26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

«Bereketli» HJ Ýörüteleşdirilen Dükanlarynyň Sanyny Artdyrýar

«Bereketli» HJ Ýörüteleşdirilen Dükanlarynyň Sanyny Artdyrýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, azyk pudagynda işleýän iri kompaniýa bolan “Bereketli” hojalyk jemgyýeti şu ýyl Aşgabatda firma dükanlarynyň ýigrimisini açdy.

Ozal bu belli kompaniýanyň şöhlat önümleri we tagamly et nygmatlary wagtlaýyn söwda nokatlarynda satylan bolsa, indi olar ýörüteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edilen dükanlar arkaly ýerleşdirilýär.

“Bereketli” HJ-nyň söwda bölüminde habar berlişine görä, dükanlaryň ýene onusy açylar, olaryň ikisi täze ýyla çenli işe başlar. Mundan başga-da, Parahat-7, Howdan ýaly iri ýaşaýyş jaý toplumlarynda göçme söwda ýola goýlar.

Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek döwlet maksatnamasyna işjeň gatnaşýan “Bereketli” HJ-nyň öndürýän önümleri halk arasynda islegli harytlardyr. Dürli görnüşi şöhlat önümleri, mallaryň we towuk etinden taýýarlanýan nygmatlar ýokary hili bilen alyjylary özüne çekýär. Diňe ýokary hilli çig maldan we tebigy goşundylardan peýdalanýan kärhana indi 25 ýyl bäri abraýly işläp gelýär.

“Bereketliniň” önümleri halkara sergilerinde we bäsleşiklerinde birnäçe gezek diplomlara, şol sanda Londonda geçirilýän abraýly Great Taste bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldy.

Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän önüm öndürmek üçin kärhananyň hünärmenleri Daniýanyň Germaniýanyň, Polşanyň, Ispaniýanyň, ABŞ-nyň, Braziliýanyň, Russiýanyň, Belarusyň we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iş tejribesini öwrendiler. Telekeçilik boýunça hyzmatdaşlaryndan enjamlar, çig mallar, hoşboý ysly dürli goşundylar, gaplaýjy serişdeler satyn alynýar. Hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri daşary ýurtly kärdeşleriniň ýolbaşçylygynda şöhlat önümlerini öndürmegiň tehnologiýasyny öwrendiler.

Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda döwlet tarapyndan berlen ýeňillikli karzyň hasabyna 150-den gowrak iş orunly döwrebap kärhana guruldy. Häzirki wagtda eti gaýtadan işlemek üçin iň täze enjamlar we kuwwatly sowadyjylar bilen üpjün edilen önümçilik sehlerinde hem-de bölümlerinde şöhlat önümleriniň 60, etli ýarym fabrikatlaryň 20-den gowrak görnüşleri öndürilýär. Başga bir sehde gök we gara çaýyň 25-e golaý görnüşi gaplanylýar. Her gün söwda nokatlaryna alty tonnadan gowrak dürli önüm ugradylýar.

Degişli makalalar

Türkmen-Malaýziýa Işewürler Maslahaty

syrach

Žiwopisçiler Suratlarynda Baýramçylyk Ruhuny Wasp Edýärler

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi