17.9 C
Aşkabat
05.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Resmi Sapar Bilen Aşgabada Geldi

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Resmi Sapar Bilen Aşgabada Geldi

Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-belarus gepleşikleri geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar paýtagtymyza geldi.

Iki döwletiň Prezidentleriniň saparyň barşynda Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň binasynyň, şeýle hem Lebap welaýatynda kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň açylyş dabaralaryna gatnaşmagyna garaşylýar. Türkmen tarapynyň Aziýada iri kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň taslamasynyň gurluşygyny bäsleşigiň netijesi boýunça “Belgorhimprom” açyk paýdarlar jemgyýetine ynanmagy uzakmöhletleýin gatnaşyklaryň aýratyn ynanyşmak häsiýetine eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda 1993-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursatyndan bäri döwletara, hökümetara we pudagara resminamalarynyň 119-syna gol çekildi, olar häzirki wagtda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar.

Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy oňyn häsiýete eýedir. Türkmenistan tarapyndan Belarusda öndürilen oba hojalyk tehnikalaryny satyn almagyň köpýyllyk iş tejribesi, Aşgabatda we Minskidpe iki ýurduň Söwda öýleriniň netijeli işelmegi, Söwda-senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Işewürlik geňeşiniň işi hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň özara bähbide eýe bolýandygynyň subutnamasydyr.

Degişli makalalar

“BMG-Zenanlar” Düzüminiň Merkezi Aziýa Üçin Köpýurtlaýyn Edarasynyň Direktory Bilen Duşuşyk

Ýaşlar Birinjiliginde 13-nji Tapgyra Badalga Berildi

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Amyderýanyň Üstünden Gurlan Täze Demir Ýol Köprüsinden Geçdiler

turkmenhabargullugy