24.9 C
Aşkabat
23.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar SPORT

Ankarada, Parižde we Daşkentde Bütindünýä Welosiped…

Ankarada, Parižde we Daşkentde Bütindünýä Welosiped Güni Mynasybetli Çäreler Geçirildi

2018-nji ýylda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen kabul eden Rezolýusiýasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda Ankaranyň «Türkmenistan» seýilgähinde welosiped bäsleşigi geçirildi.

Çärä diplomatik wekilhananyň işgärleri, Ankaranyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen ýaşlary, türk paýtagtynyň dolandyryş edarasynyň, KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.

10 kilometr aralyga geçirilen welosiped bäsleşigine gatnaşanlar şu seýilgäh toplumyndaky dana türkmen şahyry Magtymgulynyň ýadygärliginiň ýanyndaky pellehana geldiler.

***
Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosiped bäsleşigini gurady, oňa diplomatik wekilhananyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary, bu ýerde kowçum ýaşaýan türkmenleriň, şeýle hem Parižde ýerleşýän käbir ilçihanalaryň wekilleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşanlaryň ählisine ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

***
Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy Daşkentde welosiped bäsleşigini geçirdi. Baýramçylyk çäresine diplomatik wekilhananyň işgärleri, Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen ýaşlary, bu ýerde kowçum ýaşaýan türkmenleriň wekilleri gatnaşdylar. Özbek paýtagtynyň Merkezi seýilgähinde geçen welosiped bäsleşigi 5 kilometr aralyga dowam etdi.

Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

«Grassroots» Çagalar Futbol Festiwaly Geçirildi

Hytaý-Türkmen Hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi