29.3 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Ajaýyp Ilkinji Ýyldyzlar, Döwlet Bilen Tanyş Boluň!

Ajaýyp Ilkinji Ýyldyzlar, Döwlet Bilen Tanyş Boluň!

Döwlet Begnazarow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda ýolbaşçylyk edýän meýletinçilik toparyny işleri höwesli ýerine ýetirmäge ruhlandyrmak isleýär.

S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň ykdysadyýet hünäriniň III ýyl talyby Döwlet Ilkinji ýyldyz hökmünde öz meýletinçilik wezipesine girişmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýar.

“Men ýokary okuw mekdebine talyp bolan döwrüm “Aşgabat 2017” oýunlaryny geçirmek boýunça meýletinçilige ýazyldym. Bu meniň üçin ilkinji tejribe. Meýletinçilik dostlarymyzy köpeltmäge, ata Watanymyzda geçirilýän uly dabaranyň bir bölegi bolmaga berlen ajaýyp mümkinçilikdir” diýip, taekwondo we tans sporty boýunça meýletinçi toparynyň ýolbaşçysy boljak Döwlet gürrüň berýär.

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynda doglan ýigit “Inspiring Ashgabat” synag ýaryşlarynyň dowamynda özüniň alyp baran işine oňat baha berlendigini buýsanç bilen ýatlaýar: “Iş wagtymda meniň gülerýüzlüligim, myhmansöýerligim hakyndaky teswir bellikler gutusyna goýlupdyr, bu baha mynasyp bolanym üçin maňa minnetdarlyk bildirdiler. Synag ýaryşlaryň dowamynda men öz häsiýetlerim bilen topar agzalaryny ruhlandyrdym diýip pikir edýän”.

Döwlet üçin gowy ýolbaşçy bolmagyň aýratynlyklary nähili bolmaly?

Onuň pikiriçe, gowy ýolbaşçy adamlar bilen mähirli gatnaşykda bolmaly. “Men alçak bolanlygym üçin, maňa dost tapmak aňsat. Iş wagty men elmydama ýylgyrmak bilen myhmansöýerligimi görkezýärin. Topar agzalary wezipe borçlaryny ýerine ýetireninden soň “Berekella! Siz özüňizi gowy görkezdiňiz” diýip, olaryň göwnüni göterýärin. Şeýlelikde, olar hem tabşyryklary höwes bilen ýerine ýetirýärler” diýip jogap berdi.

Aşgabat 2017-de Ilkinji ýyldyzlaryň baş maksady birinjiden, Türkmenistan ýurduna oýunlary ýokary derejede geçirmek üçin ýardam bermek; ikinjiden, toparyndaky agzalara kömek etmek hem-de täze dost tapynmak.

“Men daşary ýurtda bolup görmedim. Meniň başga ýurtlary göresim gelýär” – diýip, syýahat etmek isleýän Döwlet öz arzuwlary barada gürrüň berdi.

Ilkinji ýyldyz bolany bäri Döwlet dünýä ýurtlaryny görmek isleýär, ýone sentýabrda geçjek 12 günlük oýunlar mynasybetli dünýä ýurtlary onuň dogduk mekanynda jemlener.

Degişli makalalar

Behişdi Bedewler Uzak Aralyga Bäsleşýärler

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

Oba Maksatnamanyň Çäklerinde Ýanwar-Mart Aýlarynda Ýarym Milliard Manada Golaý Maýa Goýumlary Özleşdirildi