21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet agzalarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň we paýtagtymyzyň hem-de welaýatlarymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli milli maksatnamalaryň ileri tutulýan ugurlary we wezipeleri, döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu iş maslahatynda ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi D.Myratberdiýew bilen göni aragatnaşykda söhbetdeş boldy. Häkim il-halkyň bähbidine gönükdirilen milli maksatnamalaryň çäginde welaýatda alnyp barylýan işler, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalygyndaky işleriň, şeýle hem milli maksatnama boýunça welaýatyň etraplarynda, şäherlerinde, obalarynda ýaýbaňlandyrylan gurluşyklaryň barşy, olaryň bellenen möhletlerde ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilişi bilen içgin gyzyklandy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň halkynyň durmuş üpjünçiligi baradaky meselä ünsi çekip, ýerlerde ilatyň elektrik energiýasy hem-de agyz suwy bilen üpjünçiligini hemişe berk gözegçilikde saklamagy, ýüze çykýan nogsanlyklary dessine aradan aýyrmagy häkimden talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygyndaky işleriň barşyna ünsi çekip, galla hasylyny ýetişdirmegiň bütin dowamynda guramaçylygyň gowşak bolandygyny aýtdy we meýilleşdirilenden pes netije gazanylandygy üçin nägilelik bildirdi hem-de ýygnalan galla hasylynyň degişli derejede saklanmagyny üpjün etmegi welaýat häkiminden berk talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäginde alnyp barylýan düýpli desgalarda, aýratyn hem ozal beren tabşyryklary boýunça işleriň barşy barada häkimden hasabat sorady we milli maksatnama boýunça ýerlerde gurluşyk işleriniň haýal barýandygyna nägilelik bildirip, bar bolan kemçilikleri tiz wagtda aradan aýyrmagy häkime tabşyrdy hem-de bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatyna gözegçilik edýän wise-premýer N.Şagulyýewi hem göni aragatnaşyga çagyrdy we oňa welaýatda alnyp barylýan işler, hususan-da, ilatly ýerleriň elektrik energiýasy we agyz suwy bilen üpjünçiligini ýokary derejede alyp barmak, boýunça anyk görkezmeleri berdi. Wise-premýer N.Şagulyýewe hem-de häkim D.Myratberdiýewe welaýatyň halkynyň egsilmez yhlasyny, zähmet zehinini ýurtda amala aşyrylýan beýik işlere gönükdirmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow bilen göni aragatnaşyga çykdy. Häkim hormatly Prezidentimize gündelik alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda galla oragynyň barşy hem-de onuň hasyllygy bilen gyzyklandy we meýdanlardaky galla hasylyny iň soňky dänesine çenli ýygnap almagy häkimden talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan işler, ýakynda bu ýerde ulanylmaga beriljek düýpli desgalaryň, ýagny Russiýanyň “Wozroždeniýe” paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenbaşy şäherinde gurýan ýollarynyň we estakada görnüşli köprüleriniň hem-de Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasynyň welaýatyň Gyýanly şäherinde gurýan tebigy gazy gaýtadan işleýän zawodynyň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada sorap, olaryň ýokary derejede geçirilmegi boýunça ähli zerur çäreleri görmegi häkim S.Satlykowdan hem-de şol pursat göni aragatnaşyga çykan, bu welaýata gözegçilik edýän wise-premýer B.Hojamuhammedowdan talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem welaýatyň ilatly ýerleriniň elektrik energiýasy we agyz suw üpjünçiligi bilen gyzyklandy hem-de bu babatda häkime hem-de degişli wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda tomus möwsüminde dynç alýanlara döredilýän şertler barada içgin sorap, halkymyzyň saglygyna we bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilen möhüm işleri ýokary derejede guramagy we hemişe berk gözegçilikde saklamagy B.Hojamuhammedowa hem-de S.Satlykowa tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem wise-premýer B.Hojamuhammedowa ýurdumyzda ähli ulgamlar we ugurlar boýunça nebit önümleriniň üpjünçiligini döwrebap guramagy hem-de sazlaşykly alyp barmagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz wideoşekilli göni aragatnaşyga Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Häkim welaýatda alnyp barylýan işler, hususan-da, tamamlaýjy tapgyra gadam basan galla oragynyň gidişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, galla oragy boýunça şu ýylyň netijelerini welaýatyň çäginde ýerleşýän oba hojalyk institutynyň alym mugallymlary we welaýatyň beýleki degişli hünärmenleri bilen içgin seljermegi hem-de geljek ýyllar üçin anyk ugry kesgitlemegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatyň ilatly ýerleriniň elektrik energiýasy we agyz suw üpjünçiligi bilen gyzyklanyp, bu babatda häkime görkezmeleri berdi hem-de ilaty hil taýdan ýokary derejeli agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça mundan beýläk bitirilmeli işleriň meýilnamasyny işläp düzmegi tabşyrdy.

Nobatdaky welaýatyň häkimini aragatnaşyga çagyrmazdan öňürti döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatyna gözegçilik edýän wise-premýer O.Gurbannazarow bilen gürrüňdeş boldy. Ol ilki bilen özüniň gözegçilik edýän pudagy dokma senagatynda alnyp barylýan işler barada hormatly Prezidentimize hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz dokma pudagyny ýokary hünärli işgärler bilen üpjün etmeklige ünsi çekip, bu meseläni toplumlaýyn we guramaçylykly çözmek boýunça anyk çäreleri görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz türkmen gelin-gyzlarynyň milli dessurlarymyza kybap iş bilen üpjün edilmeginde dokma kärhanalaryna uly ornuň degişlidigini belläp, ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän ýol – ýörelgesini döwrebap dowam etdirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer O.Gurbannazarowyň ünsüni gözegçilik edýän Lebap welaýatynyň meselelerine çekip, bu ýerdäki işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli göni söhbetdeşligiň barşynda Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow bilen gürrüňdeş boldy. Döwlet Baştutany häkimiň hasabatyny diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleri, aýratyn-da, pagtanyň ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirmek, ähli ýerlerde suw üpjünçiligini ýokary derejede ýola goýmak, şeýle hem galla oragynda ýygnalan hasyly talaba laýyk saklamak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da hormatly Prezidentimiz welaýatda ilatly ýerleriň elektrik energiýasy we suw üpjünçiligi, şeýle hem milli maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen içgin gyzyklandy hem-de onuň depginini güýçlendirmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz welaýatda käbir kemçilikleriň bardygyny aýdyp, olary gysga wagtda aradan aýyrmagy häkimden talap etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli maslahatyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Japarow bilen gürrüňdeş boldy. Döwlet Baştutany wise-premýerden gözegçilik etmegi ynanylan Mary welaýatynda alnyp barylýan işler hakynda sorady.

Milletiň Lideri wideoşekilli maslahata Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanowy hem çagyrdy we ondan welaýatda alnyp barylýan işler, gurulýan desgalar, agyz suw üpjünçiligi we durmuş ulgamyna degişli beýleki meseleler barada hasabat sorady.

Welaýat häkimi öňi bilen, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün edýän ähli çäreler, hususan-da, welaýatyň agyz suw üpjünçiligi, gurulýan durmuş desgalaryndaky işleriň barşy we oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany welaýatda ýol gurluşygy, elektrik energiýasynyň bökdençsizligi, arassa agyz suw bilen üpjünçiligi boýunça durmuşa geçirilýän işlerde birnäçe kemçilikleriň bardygyny belläp, ýüze çykarylan säwlikleri günübirin düzetmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy we bu babatda welaýat häkimine anyk görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz galla hasylyny ýetişdirmegiň bütin dowamynda guramaçylyk işleriniň gowşak alnyp barlandygyny belläp, işiň netijelerine nägilelik bildirdi hem-de welaýatyň oba hojalyk pudagyny ilerletmek boýunça maksadalaýyk işleri alyp barmagy häkimden talap etdi.

Soňra döwlet Baştutany wideoşekilli maslahatyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Orazowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda, hususan-da, Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler, durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Milletiň Lideri ulgamda alnyp barylýan işleriň göwnejaý däldigini belläp, Aşgabat şäherinde agyz suw, elektro energiýa üpjünçiligi, şäheri abadanlaşdyrmak boýunça birnäçe kemçilikleriň bardygyny aýtdy we ýüze çykarylan nogsanlyklary düzetmek boýunça zerur çäreleri görmegi wise-premýerden talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň hasabatyny diňläp, paýtagtymyzy ösdürmek, şäheriň köçelerini döwrebap abadanlaşdyrmak, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça işleri ýokary derejede guramagy talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiz Aşgabady dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwürmek üçin yzygiderli alada edýär we munuň üçin toplumlaýyn işleri amala aşyrýar, ýöne paýtagtymyzyň agyz suw üpjünçiligi, köçeleriniň we onuň töwerekleriniň abadanlaşdyrylyşy, paýtagtymyzdaky binalaryň döwrebaplaşdyrylmagy, yşyklandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegi hem-de elektro energiýanyň bökdençsiz üpjün edilmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işler özüniň garaşylýan netijesini bermeýär diýip belledi. Döwlet Baştutany bu babatda birnäçe kemçilikleriň bardygyny aýdyp, Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe ýüze çykýan kemçilikleri düzetmek boýunça anyk tabşyryklary berdi we degişli gulluklaryň işini hemişe gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Soňra wideoşekilli maslahatyň barşynda göni aragatnaşyga çykan wise-premýer M.Akmämmedow hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Milletiň Lideri ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda, hususan-da, gallaçylykda hasyl ýetişdirmegiň bütin dowamynda işleriň guramaçylygynyň gowşak bolandygyny, netijede garaşylşyndan pes hasyl alnandygyny, şonuň ýaly-da, maldarçylyk pudagynda-da pes netijeleriň gazanylýandygyny belläp, bu babatda durmuşa geçirilýän işleriň talabalaýyk bolmandygy sebäpli mallaryň baş sanyny köpeltmekde haýal-ýagallyga ýol berlendigini aýtdy. Döwlet Baştutany ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň yzygiderli ösdürilmegi ugrunda döwletiň ýadawsyz alada edýändigine, daýhanlaryň iş şertleriniň gowulandyrylmagy, ulgamyň tehniki serişdeleriniň bökdençsiz üstüniň ýetirilmegi babatda ägirt uly işleri durmuşa geçirýändigine garamazdan, oba hojalyk toplumynda düýpli öňe gidişlikleriň duýulmaýandygyny aýdyp, wise-premýere gözegçilik edýän ulgamynda işleriň netijesiniň pesdigine nägilelik bildirdi. Maldarçylyk pudagynda ýylyň ýylynda pes netijeleriň gazanylmagy hiç bir zat bilen düşündirip bolmajak ýagdaýdyr diýip, milletiň Lideri ýörite nygtady. Hormatly Prezidentimiz gürrüňini dowam edip, “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň ýerlerdäki edaralarynda işleriň guramaçylygynyň pesdigini, bu ulgam boýunça alnyp barylýan düýpli desgalarda gurluşyklaryň haýal barýandygyny belläp, wise-premýer M.Akmämmedowa ulgamda ýol berilýän kemçilikleri gyssagly düzetmek we pudagy ösdürmek boýunça anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew Diýarymyzda asudalygyň mundan beýläk-de berkarar bolmagy ugrunda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümleriniň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Ol şeýle hem howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek maslahatyna we geçirilmegi meýilleşdirilýän beýleki çärelere görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümlerinde öňde boljak çärelere görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary derejede bolmalydygyny aýdyp, bu babatda Ý.Berdiýewe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli maslahatda ýurdumyzyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça “Türkmenatlary” döwlet birleşiginde geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow barlag wagtynda ýüze çykarylan kemçilikleriň düýp sebäbi bilen gyzyklandy we olaryň aradan aýrylmagy ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler barada sorady. Şeýle hem döwlet Baştutany B.Atdaýewe milli ykdysadyýetimiziň pudaklary boýunça geçirilýän barlaglary yzygiderli dowam etdirmek barada görkezmeler berdi.

Soňra Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri R.Seýitkulyýew pudakda alnyp barylýan işler, döwlet Baştutanynyň tagallasy bilen gelip gowuşýan täze wagonlar, teplowozlar, olaryň işiň ilerlemegine edýän oňyn täsiri barada hasabat berdi. Şeýle hem ministr ulgamda ýolagçy we ýük gatnatmak boýunça gazanylýan netijeler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pudagyň işiniň ilerlemegi, onda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi we ýolagçy otlularynda raýatlarymyz üçin ähli amatlyklaryň döredilmegi babatda alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň halkara derejesine doly laýyk gelmelidigini tabşyrdy we degişli resminamalara gol çekdi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mezilow tomusky dynç alyş möwsümi döwründe ýurdumyzyň çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde bolýan çagalar üçin döredilýän şertler, olaryň wagtyny hoş geçirmekleri üçin ýokary derejedäki mümkinçilikler barada aýdyp, munuň üçin çagalaryň we olaryň ene-atalarynyň hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýdýandyklaryny belledi.

Döwlet Baştutany tomusky dynç alyş möwsümi çagalar üçin iň bir ýatda galjak pursatlar bolmalydygyny aýdyp, döwletimiziň bu ugurda mundan beýläk-de uly işleri durmuşa geçirjekdigini belledi.

Milletiň Lideri G. Mezilowa ýurdumyzyň çäginde agyzsuw üpjünçiligi meselesine ylmy taýdan çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy we bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň önümçilige giňden ornaşdyrylmagy babatda ähli çäreleriň görülmelidigini we degişli gulluklar bilen bilelikde netijeli işleriň amala aşyrylmalydygyny tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyga Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri G.Elýasowy çagyrdy. Ministr ulgamda alnyp barylýan işleriň netijeleri barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Milletiň Lideri häzirki döwürde arassa agyz suw üpjünçiligi esasy mesele bolup durýar diýip bellemek bilen, bu ugurda käbir ýerlerde kemçilikleriň bardygyny aýtdy. Agyz suwunyň we beýleki hajatlar üçin ulanylýan suwlaryň sanitariýa ýagdaýyna gözegçiligiň güýçlendirilmelidigini, bu babatda zerur bolan ähli çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini belläp, döwlet Baştutany bu işleri hemişe gözegçilikde saklamagy we saglygy goraýyş babatda durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ilatyň saglygynyň goragynda durýan hünärmenleriň öz işlerine juda jogapkärçilikli çemeleşmeginiň zerurdygyny nygtap, bu işiň ýokary derejede üpjün edilmegini talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer G.Mezilowa we ministr G.Elýasowa ýüzlenip, saglygy goraýyş ulgamyna degişli gurluşygy tamamlanan desgalaryň açylyş dabaralaryna ykjam taýýarlyk görmegi tabşyrdy we degişli resminamalara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, onuň barşynda gozgalan meseleleriň ählisiniň ýurdumyzyň halky baradaky aladadan gelip çykýandygyny belledi. Munuň özi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, milletiň Lideri aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu babatda ýurtda alnyp barylýan işler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk şanly senesiniň bellenýän ýylynda aýratyn ähmiýete eýedir diýip nygtady hem-de bu il-ýurt bähbitli işleri amala aşyrmakda hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we üstünlik gazanmaklaryny arzuw edi

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

syrach

Bildiriş

Korrupsiýa Garşy Göreşi Güýçlendirmegiň Wezipeleri Maslahatlaşyldy