27.4 C
Aşkabat
19.04.2024
SPORT

Türkmenistanyň birinji raketkasy finala çykdy

Türkmenistanyň birinji raketkasy Anastasiýa Prenko Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna bagyşlanyp, türkmen paýtagtynda geçirilýän ITF halkara ýaşlar ýaryşynda finala çykdy. Şu gün şeýle üstünligi bu bäsleşikleriň üç gezek ýeňijisi 17 ýaşly tennisçi Russiýadan gelen tennisçi Wiktoriýa Klimuşkadan ýarym finalda üstün çykyp gazandy.

Russiýaly tennisçi diňe birinji torda biziň ildeşimize mynasyp garşylyk görkezdi, muňa oýnuň 6:4 hasabynda A.Prenkonyň peýdasyna tamamlanmagy hem şaýatlyk edýär. Ikinji torda bolsa Anastasiýa öz bäsdeşinden 6:0 hasabynda üstün çykdy. Munuň öň ýanynda 4/1 finalda Anastasiýa Prenkonyň russiýaly tennisçi gyzlaryň ýene birinden – Anna Pomýatinskaýadan 6:2, 6:3 hasabynda üstün çykanlygy hem bellärliklidir.

Finalda A.Prenkonyň garşysyna Skaý Hopper oýnar, ol şu gün erjel bäsleşikde üç torda Gazagystandan gelen tennisçi Aleksandra Grinçişinany 7:6, 5:7, 6:4 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Erkekleriň finalynda Anton Desýatnik (Russiýa) bilen Anton Sarançukow (Gazagystan) duşurar. Olaryň ilkinjisi ýeňil bolmadyk göreşde Aleksandr Ärnepesowdan (Türkmenistan) 6:4 hasabynda üstün çykdy, ikinjisi bolsa 2 sagat 40 minuta çeken başa-baş bäsleşikde Boris Çernowdan (Russiýa) 6:4, 1:6, 6:3 hasabynda üstün çykdy.

Jübütleýin oýunlarda bolsa eýýäm bäsleşigiň ýeňijileri belli boldy. Erkeklerden finalda russiýaly Boris Çernow bilen Maksim Krawsow türk jübütligi Çem Ilkel bilen Sinan Tunuň garşysyna oýny 6:4, 6:4 hasaby bilen ýeňişli tamamladylar. Zenanlaryň arasynda bolsa internasional jübütlik Aleksandra Baranowa (Russiýa) bilen Gülnäz Dokeý (Gazagystan) russiýalylaryň jübütligi Wiktoriýa Klimuşkina bilen Anna Pomýatinskaýadan 7:5, 7:5 hasabynda üstün çykdylar.

Ýekelikde oýnamakda final oýunlary 4-nji oktbýarda «Olimpiýa» stadionynyň kortlarynda geçiriler.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Lebapda sport baýramçylygy.

syrach

At çapyşyk möwsümiň ikinji güni geçirildi.

syrach

“Köpetdag II” Üçünji Orna Geçdi