etmäge gönükdirilendigini aýdyň görkezýär.

Milli taslamalary we maksatnamalary, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny abadanlaşdyrmak boýunça, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda şäher gurluşyk maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, medeni-durmuş maksatly wajyp binalaryň gurluşygy, senagat we ulag aragatnaşyk infrastrukturasy üçin uly maýa goýumlary göz öňünde tutulýar.

«Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Şeýle hem deputatlar «Türkmenistanyň 2015-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyny kabul etmek üçin biragyzdan ses berdiler.

Soňra «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy Mejlisiň garamagyna hödürlendi. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda öňe süren başlangyçlaryndan ugur alyp taýýarlanan bu kanun taslamasynyň ähmiýeti barada aýdyp, türkmenistanlylaryň bähbitlerini goraýan demokratik özgertmeleri amala aşyrmagyň, hukuklaryny we raýat erkinligini üpjün etmegiň häzirki döwürde Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtadylar. Birleşen Milletler Guramasynyň wajyp kowensiýalaryny, şol sanda adam hukuklary barada konwensiýasyny tassyklamak bilen ýurdumyz bu resminamalaryň düzgünlerini amala aşyrmak üçin möhüm çäreleri durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygyň hem-de hukuk tejribesiniň halkara ynsanperwer kadalaryna utgaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Bu Kanun adalatçynyň hukuklaryny, borçlaryny, işiniň esasy ugurlaryny we kepilliklerini, wekilçiligini kesgitleýär. Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil bolan adalatçy wezipesi, adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň döwlet tarapyndan goragynyň kepilliklerini, häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we olaryň wezipeli adamlary tarapyndan şol kepillikleriň berjaý edilmegini hem-de hormat goýulmagyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda döredilýär.

Deputatlar «Psihiatrik kömek bermek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny ara alyp maslahatlaşmak bilen, onuň psihiatrik kömek berlen mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklaryň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeginiň hukuk we guramaçylyk esaslarynyň kämilleşdirilmegine hem-de onuň raýatlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilendigini bellediler.

Deputatlar «Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garamaga geçip, 2016-njy ýylyň ýurdumyzda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilendigini aýratyn nygtadylar. Bellenilişi ýaly, umumadamzat ruhy baýlyklaryna uly goşant goşan türkmen halkynyň medeni mirasy örän baýdyr hem-de köpdürlüdir. Ol halk döredijiliginiň sözleýiş, saz, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň ajaýyp eserlerini, asyrlaryň jümmüşinden geçip, biziň günlerimizde aýawly saklanylýan özboluşly milli däp-dessurlarymyzy öz içine alýar .

Halyçylyk, çeper keşdeler we zergärçilik sungaty türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden möhüm ähmiýetli çeper gymmatlyklarynyň aýdyň nyşanydyr.

Häzirki döwürde özboluşly halk döredijiligi, ýurdumyzyň medeniýetiniň tutuş “altyn gaznasy” milli sungatymyza aýratyn gadyr goýýan we ony wagyz edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns-aladasy bilen gurşalandyr. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň baý ruhy we maddy medeniýetine milli Liderimiz köpsanly edebi eserleri bagyşlady.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze mazmun bilen üsti ýetirilýän köpöwüşginli milli dessurlarymyz, çeper halk döredijiliginiň aýdyň sahypalary ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän Medeniýet hepdeliklerinde we beýleki giň möçberli çärelerde öz beýanyny tapýar. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda gurnalan aýdym-saz festiwallary, milli küştdepdi tansy hem-de gazallary festiwaly, halk döredijiligi wagyz edýän bagşylaryň däp bolan bäsleşikleri, türkmen keçeleriniň we halkymyzyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergileri hem-de beýleki medeni çäreler milli medeniýetiň saklanmagyna we giňden wagyz edilmegine gönükdirilýär.

Deputatlar bu ugurda alnyp barylýan işleriň wajypdygy barada aýdyp, Türkmenistanyň halk çeper döredijiliginiň täzeden dikeldilmeginiň, saklanmagynyň, ösdürilmeginiň we oňa berilýän goldawyň ykdysady hem-de guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän täze Kanunyň ähmiýetini nygtadylar.

“Azyk howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Bellenilişi ýaly, bu kanunçylyk taslamasy Türkmenistanyň azyk howpsuzlygy ugrundaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Ol döwletiň ykdysady howpsuzlygynyň möhüm bölegi bolup durýar, raýatlaryň sagdyn we doly derejeli iýmitlenmegine bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmeginiň hukuk esaslaryny tassyklaýar.

Bu resminama ýurdumyzda azyk garaşsyzlygyny üpjün etmek, möhüm iýmit önümleriniň hem-de iýmit serişdeleriniň zerur bolan önümçilik derejesini, işjeň we sagdyn durmuş üçin zerur bolan mukdarda tutuş ilat üçin azygyň durmuş we ykdysady elýeterliliginiň döwlet kepilliklerini ýola goýmak bilen baglanyşykly giň meseleler toplumyny öz içine alýar. Ol azyk boýunça dürli ýagdaýlaryň öňüniň alynmagyna, ilat üçin netijeli iýmitlenmegiň kadalaryna laýyk gelýän iýmit serişdeleriniň kanagatlandyrylmagyna gönükdirilen ykdysady, guramaçylyk-hukuk we beýleki çäreleriň işlenip taýýarlanylmagyny hem-de durmuşa geçirilmegini nazarlaýar.

Dürli oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän möçberini ýokarlandyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň we halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň oba hojalygynyň hemmetaraplaýyn özgerdilmegine, pudagyň ägirt uly mümkinçilikleriniň doly derejede durmuşa geçirilmegine gönükdirilen syýasat netijesinde bu ulgamda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Türkmenistanyň Müňýyllygyň ösüş maksadynyň möhüm bölegi bolan azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde ýeten derejesi üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň 2015-nji ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda kesgitlenen ýörite sylagyna mynasyp bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň gallaçylary her ýylda dänäniň bol hasylyny ýygnaýarlar we diňe bir içerki bazary üpjün etmek, Watanymyzyň azyk garaşsyzlygyny ýola goýmak bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň azyklyk bugdaý ýaly möhüm önümi eksport edýän ýurt hökmündäki derejesini pugtalandyrýarlar. Däneçilik bilen bir hatarda, obasenagat toplumyny köpugurly esasda ösdürmek maksady bilen gök we maldarçylyk önümleriniň möçberi artdyrylýar.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasyny”, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligi, eksport harytlarynyň möçberlerini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde täze, häzirkizaman talaplaryna laýyk gelýän un üweýän, maldarçylyk toplumlarynyň, ýyladyşhanalaryň, çörek-bulka, et we süýt önümleriniň, ösümlik ýagynyň, peýnirleriň, şöhlatlaryň dürli görnüşleriniň önümçiligi boýunça toplumlaryň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär. Obasenagat toplumynda we azyk senagatynda ykdysadyýetiň sazlaşykly ösýän hususy pudagy öz ornuny barha pugtalandyrýar.

Mejlisiň tassyklamagyna hödürlenen resminamalaryň hatarynda “Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň taslamasy bar. Çykyşlarda dünýäniň dürli döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we işjeň halkara hyzmatdaşlyk esaslaryna daýanýan daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň işiniň hukuk esaslaryny, hukuklaryny hem-de borçlaryny, ony wezipä bellemegiň, wezipeden boşatmagyň we yzyna çagyrmagyň tertibini kesgitleýän bu Kanunyň örän uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi.

Şeýle hem deputatlar “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine goşmaça we üýtgetme girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetme girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Jenaýat—ýerine ýetiriş kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Diplomatik gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna seretdiler.

Mejlisiň jemleri boýunça deputatlar täze kanunçylyk taslamalaryny goldadylar we biragyzdan kabul etdiler. Bellenilişi ýaly, bu möhüm hukuk resminamalary Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda okgunly öňe barýan ýurdumyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş-ykdysady ösüşiniň we demokratik özgertmeleriniň ýoly bilen ynamly gadam urmagyna ýardam berer.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi.

syrach

Maýyplaryň arasynda Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi