26.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, bazar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, syýahatçylyk ulgamyny kämilleşdirmek, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän myhmanhanalar ulgamyny netijeli dolandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň «Hazyna» myhmanhanasy döwlet kärhanasynyň guramaçylyk – hukuk görnüşini üýtgetmek baradaky teklip taýýarlanyldy. Hususan-da, bu kärhanany hojalyk jemgyýetine öwürmek teklip edilýär. Şunda ýurdumyzyň degişli banklarynyň esaslandyryjylar hökmünde çykyş etmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem hojalyk jemgyýetiniň esaslyk maýasyna bank edaralarynyň meýilleşdirilýän paýly gatnaşyklary barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysady ösüşiň täze nusgalarynyň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýan umumydöwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz bu ugurda geçirilýän işleriň ähli ugurlary boýunça düzümleýin özgertmeleriň esasyny düzýändigini aýdyp, halk hojalyk toplumynyň döwlet ulgamynda durmuşa geçirilýän syýasatyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hem-de ykdysadyýetde döwletiň paýyny azaltmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz bazar gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň biziň strategiýamyzyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny aýtdy. Milli Liderimiz döwlet kärhanalarynyň birnäçesiniň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip gurmagyň möhümdigini nygtap, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” amala aşyrmagyň barşy hem-de ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň işini kämilleşdirmek we netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen onuň düzümini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nebitgaz desgalarynyň gurluşygyny amala aşyrmak konserniň esasy ugry bolar. Raýat maksatly desgalar barada aýdylanda bolsa, olar degişli şertnama baglaşylanda potratçy edaralar bilen bina edilmelidir. Mundan başga-da, “Türkmenturba” zawodyny açyk paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň maksatnamalaryny yzygiderli amala aşyrmagyň möhümdigini belledi. Olar toplumyň senagat we eksport kuwwatyny berkitmäge, innowasion tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy işläp düzmeleri ornaşdyrmagyň, işjeň maýa goýum syýasatynyň esasynda pudaklaýyn düzümi döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir.

Wise-premýere dünýä tejribesinde kabul edilen kadalary, halkara ölçeglerini ornaşdyrmagyň esasynda nebitgaz pudagynyň dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek babatda anyk görkezmeler berildi. Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynyň düzümine girýän edara-kärhanalarda, şol sanda nebitgaz gurluşygy babatda ýöriteleşdirilen kärhanalarda işleriň ýagdaýyny düýpli seljermek hem-de önümçilik-ykdysady görkezijileri durnukly artdyrmak üçin bar bolan ätiýaçlyklary ýüze çykarmak barada tabşyryk berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň ýanwarynda Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda Mary döwlet elektrik stansiýasynda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Energetika ministrligi tarapyndan ýurdumyzda we daşary döwletlerde hünärmenleri okatmak boýunça meýilnama işlenilip düzüldi. Şol hünärmenler Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde gurulýan, utgaşykly dolanyşykda işlejek, kuwwatlylygy 1574 megawat bolan täze elektrik stansiýasynda işlärler. Şeýle hem şol hünärmenler bu ugurda öňdebaryjy tejribe we gazanylanlar bilen tanyşmak maksadynda Ýewropanyň ösen ýurtlaryna iberiler.

Şu ýylyň fewralynda Mary döwlet elektrik stansiýasynyň wekiliýeti Fransiýada, Şweýsariýada we Italiýada iş saparynda boldular.

Topar agzalary gaz turbinalaryny öndürýän zawodyna we okuw merkezine baryp, “Mary-3” taslamasynda oturdylan turbinalaryň öndüriliş tehnologiýasy, işleýiş aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Şeýle hem gaz turbinalarynyň pilçelerini, gaz turbinalaryny we generatorlaryň rotorlaryny öndürýän we abatlaýan zawodlara, utgaşykly dolanyşykda işleýän-Türkmenistanda ilkinji gezek gurulýan “Mary-3” elektrik stansiýasyna meňzeş elektrik stansiýasyna baryp gördüler.

Talyplary we hünärmenleri täze gurulýan stansiýada işlemäge taýýarlamak üçin düzülen okuw meýilnamasyny tapgyrlaýyn amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geljekde işgärleri okatmak we taýýarlamak meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Olaryň ýokary hünär derejesi köp babatda ýurdumyzyň hereket edýän energetika ulgamynyň düzümini giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işleriň üstünlikli bolmagyny hem-de bu ugurda eksport kuwwatyny artdyrmagy üpjün edýär.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherini hemmetaraplaýyn ösdürmäge berilýän ünsüň ähmiýetini belläp, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga büremek, şäheriň ähli etraplarynda dürli maksatly desgalary, şol sanda ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki durmuş maksatly desgalary gurmak we olaryň durkuny täzelemek bilen bagly bolan ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow “Türkmenistan” awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, “Türkmenistan” howa ulaglary kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk düzümini kämilleşdirmek hem-de onuň binýadynda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň, Aşgabadyň Halkara howa menziliniň we Howa gatnawlarynyň baş gullugynyň paýly gatnaşmagynda “Türkmenistan” awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek boýunça degişli işler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, awiaulgamynyň dolandyrylyşyna häzirki zaman usullaryny giňden ornaşdyrmak meselelerine ünsi çekdi. Munuň özi täze döwrüň ýagdaýlary bilen şertlenendir hem-de döwlet düzümleriniň işlerini, olaryň öňlerinde goýlan wezipeleri nazara alyp, has-da kämilleşdirmegiň möhüm bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Türkmenistan” awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakynda” Karara gol çekdi hem-de wise-premýere bu pudagyň kärhanalarynyň işini ýokary derejede üpjün etmek we hereket etmegiň anyk meýilnamalaryny berjaý etmek boýunça gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanda öndürilýän harytlaryň eksportynyň möçberini artdyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini çözmek maksady bilen alnyp barylýan guramaçylyk işleri barada hasabat berdi.

Döwletimiziň telekeçiligi ösdürmäge döredýän has oňaýly şertleri türkmen işewürleriniň daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen gatnaşyklarynyň işjeňleşmegine ýardam edýändigi bellenildi. Hususy kärhanalaryň harytlary eksport etmäge şertnamalaryny resmileşdirmegiň amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi söwda hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňeldilmegine, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl ulgamynda öndürilýän önümleri täze bazarlarda ýerlemäge çykarmaga ýardam eder.

Soňra wise-premýer mart aýynyň ortalarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisiniň hem-de maslahatynyň geçirilmegine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Gözden geçiriliş içerki bazaryň täze ugurlaryny üstünlikli özleşdirýän hem-de halkara derejesine çykýan ýurdumyzyň kiçi we orta işewürliginiň tejribesini, gazananlaryny hem-de artýan kuwwatyny görkezer.

Sergä milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda–oba hojalygynda, gaýtadan işleýän senagatda, gurluşykda we gurluşyk serişdelerini öndürmekde, söwdada hem-de hyzmatlar ulgamynda we beýlekilerde ýöriteleşýän ýurdumyzyň hususy kärhanalary gatnaşar.

Häzir önümçilik serişdelerini artdyrmagyň, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna türkmen işewürliginiň ykdysady kuwwaty ýokarlanýar. Döwlete degişli däl ulgam milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda hem-de diwersifikasiýalaşdyrmakda, önümçiligiň möçberlerini artdyrmakda we ýokary hilli bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini giňeltmekde, Türkmenistanda azyk bolçulygyny üpjün etmekde hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda ähmiýetli orun tutýar.

TSTB-niň agzalarynyň maslahatynyň gün tertibine hususy ulgamy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlarynyň, esasy döwlet maksatnamalary babatda ýurdumyzyň telekeçileriniň öňünde durýan wezipeleri çözmek boýunça çäreleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, telekeçilige milli ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçilmeginde möhüm ornuň berilýändigini aýtdy. Milli Liderimiz täze mümkinçilikleri öwrenmegiň hem-de halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň wajypdygyny nygtap, türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilýän hem-de daşary ýurtlara ugradylýan harytlary resmileşdirmegiň amallaryny ýönekeýleşdirmegiň gurallarynyň we düzgüniniň has-da kämilleşdirilmegi babatda tabşyryklary berdi.

Tejribäniň görkezişi ýaly, telekeçileriň öz işlerini giňeltmegi üçin mümkinçilikleri köp boldugyça, ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň depginleri hem şonça ýokary bolýar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şoňa görä-de, döwletimiz hususy öndürijileri Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň möhüm wezipelerini çözmäge gönükdirip, işewürlik ulgamyny gowulandyrmak, işewür işjeňliginiň, başlangyçlaryň artmagy, hojalygy täzeçil dolandyrmak üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen hemme zerur çäreleri görýär we mundan beýläk-de görer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň öňde boljak sergisini hem-de maslahatyny ýokary derejede guramak boýunça tabşyryklary berip, bu çäreleriň diňe bir üstünlikleriň beýany bolman, eýsem, hususy kärhanalaryň önümleriniň we hyzmatlarynyň içerki hem-de daşarky bazarlarda öňe ilerlemegine, ýurdumyzyň işewürliginde maýa goýum we innowasion işlerini artdyrmagyň has möhüm ugurlarynyň kesgitlenmegine ýardam berýän toplumlaýyn çäre bolmalydygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň elektron senagatyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde Senagat ministrligi tarapyndan bu ugurda zerur işleriň amala aşyrylýandygy bellenildi.

Wise-premýer hasabatynyň dowamynda önümçiligi ýoly goýuljak önümleriiň şekillerini görkezip, durmuş tehnikalarynyň dürli görnüşleriniň
–gaz we elektrik ojaklarynyň, elektrik demojaklarynyň, elektrik gyzdyryjylaryň, tozan sorujylaryň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, Senagat ministrliginiň garamagyndaky “Türkmenmaşyngurluşyk” konserni bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan telekeçi A.Saparowyň arasynda “Hojalyk harytlary” atly hojalyk jemgyýetini döretmek boýunça degişli işleriň geçirilendigini habar berdi. Içerki bazar üçin ýokary hilli elektrotehnika harytlarynyň öndürilmegi bu ulgamda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberini azaltmaga mümkinçilik berer, ilaty uly isleg bildirilýän harytlar bilen elýeterli bahadan üpjün eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň senagat pudaklarynyň durnukly, innowasion ösüşine, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokary derejede bolmagyny üpjün etmäge gönükdirilendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmaga, senagat harytlarynyň dünýä bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga aýratyn üns bermegiň wajypdygyny aýdyp, elektron we elektrotehniki senagaty döretmek boýunça işleri çaltlaşdyrmagyň wajypdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere bu ulgamda öndürilýän harytlaryň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek hem-de bilelikdäki kärhanalaryň sanyny ep-esli artdyrmak, bu işe hususy telekeçiligiň wekillerini işjeň çekmek boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezini hem-de Göz keselleri ylmy-kliniki merkezini açmaga görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň bu düzümleri ýurdumyzyň lukmançylyk ylmyny we tejribesini ösdürmekde, saglygy goraýyş edaralary üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmekde möhüm orun eýeleýär.

Stomatologiýa okuw-önümçilik merkeziniň esasy wezipeleriniň biri ýokary hünärli ýöriteleşdirilen keseliň öňüni alyş – bejeriş kömegini bermekden, ylmy we okuw-usulyýet işini alyp barmakdan ybaratdyr. Merkez çagalar, terapewtiki, ortopediýa hem-de hirurgiýa, stomatologiýa ulgamynda diplomdan soňky taýýarlygyň kliniki binýady bolup durýar. Ol “Sirona” german kompaniýasynyň we beýleki ösen ýewropa döwletlerinde öndürilen öňdebaryjy stomatologiýa bejeriş-anyklaýyş enjamlary we lukmançylyk okuw esbaplary bilen üpjün edildi.

Uniwersitetiň Göz keselleri ylmy-kliniki merkeziniň işiniň esasy ugurlary bolsa göz kesellerini anyklamak we bejermek, ylmy-barlag, okuw-usulyýet we maslahat beriş işlerini alyp barmak bilen baglydyr. Merkez Ýewropanyň esasy önüm öndürijileriniň – GFR-iň, Çehiýanyň we beýleki ýurtlaryň döwrebap lukmançylyk tehnikasy, göz kesellerini bejeriş-anyklaýyş enjamlary hem-de lukmançylyk okuw esbaplary bilen üpjün edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hem-de onuň düzümine girýän edaralaryň pudagyň hünärmenleri taýýarlamak kuwwatynyň yzygiderli artdyrylmagyny üpjün etmekde möhüm orun eýelemelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz milli saglygy goraýyş ulgamyndaky özgertmeleriň netijeli häsiýete eýedigini belläp, täze lukmançylyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň ýokary netijeleri gazanmaga, dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini nygtady. Döwrebap hassahanalar we ylmy-kliniki merkezler, dürli lukmançylyk hem-de şypahana – bejeriş edaralary munuň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda olar enjamlaşdyrylyşy hem-de hödürleýän hyzmatlary boýunça dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz türkmen lukmanlarynyň hünärini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň lukmançylyk ylmy bilen özara gatnaşygyny pugtalandyrmagyň, iň netijeli ylmy işläp taýýarlamalary başarjaňlyk bilen ulanmaga ukyply kämil hünärmenleri taýýarlamagyň, ýaş işgärleri möhüm ähmiýetli ylmy barlaglara çekmegiň wajypdygyny aýratyn nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew
«Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek» ýylynyň jemlenilmegi we Milli bahar baýramy mynasybetli baýramçylyk dabarasyna hem-de Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

21-nji martda Mary welaýatynyň «Türkmeniň ak öýi» binasynda medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk dabarasyny geçirmek meýilleşdirildi. Binanyň daş-töwereginde türkmen obasynyň keşbini janlandyrmak, toý däplerini guramak, milli edim-gylymlarymyzyň esasynda oýunlary sahnalaşdyrmak, amaly-haşam sungatynyň we muzeý gymmatlyklarynyň, neşir önümleriniň, azyk senagatynyň, oba hojalyk toplumynyň gazananlarynyň köp ugurly sergisini guramak, olaryň esasynda bu çäräni has-da dabaralandyrmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem “Türkmeniň ak öýüniň” sahnasynda halk aýdym-sazlarynyň nusgawy eserlerini, teatrlaşdyrylan tomaşalary, milli halk tans we folklor eserlerini ýerine ýetirmek boýunça taýýarlyk işleri geçirilýär.

2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmegi medeniýet ulgamynda täze döredijilik gözýetimlerini açdy. Bu ýylda baý milli mirasymyzy halkara derejesinde wagyz etmek, milli gymmatlyklarymyzy çeper wasp etmek ugrunda işler alnyp baryldy.

10-14-nji mart aralygynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada aýdylanda, çäräniň çäklerinde ýurdumyzyň sahna ussatlarynyň konsertini, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň, Garaşsyz Türkmenistanyň dürli ugurlarda gazanan üstünliklerine, Aşgabat şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlaryna bagyşlanan neşir önümleriniň sergisini, iki ýurduň döredijilik işgärleriniň duşuşygyny guramak, türkmen kinofilmlerini görkezmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de medeniýet ulgamynda halkara gatnaşyklaryny giňeltmek, türkmen halkynyň baý ruhy mirasyny öwrenmek we dünýä ýaýmak işinde bu ulgamyň edaralaryny işjeň çekmek meseleleri barada aýdyp, meýilleşdirilen ähli dabaralary we baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy hem-de wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz Katar Döwletinde Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek barada durup geçip türkmen-katar ynsanperwer gatnaşyklarynyň iki dostlukly ýurduň gatnaşyklaryny berkitmegiň aýrylmaz şerti bolup durýandygyny belledi hem-de bu medeni çäräni ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Häzirki wagtda bugdaýa ideg etmek, şol sanda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlaryň garşysyna göreşmek boýunça işler amala aşyrylýar.

Ekerançylyk ýerlerini ýaz ekişine taýýarlamak işleri dowam edýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizlemek we geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Tehnikalar ekiş möwsümine doly taýýar edildi.

Şeýle hem 18-nji martda geçiriljek ählihalk ýowaryna taýýarlyk görlüşi barada habar aýdyldy. Ýowaryň barşynda paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda uly möçberli bag ekmek işleri geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň ahyrky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramynyň ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, baýramçylyga çenli az wagt galdy. Şoňa görä-de, bu baýramy ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmeli.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atlar baradaky söhbede dolanmak bilen, soňky döwürde işjeň geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri netijesinde dünýäde ahalteke bedewlerine bolan gyzyklanmanyň has-da artýandygyna ünsi çekdi.

Hünärmenler tarapyndan ahalteke bedewleri diýlip atlandyrylýan ahalteke atlarynyň Ýer ýüzünde iň gadymy we iň owadanlarynyň biridir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewleriniň katalogyny—olaryň gazanan üstünliklerini, gelip çykyşyny we beýleki maglumatlary görkezmek bilen, arassa ganly ahalteke bedewleriniň, dünýä atşynaslygynyň has görnükli wekilleriniň saýlama tohumlarynyň jikme-jik sanawyny düzüp, owadan hem-de esasly nesil daragtyny döredip başlamalydygy barada tabşyryk berdi.

Bellenilişi ýaly, bu katalogy degişli halkara guramalarynda hasaba aldyrmak zerur bolar. Şonda bu katalog halkara derejesinde ykrar ediler. Oňa hökmany ýagdaýda salgylanmaly bolar. Bu köpjiltli neşirde halkymyzyň ahalteke atçylygyny häzirki döwürde ösdürmekde eýeleýän ornuny, şeýle hem bu ajaýyp we asylly tohum atlaryny gorap saklamak we ösdürmek üçin Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan görülýän çäreleri düýpli esasda görkezmek maksadalaýyk bolar.

Ady rowaýata öwrülen “behişdi bedewler” täsin medeni gymmatlykdyr hem-de türkmen halkymyzyň umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan bahasyna ýetip bolmajak goşandydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de ahalteke bedewlerini Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin UNESKO ýüzlenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny görkezdi.

Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda milli atşynaslyk sungatynyň ösdürilmegine hem-de behişdi bedewleriň giňden wagyz edilmegine täze itergi beren deňsiz-taýsyz çäreler görülýär. Şol çäreleriň hatarynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilendigini, her welaýatda iň döwrebap aýlawlaryň we iri atçylyk sport toplumlarynyň gurlandygyny, abraýly umumymilli bäsleşikleriň esaslandyrylandygyny bellemek bolar, şu çäreleriň netijesinde täsin “asman” atlarynyň köpasyrlyk şöhraty gün-günden ýokarlanyp, Ýer ýüzüniň ähli künjeklerinde ahalteke bedewleriniň janköýerleriniň sany artýar.

Biziň günlerimizde köp ýurtlarda atçylygy, bu pudagyň ylym we okuw binýadyny, atçylyk sport toparlaryny galkyndyrmaga yzygiderli gyzyklanma bildirilýär we şu babatda netijeliligi asyrlaryň dowamynda synagdan geçen türkmen atçylyk däpleri, atlary türgenleşdirmegiň milli mekdebi ýokary derejeli ussatlaryň ünsüni özüne çekýär. Sebäbi türkmenler dünýä ahalteke bedewi ýaly halk seçgiçileriniň iň beýik sungatynyň eserini diňe bir bagyşlaman, eýsem, bu bahasyna ýetip bolmajak atlary olaryň ajaýyp häsiýetleri bilen arassa ganlylygyny saklamagy hem başarypdyrlar.

Ýurdumyzda tohum atlarynyň baş sanyny köpeltmek boýunça alnyp barylýan uly möçberli we toplumlaýyn işler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň atşynaslygynyň halkara atçylyk pudagyna ýakynlaşmagyna, atçylyk sportunyň ösdürilmegine, dünýäniň atçylyk sport giňişliginde Türkmenistana mynasyp wekilçilik edip bilýän ussat çapyksuwarlaryň taýýarlanylmagyna we aýratyn-da, türkmen halkymyzyň gadymy döredijilik däplerinde ýaş nesilleriň terbiýelenilmegine uly üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu köptaraply işi mundan beýläk-de dowam etmegiň möhümdigini nygtap, wise-premýere ahalteke atçylyk ulgamynda netijeli işleri alyp barmak üçin ylmy-barlag merkezini ýa-da ýokary okuw mekdebini açmak baradaky mümkinçilikleri öwrenmegi hem-de degişli teklipleri taýýarlamak barada görkezme berdi. Milli Liderimiz “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň işgärleriniň, ýurdumyzyň ady belli hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirmegi, onuň barşynda atçylygy ösdürmek boýunça şu gün öňde goýlan wezipeleri iş ýüzünde ýerine ýetirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişiniň meseleleriniň üstünde durup geçip, bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki önümleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna, ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, suw bilen üpjün edilişine has uly üns bermegi talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere 18-nji martda geçiriljek bag ekmegiň ählihalk ýowaryny guramaçylykly geçirmäge we bag nahallaryna ideg edilmegine degişli anyk görkezmeler berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 15-16-njy martda hormatly Prezidentimiziň Katar Döwletine boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri-de dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen özara bähbitli, hoşniýetli we deňhukukly gatnaşyklary ösdürmekden we pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Şeýle gatnaşyklaryň mysaly hökmünde Katar Döwleti bilen däp bolan dostlukly hyzmatdaşlygy görkezmek bolar. Bu ýurt bilen diplomatiki gatnaşyklar 1996-njy ýylyň noýabrynda ýola goýuldy.

Döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki saparlara hem-de duşuşyklara möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň 2010-njy ýylyň oktýabr aýynda Katar Döwletine bolan resmi saparynyň hem-de Kataryň Emiriniň geçen ýylyň mart aýynda ýurdumyza bolan resmi saparynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge kuwwatly itergi berdi.

Wise-premýer, daşary işler ministri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Katar Döwletine boljak döwlet saparynyň maksatnamasyny hödürledi. Şu saparyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolan Garaşsyz hem-de Bitarap Türkmenistanyň ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyna ygrarlydygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-katar gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de ynsanperwer gatnaşyklary, iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gönükdirilen medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly kuwwatyň hem-de mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Milli Liderimiz döwletara gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrjak hem-de Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda uly ähmiýete eýe bolan nobatdaky ýokary derejedäki türkmen-katar gepleşikleriniň wajypdygyny belledi we wise-premýere, daşary işler ministrine öňümizdäki sapara taýýarlyk görmek hem-de onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan möhüm wezipeleri babatda parlamentiň milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Mejlisiň nobatdaky maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görülýändigi habar berildi. Onuň gün tertibine döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň demokratik ýörelgeleriniň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna, Türkmenistanda raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegine, aýry-aýry ulgamlaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam edýän kanunlaryň hem-de kararlaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak meseleleri giriziler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, milli kanunçylygy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini hem-de ýurdumyzda durmuş-ykdysady özgertmeleri nazara almak bilen kanun çykaryjylyk işiniň birnäçe ugurlary boýunça görülýän çäreleri işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýakynda Özbegistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda gadym döwürlerden bäri Jeýhun adyny göterip gelýän joşgunly Amyderýanyň üstünden geçýän iki köpriniň açylandygyny aýtdy. Milli Liderimiz bu döwrebap desgalaryň ulanylmaga berlen gününden başlap, olaryň üstünden daşalýan ýükleriň möçberleriniň ep-esli artandygyny aýdyp, olaryň goňşy ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň has-da berkidilip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagynda möhüm ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu şanly wakanyň taryhy häsiýete eýedigini nygtap, onuň halkymyzyň hakydasynda ebedileşdirilse, maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa bu meseläni içgin öwrenmegi hem-de Ministrler Kabinetiniň indiki mejlisiniň garamagyna hödürlemegi teklip edip, şol güni Ulaglar ulgamynyň işgärleriniň güni hökmünde bellenilip geçilse maksada laýyk boljakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem wise-premýer B.Annameredowa dabaralaryň geçen ýerinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarynyň subutnamasy bolan taryhy senäni ebedileşdirmek maksady bilen ýadygärlik nyşanlaryny oturtmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikleri, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.

Degişli makalalar

Wolgogradda Türkmen Ýaşlaryndan Foklor Topary we Futbol Topary Döredildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap Welaýatyna Iş Sapary

turkmenhabargullugy

Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň guburlaryna zyýarat

syrach