18.9 C
Aşkabat
25.04.2024
DÜNÝÄ

BMG: adamzadyň ösüşiniň hatyrasyna hyzmatdaşlygy giňeldip.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde guralan “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyk biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň öňde duran 66-njy mejlisine hödürlejek täze başlangyçlaryna we tekliplerine bagyşlandy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 29-njy iýulda geçirilen mejlisinde Milletler Bileleşiginiň çäklerinde özara hyzmatdaşlygyň geljegini göz öňüne getirmegiň iňňän möhüm ugurlaryna, tutuş adamzady tolgundyrýan derwaýys meseleleriň özara kabul ederlikli çözgütlerini işläp düzmekde oňyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge dahylly Türkmenistanyň eýerýän ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny düşündirmek we dünýä jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetirmek boýunça işleri guramagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda bu duşuşyga Türkmenistanyň strategiki meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet we hukuk institutynyň wekilleri, syýasaty öwrenijiler, alymlar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň belent münberinden wajyp halkara başlangyçlary bilen yzygiderli çykyşlary global parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek işine biziň ýurdumyzyň netijeli gatnaşýandygynyň , umumy bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň, sebitde we bütin dünýäde durnukly ösüş üçin amatly şertleriň döredilmegine goşýan goşandynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar diýip nygtadylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde syýasy, ykdysady, energetika, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, medeni-gumanitar ýaly ugurlarda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek şu günki “tegelek stoluň” başyndaky duşuşygyň esasy meselesi boldy, şol wajyp meseleler biziň ýurdumyzyň täze başlangyçlarynda we ileri tutulýan ýörelgelerinde özüniň dowamyny tapdy, olar biziň ýurdumyz tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisine hödürlener. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Hazar duşuşygynyň üstünligine goşan goşandy dünýä metbugatynyň sahypalarynda.

syrach

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Bilermenleri Bilen Wideo-Maslahat

Täze Chrome Browser Goşundysy: Makul Sözlük