17.9 C
Aşkabat
27.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanda Şwesiýanyň ilçisi işe başlady.

Berdimuhamedowyň tabşyrygy goýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Şwesiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Oke Petersondan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň başlygy türkmen döwletiniň Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistan bilen Şwesiýanyň arasyndaky dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda üstünlikler arzuw etdi.

Ilçi hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz gezeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Şwesiýanyň Patyşasy Karl Gustafyň iň oňat arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň sebitde durnuklylygy pugtalandyrmaga we dünýäniň ähli ýurtlary bilen oňyn gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýän daşary syýasat ugruna ýokary baha bermek bilen, Şwesiýanyň hökümetiniň türkmen döwleti bilen oňyn we uzakmöhletli gatnaşyklaryň giňeldilmegi we pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýändigini belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda diplomat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän içeri we daşary syýasatyň esasy ugurlary, şeýle hem häzirki wagtda ýurtda amala aşyrylýan iri möçberli durmuş-ykdysady taslamalar we maksatnamalar bilen tanyşdyryldy. Ilçä şeýle hem milli parlamentiň düzümi we kanun çykaryjylyk işi barada habar berildi. Ýewropa Bileleşiginiň we BMG-niň düzümleriniň çäklerinde iki ýurduň netijeli özara gatnaşyklary bellenip geçildi.

Söwda-ykdysady ulgamda, ylymda we ýokary tehnologiýalarda, bilimde we medeniýetde, ekologiýada we syýahatçylykda özara hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi. Iki ýurduň dürli ugurlarda özara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini nygtap, jenap Oke Peterson “Öz ýurduňyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili hökmünde döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigini, hökümet we parlament derejesindäki özara saparlaryň gürrüňsiz uly ähmiýetiniň boljakdygyny” beýan etdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda diplomat iki ýurduň arasynda emele gelen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýakyn geljekde häzirki döwrüň hem-de iki tarapyň bähbitlerine laýyk gelýän doly möçberli gatnaşyklara öwrülmegi üçin ähli mümkiçnilikleriň we şertleriň bardygyny nygtady.

* * *



Şu gün Şwesiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Oke Peterson ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek gyzyklanma bildirilip geçirilen pikir alyşmalaryň esasy meselesi boldy.

Degişli makalalar

Er-Riýadda Ýokary Derejede Ikitaraplaýyn Gepleşikler Geçirildi

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Özbek Kärdeşi Bilen Duşuşyk Geçirdi

turkmenhabargullugy

Prezidentimiz Yslam Karimowyň Aradan Çykmagy Zerarly Matam Çärelerine Gatnaşdy

syrach