14.9 C
Aşkabat
18.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Berdimuhamedow bilen Abdulla Gül işewürler maslahatyna gatnaşdy.

Türkmenistanyñ Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ankarada geçiren duşuşyklaryndan soñ Stambula bardy

Fatih uniwersiteti tarapyndan doktorlyk derejesi berlen Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Abdulla Gül işewür adamlary bilen duşuşdy.

Daşary ykdysady gatnaşyklar geñeşiniñ ýer eýeçiliginde geçirlen işewürler maslahatyna 600 telekeçi gatnaşdy.

İşewürler maslahatynda hyzmatdaşlygyñ ýokarlandyrylmagy barada möhüm ýüzlenmeler berildi.

Prezident Abdulla Gül “Türk türkmen birdir, bir diýmekdir. Gynanjymyz-begenjimiz birdir. Aramyzda hiç hili aratapawut ýokdyr”diýdi.

Prezident Abdulla Gül çykyşynda Prezident Berdimuhamedowa“Gadyrly doganym” diýip ýüzlendi.

Türkmenistanyñ Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýyla görä iki ýurduñ arasyndaky söwda mukdarynyñ 3 esse ýokarlandygyny nygtady we türk işewür adamlaryny Türkmenistana maýa goýmaga çagyrdy.

Berdimuhamedow “Biz türk işewür adamlary we firmalary bilen iki taraply bähbitlilik gatnaşyklaryna laýyklykda hyzmatdaşlyk etmäge hemişe taýardyrys. Şol ugurda kabul edilen kanunlar hem ýurdumyzdaky daşary ýurtly maýadarlaryñ höweslendirilmegi üçin uly mümkinçilik döredýär” diýip belledi.

Türkmen lideri Berdimuhamedow Türkmenistanda iş alyp barýan türk işewür adamlarynyñ adyny ýeke-ýekeden agzap minnetdarlygyny bildirdi.

Prezident Abdulla Gül türkmen kärdeşi Berdimuhamedow bilen bogaz gezelenjine çykdy.

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Bildiriş (Türkmenistan İstanbul Başkonsolosluğu Hakynda)

TFF-niň Eminleriniň Gatnaşmagyndaky Okuw Ýygnanyşygy Dowam Edýär

turkmenhabargullugy

“Altyn Asyr” Ikinji Orun Bilen Aratapawudy Baş Utuga Çenli Artdyrdy