21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine, şeýle hem il-ýurt bähbitli resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, hasabat bilen çykyş etmek üçin, oňa gatnaşyjylara söz berdi.

Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryjysy H.Muhammedow hasabat bilen çykyş etdi. Ol özüniň gözegçilik edýän dolandyryş ulgamy boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeleri, alnyp barylýan uly möçberli gurluşyklarda we düýpli desgalarda işleriň barşy, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany geçirilýän işleriň ýokary derejede bolmalydygy barada aýdyp, degişli meseleleriň öz wagtynda we guramaçylykly çözülmegi, gurulýan desgalarda işleriň gidişine, olarda ýokary hiliň berjaý edilişine berk gözegçilik edilmegini üpjün etmek babatda tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz indiki hepdede Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanan giňeldilen mejlisiniň geçiriljekdigini mälim edip, oňa ykjam taýýarlyk görmegi we bu babatda işleri utgaşdyrmak boýunça wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow öz hasabatynda iýul aýynda bellenilen halkara derejeli çäreler barada habar berdi. Tomsuň ikinji aýynda ýurdumyz boýunça möhüm ähmiýetli çäreleriň birnäçesini geçirmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi Türkmenistanyň dünýäniň köp döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyny yzygiderli ýagdaýda örän sazlaşykly ösdürilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Hususan-da, iýul aýynyň birinji ýarymynda ýurdumyza Sankt- Peterburgyň gubernatory we Malaýziýanyň Premýer-ministri sapar bilen geler. Belent mertebeli myhmanlar Russiýa Federasiýasynyň we Malaýziýanyň meşhur kompaniýalarynyň potratçy bolup durýan uly möçberli we möhüm ähmiýetli desgalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşarlar. Galyberse-de, döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we özara peýdaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň netijeli usuly diýlip hasaplanýan bilelikdäki hökümetara toparlarynyň birnäçe mejlisleri we Daşary işler ministrlikleriniň iki taraplaýyn syýasy geňeşmeleri bolup geçer.

Milletiň Lideri hasabaty jemlemek bilen, Bitarap Türkmenistanyň amala aşyrýan daşary syýasatynda hyzmatdaş ýurtlar bilen netijeli gepleşigi pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny belläp, şu syýasatyň iş ýüzünde özüniň möhümdigini we anyk netijeleri berýändigini hem-de üstünlikli amala aşyrylan we häzirki wagtda durmuşa geçirilýän wajyp ähmiýetli bilelikdäki taslamalaryň muňa aýdyň subutnama bolup durýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň bu ugra ygrarly bolup, geljekde-de deňligiň, birek-birege hormat goýulmagynyň ýörelgeleri esasynda we birek-biregiň bähbitlerini göz öňünde tutmak arkaly, iki taraplaýyn we köp taraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini nygtady hem-de wise-premýere bellenilen ähli çäreleriň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lileri Sankt- Peterburgyň gubernatory we Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen geçiriljek gepleşikleriň ähmiýetine ünsi çekip, şolaryň jemleri boýunça iki taraplaýyn resmi namalaryň birnäçesine gol çekilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belledi hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara arkalaşykly hereket edilmeginiň netijeliligini üpjün etmek maksady bilen, anyk ädimleri ätmegiň zerurdygyny görkezdi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň iri syýasy-ykdysady we medeni merkezleriniň biri hasaplanýan Sankt-Peterburg bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada aýdyp, bu hyzmatdaşlygyň köp ugurly uly mümkinçilige esaslanýandygyny we şondan netijeli peýdalanmagyň iki tarapyň bähbitlerine-de laýyk gelýändigini belledi. Milletiň Lideri Malaýziýa barada aýdylanda bolsa, bu ugurda-da köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk etmek arkaly oňyn tejribäniň toplanandygyny hem-de häzirki wagtda döreýän giň mümkinçilikleri göz öňünde tutanyňda, ony giňden ýaýbaňlandyrylan döwletara hyzmatdaşlygyna öwürmek üçin oňaýly ýagdaýlaryň bardygyny aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlgynyň orunbasary T.Japarow ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň şu ýylyň birinji ýarymyndaky garaşylýan netijeleri, şeýle hem Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň Şweýsar toparyna girýän ýurtlardan dolandyryjylaryň aralyk duşuşygyny 3-4 sentýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Wise-premýer 2011-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynyň desgapky jemleri boýunça ýurdumyzyň makro ykdysady görkezijileriniň ýokary ösüşe eýe bolandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu ýylyň birinji ýarymynda milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda guwandyryjy netijeleriň gazanylandygyny kanagatlanmak bilen belledi.

Hormatly Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek duşuşyk barada durup geçip, Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň Şweýsar toparyna girýän ýurtlaryň Türkmenistan bilen köpden bäri örän ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýändigini nazara almak bilen, bu duşuşygy ýokary guramaçylykly hem-de taraplaryň ählisiniň bähbitlerine laýyk gelýän derejede örän netijeli we peýdaly geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, hususan-da, häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Milli parlamentiň baştutany Raýatlyk hakynda, Karz birleşmeleri, Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek, seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň, şeýle hem Jenaýat we jenaýat iş ýörediş Kodekslerine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky kanunyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga görülýän taýýarlyk barada aýtdy. A.Nurberdiýewa hasabatynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen tassyklanan önümçilik tejribesiniň meýilnamasyna laýyklykda, akademiýanyň diňleýjileriniň tejribesi we onuň üstünlikli geçirilmegi babatda görülýän çäreler barada aýtdy. Mundan hem başga Mejlisiň başlygy ýurdumyzyň birnäçe ministrliklerinde we pudak edaralarynda hereket edýän kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek boýunça okuw- maslahatlaryň we duşuşyklaryň meýilnamalary hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň saýlaw ulgamyna degişli kabul edilen täze kanunlarynyň kadalaryny we ondan gelip çykýan ýörelgelerini ilat arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, Mejlisiň deputatlarynyň, Merkezi saýlaw toparynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň hünärmenleriniň, şemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda amaly maslahatlaryň yzygiderli geçirilmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwany we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk şanly senesi mynasybetli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda arassa, halal işläp abraý gazanan raýatlarymyzy döwlet sylaglaryna hödürlemek boýunça degişli çäreleri geçirmegi tabşyrdy. Şeýle hem milletiň Lideri kanunçykaryjylyk işini netijeli guramak, wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli alyp barmak boýunça degerli işleriň guralmalydygyny aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Orazow özüniň gözegçilik edýän gurluşyk senagaty we energetika pudaklarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, ol paýtagtymyzda gurulýan ulag ýollarynyň ösüşine degişli meseleler, täze häzirki zaman ulag ýollary we olaryň ozal hereket edäýnleriniň düýpli abadanlaşdyrylyşy hakynda habar berdi. Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň jemagat hojalygy minitsrligi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak hem-de Ministrligiň garamagyna edara-kärhanalary bermek hakyndaky Kararyň taslamasyny mejlisiň garamagyna hödürledi.

Döwlet Baştutany Watanymyzyň ulag ýollaryny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek tutuş ýurdumyzyň, aýratyn-da Aşgabadyň geljekki ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biridiir diýip bellemek bilen, paýtagtymyzyň daşyndan aýlanyp geçýän halkalaýyn ýol ulag gatnawlarynyň has-da ösdürilmegine kuwwatly itergi berer diýip aýtdy. Halkalaýyn ýol ýokary halkara ülňülerine laýyklykda gurulýar we ol häzirki zaman yşyklandyryş, howpsuzlyk, maglumat beriş görkezijileri, şeýle hem düzümiň doly ugurdaş möhüm şertleri bilen üpjün edilýär. Paýtagtymyz Aşgabadyň keşbi onuň täze Galkynyş eýýamyndaky belent derejesine doly laýyk gelmelidir we bu babatda ähli hil görkezijiler göz öňünde tutulmalydyr, şäheriň abadançylygyna, onuň arassa saklanmagyna ägirt uly serişdeler goýberilýär we olary örän rejeli we netijeli peýdalanmalydyr diýip, döwlet Baştutany ýörite nygtady. Şu aýdylanlar gurlup ulanmaga berlen ähli desgalara, seýilgäh toplumlaryna, aýratyn-da ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryna we beýleki belent binalara degişlidir, çünki olaryň her biriniň ýanaşyk çägi bardyr we olar döwrebap abadanlaşdyrylmalydyr hem-de talaba laýyk tämiz saklanylmalydyr diýip, milletiň Lideri belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministrligi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak hem-de Ministrligiň garamagyna edara-kärhanalary bermek hakyndaky Karara gol çekip, bu möhüm resminamadan gelip çykýan wezipeleriň bellenen möhletinde hem-de ýokary hilli durmuşa geçirmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa özüniň gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň barşy, hususan-da, ýurdumyzda 24-27-nji iýulda geçiriljek Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geçiriljek halkara derejeli çäräniň Türkmenistanyň Russiýanyň sebitleri bilen köp ugurly netijeli gatnaşyklaryny giňeltmek, iki ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy, dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek işinde uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutany Türkmenistanda tanymal alymlaryň, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilýän uly halkara çäreleriniň ýurdumyzyň dünýä derejesindäki at-abraýynyň has-da beýgelmegine ýardam berýändigini nygtap, munuň dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halkynyň ruhy mirasy babatda uly gyzyklanma döredýändigini we milli medeniýetiň ösdürilmegine we baýlaşdyrylmagyna, giňden tejribe alşylmagyna güýçli itergi berýändigingi belledi. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet ulgamyndaky işiň görnüşleriniň artdyrylmagyny, zehinli ýaşlaryň gözleginiň güýçlendirilmegini, täze Galkynyş eýýamynda milli gymmatlyklardan gözbaş alýan ösen medeniýetiň döredilmegine öz önjeýli goşandyny goşýan döredijilik işgärleriniň höweslendirilmegini tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisde ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek babatda öňde durýan wezipelere ýene bir gezek ünsi çekip, onuň möhüm ugurlary hökmünde türkmen medeniýetini gadymdan gelýän milli gymmatlyklarymyza daýanyp döwrebaplaşdyrmak, owadan milli äheňlere ýugrulan deňsiz-taýsyz sungat hazynamyzy öňküden hem baýlaşdyryp, öňe gitmek, mydama döredijilik gözleginde bolmak, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan medeni mirasymyzy ykbaly göterilen halkymyzyň täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamyndaky ruhy buýsanjyna öwürmek boýunça beýik maksatlara gönükdirilen il-ýurt bähbitli işleri toplumlaýyn we döwrüň talabyna laýyklykda sazlaşykly alyp barmak barada wise-premýere görkezmeler berdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlgynyň orunbasary B.Hojamuhammedow öz gözegçilik edýän ulgamynda işleriň barşy, hususan-da Russiýanyň “Wozroždeniýe” paýdarlar jemgyýetiniň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde gurýan ýollarynyň we estakada görnüşli köprüleriniň hem-de Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasynyň welaýatda gurýan iri desgalarynyň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Balkan welaýatynda täze iri desgalaryň açylmagyny möhüm taryhy wakalar hökmünde häsiýetlendirdi. Şol wakalar täze Galkynyş eýýamynda türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatynyň artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär diýip, milletiň Lideri aýtdy. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara bu desgalaryň açylyş dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi we ony häzirki galkynyşly zamanamyzyň buýsanjyna öwürmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, Sankt-Peterburgyň hünärmenleriniň köpri gurluşygy ulgamynda öňdebaryjy tehniki gazananlary ulanmak arkaly guran häzirki zaman awtomobil ýol aýrytlary we estakadalary Türkmenbaşy şäheri bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň arasynda artýan ulag gatnawlaryny ep-esli peseltmäge we gatnawyň sazlaşykly amala aşyrylmagyna mümkinçilik berer. Munuň özi deňiz ýakasynda syýahatçylyk merkeziniň mundan beýläk-de giňeldilmegini nazara almak bilen, örän uly ähmiýete eýe bolýar.

Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasy tarapyndan Gyýanly şäherçesinde gurlan täze gaz arassalaýjy toplum ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynyň möhüm senagat desgalarynyň birine öwrüler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Zawodyň kuwwaty her ýylda harytlyk tebigy gazyň 10 milliard kub metre çenlisini öndürmäge mümkinçilik berer. Ol hil babatda dünýä ülňülerine doly laýyk geler we munuň özi daşary ýurtlara iberilýän “mawy ýangyja” bildirilýän ýokary islegi doly ödär diýip, milletiň Lideri belledi. Ýokary tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen bu iri senagat desgasy Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary üçin nusga bolmalydyr we ol biziň ýurdumyzyň ýangyç ýataklaryny özleşdirmekde alnyp barylýan işleriň ýokary derejesini tassyklamalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlgynyň orunbasary M.Akmämmedow ýurduymyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýetişdirilen bugdaý hasylyny iň soňky dänesine çenli ýygnap almak üçin ähli çäreleri görmegi wise-premýere tabşyrdy. Oba hojalyk meýdanlarynyň galla oragyndan soň boşan ýerlerinde aralyk ekinleri ekmegiň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu il-ýurt bähbitli işi ylmy esasda, gadymdan gelýän daýhançylyk däpleri bilen utgaşdyryp geçirmegi we göwnejaý ekin dolanşygynyň esasynda türkmen daýhanlarynyň ýylda iki hasyl almagany üpjün etmek barada degişli görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýişi ýaly, munuň özi ýurdumyzda azyk bolçulygyny ýokary derejede üpjün etmäge, şol sanda ýurdumyzyň daýhanlary tarapyndan ýetişdirilen gök we bakja önümleri bilen bazarlary doldurmagyň hasabyna rysgal-berekedi artdyrmaga ýardam eder.

Türkmen daýhanynyň bolelin durmuşynyň esasy çeşmesi bolan pagtaçylygy ösdürmäge, gowaçalara göwnejaý ideg etmäge , onuň hasyllylygyny artdyrmaga ünsi çekip, bu babatda agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmegini üpjün etmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we suw serişdelerini rejeli hem-de netijeli peýdalanmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mezilow gözegçilik edýän ugurlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň ösdürilmegine degişli işlere hemişe üns bermegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutany ýaş türkmenistanlylaryň tomusky dynç alşynyň guralyşyna aýratyn üns berip, bu meselä jogarkärli çemeleşmegi, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda açylan medeni we sport maksatly täze desgalardan dolylugyna we netijeli peýdalanmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerler G.Mezilowa we M.Ýazmuhammedowa ýüzlenip, Ministrler Kabinetiniň ýakynda ýurdumyzyň medeniýetiniň ösdürilmegine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde orta atylan meseleler bilen baglylykda, olaryň gözegçilik edýän ulgamlarynyň öňünde durýan anyk wezipeleri kesgitlmek we makskatnamalaýyn işi ýola goýmak boýunça döwrüň talabyna laýyk gelýän çäreleri durmuşa geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N. Şagulyýew gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda geçirilýän işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Şeýle hem wise-premýer Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň agzalary bolup durýan ýurtlaryň ulag we aragatnaşyk ministrleriniň ýakynda Aşgabatda geçirilen 8-nji duşuşugynyň netijeleri barada habar berdi. Bu halkara duşuşyk özara peýdaly hyzmatdaşlygyň çäklerini has-da giňeldip, oňa gatnaşan taraplaryň garaýyşlaryny ýakyndaşdyrmaga mümkinçilik döretdi hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň bu babatdaky ösüşine täzeden itergi berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag-aragatnaşyk toplumynyň ýurdumyzyň ykdysady taýdan yzygiderli ösüşinde möhüm ähmiýete eýedigini belläp, Türkmenistanyň şu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň wajypdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany degişli ýolbaşçylara Aşgabatda geçirilen halkara duşuşygyň barşynda baglaşylan ylalaşyklaryň we çözgütleriň netijelerinden hemmetaraplaýyn peýdalanmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtly maýadarlaryň pudaklarda uly möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagy üçin gönükdirýän maýa goýumlarynyň ýokary netijeliligini üpjün edilmegini, ulag we aragatnaşyk ulgamlaryny düýpgöter döwrebaplaşdyrmak maksady bilen has kämil tehnologiýalaryň we innowasion çözgütleriň ornaşdyrylmagyny gazanmagyň zerurdygyny aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutany Türkmenistanyň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň agzalary boup durýan ýurtlar bilen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň ýollaryny kesgitlemek we mundan beýläk has aýdyňlaşdyrmak bilen baglanyşykly bolan islendik meseleleriň çözülmegine toplumlaýyn we ussatlarça çemeleşmegiň möhümdigini belledi.

Soňra hökümet Baştutanynyň orunbasary O.Gurbannazarowa söz berildi. Ol özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler, şeýle hem söwda we hyzmatlar ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hem-de ýurdumyzyň dokma pudagyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamanyň çäklerinde amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň bazarlarynda harytlaryň bolçulygyny ýokaryd erejede berkarar etmek, azyk önümleriniň görnüşlerini artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetimiziň möhüm ulgamlarynyň biri bolan dokma pudagynyň ösdürilmegine, onuň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna we pudaga häzirki zaman tehnologiýalarynyň hem-de ylmyň gazananlarynyň giňden ornaşdyrylmagyna ünsi çekip, bu babatda durmuşa geçirilýän çäreleriň örän netijeli we yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi. Şeýle hem milletiň Lideri söwda we hyzmatlar ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň meselelerine aýratyn üns bermelidigini aýdyp, ýurdumyzyň bazarlarynda ýokary hilli harytlaryň, aýratyn-da diýarymyzda öndürilen azyk önümleriniň bolçulygyny artdyrmak ugrunda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini, bazarlarda hyzmatlaryň görnüşlerini we medeniýetini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem söwda ulgamyndaky işleri döwrüň talabyna laýyk ýokary derejede guramak boýunça ulgamyň önünde durýan wezipeler boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz olar babatda oňyn çözgütleri kabul etdi we degişli resminamalara gol çekdi. Döwlet Baştutany mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara işlerinde üstünlik gazanmaklaryny arzuw etdi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Kosmos Tehnologiýalary-Türkmenistanyň Ösüşiniň Ileri Tutulýan Ugry

turkmenhabargullugy

Bol hasyl ugrunda alada.

syrach

Yslam Karimow Soňky Ýoluna Ugradyldy

syrach