13.9 C
Aşkabat
18.05.2024
DÜNÝÄ

Türkmenistanda Meksikanyň ilçisi işe başlady.

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Marta Ýelena Federiki Barsena Kokiden ynanç hatyny kabul etdi. 

Milli parlamentiň Başlygy türkmen döwletiniň Baştytanynyň adyndan diplomaty belent we jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we iki ýurduň hem-de halkyň arasyndaky dostlugy, ynamy we özara düşünişmegi pugtalandyrmak işinde üstünlikler arzuw etdi. Hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa öz ýürdunyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de türkmen halkyna abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi. 

Soňra bolan söhbetdeşligiň barşynda Meksikanyň doly ygtyýarly wekili türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Latyn Amerikasy ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmegi ugur edinýär, şol ýurtlar bilen bolsa soňky ýyllarda işjeň gatnaşyklar ösdürilýär. 

Şeýle hem ilçä milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda dünýä ykdysady we maglumatlar giňişligine üstünlikli goşulyşmaga gönükdirilen toplumlaýyn ösüş maksatnamlarynyň çäklerinde amala aşyrylýan iri möçberli taslamalar barada habar berildi. Ylym we bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda geçirilýän özgertmelere aýratyn üns berildi. 

Diplomat şeýle hem milli parlamentiň düzüm gurluşy we kanunçykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy. 

Biziň ýurdumyzda geçirilýän oňyn özgertmelere uly gyzyklanma bildirmek bilen, hanym Ýelena Federiki Barsena Koki durmuş-ykdysady we medeni ulgamlarda üstünliklere eýe bolan Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artýandygyny belledi. Ilçi hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtmak bilen, iki ýurduň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara guramalarynyň, özaly bilen bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde mundan beýläk-de özara ylalaşykly hereket etmegi ählumumy parahatçylygyň we Türkmenistanyň hem-de Meksikanyň dostlukly halklarynyň abadançylygynyň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. 

* * *

Biziň ýurdumyza saparynyň barşynda Meksikanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Energetika ministrliginde we Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetinde kabul edildi, onda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine garaldy. Şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary we mugallymlary bilen duşuşyk geçirildi. 

Medeni maksatnamanyň çäklerinde diplomat Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň we Türkmen halysynyň milli muzeýiniň täsin gymmatlyklary bilen tanyşdy.

Degişli makalalar

KIPR GEPLEŞIKLERI 13-NJI OKTÝABRDA BAŞALAÝAR

syrach

Bruneý döwletine syýahat.

syrach

Türkmenistan bilen BMG-nyñ arasyndaky gatnaşyklar pugtalanýar

syrach