19.9 C
Aşkabat
17.05.2024
YLYM

Bilim ulgamynda ygtyýarlandyrylan işiň kanuny jähtleri.

„Bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işini ygtyýarlandyrmak hakynda“ karar 2009-njy ýylda „Bilim hakynda“ kabul edilen täze Kanunyň kabul edilmegi bilen mümkinçilik dörän Türkmenistandaky hususy okuw mekdepleriniň işini düzgünleşdirmeklige gönükdirilendir. Türkmenistanda bellige alynan döwletiň häkimiýet we dolandyryş edaralary , ýerli öz-özüni dolandyryş guramalary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň dürli eýeçilikdäki gurluşlary, jemgyýetçilik guramalary , Türkmenistanyň we daşary ýurt raýatlary esaslandyryjy bolup çykyş edip bilerler.

Bu düzgünnamanyň esasy düzgünleri barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ygtyýarlandyryş bölüminiň başlygy Atamyrat Baýmyradow gürrüň berdi:

Milli bilim ulgamynyň özgertmeleri, onuň dünýä giňişligine ornaşmagy bu ugurdan kanuny esaslaryň ösüşini talap etdi. „Bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işini ygtyýarlandyrmak hakynda“ karar bu ugurda möhüm ädim boldy.

Düzgünnama laýyklykda bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işini ygtyýarlandyrmagyň maksady-işiň bu görnüşi babatda bir bitewi döwlet syýasatyny ýöretmek, ony amala aşyrmagyň şertlerini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek (şol sanda onuň hiline gözegçilik etmek) şeýle-de Türkmenistanyň raýatlarynyň bilim almaklyga bolan hukuklaryny goramak, bilim edaralaryň ösüşi üçin, ilata hödürlenýän bilim hyzmatlarynyň giňeldilmegi we düzgünleşdirilmegi üçin hukuk kepillerini üpjün etmekden ybaratdyr.

Ygtyýarlandyrmagyň taraplary hökmünde ygtyýarlandyryjy gurama, ýagny Türkmenistanyň Bilim ministrligi we işiň ygtyýarlandyrylan görnüşi Tertipnamasynda görkezilen we ony amala aşyryp bilýän şahsy we edara görnüşli taraplar çykyş edýär. Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň –şahsy tarapyň işlejek ugruna degişli mugallymçylyk ýa-da hünär bilimi bolup, şol ugurdan 3 ýyl iş tejribesi bolmalydyr.

Şahsy taraplara bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işine ygtyýarnama diňe Türkmenistanyň ykdysady işleriniň görnüşleriniň döwlet klassifikatorynyň degişli şertli belgileri boýunça berilýär. Bilim bermek we işgärleri hünäre hünäre taýýarlamak işini amala aşyrmaga bolan hukuk degişli ygtyýarnamanyň alnan pursadyndan başlap ýüze çykýar we ol ygtyýarnamanyň möhletiniň tamamlanmagy bilen öz güýjüni ýitirýär.

Öňki düzgünnamada ygtyýarlandyrmanyň 5 ýyla çenli işlemegiň möhleti görkezilip, şahsy taraplara artykmaçlyklar berilmeýärdi. Täze düzgünnama laýyklykda, bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işini amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnama 3 ýyldan az bolmadyk möhlete; bilim bermek we mugallymçylyk işini amala aşyrýan şahsy taraplara bolsa ygtyýarnamanyň hereket ediş möhletini çäklendirmezden berilýär.

Jemleýji synag, bilim hem-de kär derejesini bermek baradaky resminamalary bermek bilen utgaşdyrylmaýan bir gezeklik umumy okuwlar, usulyýet maslahatlary we okuwyň beýleki görnüşleri hökmünde amala aşyrylýan bilim işlerine degişli däldigi bu düzgünnamanyň ýene bir aýratyn tarapy diýseň bolýar.

Öňki düzgünnamada ygtyýarnamany diňe bermeklik tertibi görkezilýän bolsa , täze düzgünnamada ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek , onuň möhletini uzaltmak we başga düzgünler hem kesgitlenýär.

Ygtyýarnamanyň dalaşgäri bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işini amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnamany almak üçin arzanyň ýanyna degişli zerur resminamalary goşýar. Olar- ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň okuw-maddy binýady ulanmaga bolan hukuklaryny tassyklaýan göçürmeleri, şol sanda dalaşgäriň eýeçilik, kärende hukuklarynda ýa-da beýleki kanuny esaslarda okuw işlerini guramak üçin binalarynyň we jaýlarynyň, bedenterbiýe we sport desgalarynyň , umumy ýaşaýyş jaýlarynyň bardygy baradaky resminamalary, işgärler düzüminiň mugallymlar, terbiýeçiler we beýleki işgärler bilen üpjünçiligi, okuwçylaryň göz öňünde tutulýan sany baradaky maglumatlarywe bilimi baradaky resminamalaryň kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan göçürmelerini we zähmet depderçeleriniň bellenen tertipde tassyklanan göçürmeleri we okuw edebiýatlary bilen üpjünçiligi baradaky maglumatlary.

Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň berlen resminamalarynda bar bolan maglumatlary seljermek, şol sanda olaryň şu düzgünnamada bildirilýän ygtyýarnama talaplaryna we şertlerine laýyk gelşini barlamak ygtyýarlandyrmak baradaky topar tarapyndan amala aşyrylýar.

Täze düzgünnama laýyklykda bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işini amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnamanyň goşundysy bar. Bu goşundyda dalaşgäre amala aşyrmaga hukuk berlen işiniň okuw maksatnamalarynyň , taýýarlyk ugurlarynyň we hünärleriniň sanawy, olaryň derejesi (tapgyrlary) we ugra gönükdirilişi, kadalaşdyrylan özleşdirme möhletleri barada we döwlet akkreditasiýasy barada şahadatnamasy bar bolan bilim edaralarynyň uçurymlaryna berijlek kär barada, gözegçilik kadalary we okadylýanlaryň sany barada düzgünleri bar.

Ygtyýarnamada görkezilen kadalary we görkezijileri berjaý etmäge, öz guramaçylyk –hukuk görnüşiniň, derejesiniň bilim bermek işini amala aşyrmak şertleriniň üýtgemegi hakynda Ygtyýarlandyryjy edara 15 gün möhletde habar etmäge borçludyr.

Lukmançylyk, oba hojalyk we beýleki ýöriteleşdirilen bilim maksatnamalary boýunça okuw işini amala aşyrmaga bildirilýän talaplar degişli pudagyň, iş ulgamynyň döwlet dolandyryşynyň merkezi edaralary tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanýar.

Düzgünnamada Ygtyýarlandyryjy edara ygtyýarnamanyň hereketini togtatmaga esas bolup durýan talaplarynyň we şertleriniň bozulmalarynyň sanawy hem getirilýär.

Ygtyýarnama ýatyrylan ýagdaýynda , ygtyýarnamanyň eýesi 3 günüň dowamynda bu barada okaýanlara we olaryň ene-atalaryna ýazmaça görnüşde habar bermäge hem-de okuwyny doly tamamlamadyk okuwçylaryň okuwa kabul edilende baglaşan şertnamasyna laýyklykda hakyky çykdajylarynyň öwezini dolmaga borçludyr.

Şeýlelikde bu Düzgünnama Türkmenistanyň bilim syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri bolan bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamaklyk ulgamynda işleri alyp barmagyň kanuny esaslary bolup durýar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Hekaýa: Tebip Enäniň Sargydy

Okuw Esbaplaryny Türkmenistanyň Gümrük Serhedinden Geçirmegiň Tertibi

syrach

Aşgabatda Innowasiýa Tehnologiýaly Stomatologiýa we Oftalmologiýa Ylmy Merkezleri Açyldy

turkmenhabargullugy