15.9 C
Aşkabat
02.05.2024
DÜNÝÄ

BEŞAR ESAD EÝRANDA SAPARDA BOLDY

Siriýanyñ Prezidenti Beşar Esad Eýranda saparda boldy.

Eýranyñ Prezidenti Mahmud Ahmedinejad siriýaly kärdeşi Beşar Esad bilen bolan duşuşygynda Siriýa bilen ýurdunyñ arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklarynyñ ösdürilmeginiñ ähmiýetine ünsi çekdi we bularyñ syýasy gatnaşyklar bilen arabaganşykly bolandygyny aýtdy.

İki ýurduñ arasyndaky gatnaşyklarynyñ geçen ýyllar bilen deñeşdirlende barha ýokarlandygyny nygtan Ahmedinejad “Tähran bilen Damaskyñ biri-biri bilen jebisleşmegi sebitiñ howpsuzlygy, parahatçylygy we asudalygy taýdan möhümdir” diýdi.

Ahmedinejad sebit ýurtlarynyñ arasynda köp taraply hyzmatdaşlygyñ ýola goýulmagy bilen ykdysady güýç bolup biljekdiklerini belledi.

Siriýanyñ Prezidenti Beşar Esad hem “iki ýurduñ arasyndaky hyzmatdaşlyk sebitiñ asudalygy taýdan diýseñ ähmiýetlidir” diýip belledi.

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Eksport…

Türkmenistanda Hazarýaka Döwletleriniň Hyzmatdaşlygy Boýunça Maslahat Geçirilýär

turkmenhabargullugy

Kerri Putin Lawrow Duşuşygy

syrach