21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Lebap welaýatynda täze saglyk merkezi açyldy.

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň “Täze durmuş” geňeşliginde Türkmenistanyň bitaraplygynyň 16 ýyllygynyň baýramçylygynyň öňüsyrasynda bir günde 30 näsagy kabul etmäge niýetlenen oba Saglyk öýüniň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi täze Galkynyş eýýamynda gadymy türkmen topragynda amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň aýdyň nyşanydyr.

Dürli baýdaklar, lentalar we howa şarlary bilen bezelen häzirki zaman binagärlik äheňinde gurlan täze binanyň öňündäki meýdança säher bilen oba adamlary, welaýatyň we etrabyň häkimlikleriniň, Umumymilli “Galkynyş” hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar. Aýdym-saz toparlary bu günki wakanyň şanyna özgertmeler eýýamynyň gazananlaryny wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar.

Dabarada çykyş edenleriň belleýşi ýaly, milletiň saglygyny goramak, ilatyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasyny düzýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen we milli Liderimiziň uly üns bermeginde ýurdumyzyň durmuşyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli saglygy goraýyş ulgamynda obalarda we etrap merkezlerinde köp ugurly hem-de häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap hassahanalaryň gurluşygyna möhüm orun berilýär. Munuň özi täze döredilen Döwletli etrabynda has-da aýdyň görünýär. Şu günki ulanmaga berlen Saglyk öýi 2011-nji ýylyň dowamynda etrapda gurlan şeýle desgalaryň bäşinjisidir.

Şu ýylyň geçen döwründe Tölegguýy, Bekararlyk, Hajygolak, Kerkak ýaly obalarda döwrebap oba hassahanalary gurlup ulanmaga berildi. Olar oba ilatyna giň ugurlar boýunça ýokary hilli lukmançylyk hyzmatyny hödürleýärler. Täze gurulýan Saglyk öýleriniň hemmesi daşary ýurtlaryň iň kämil enjamlary we tehnikalary bilen üpjün edilýär. Ähli lebaplylar ýaly, Döwletli etrabynyň ilaty hem türkmen halkynyň saglygy hem-de abadançylygy ugrunda ýadawsyz alada edýän

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýdýarlar we döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna alyp barýan asylly işlerinde üstünlik arzuw edýärler.

“Täze durmuş” geňeşliginde täze açylan saglyk merkezini “Mygmar” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler we bu desga häzirki döwürde lukmançylyk ulgamynyň binalaryna bildirilýän ähli talaplara doly laýyk gelýär. Bu ýerde näsaglara giň ugurlar, şol sanda maslahat beriş we anyklaýyş boýunça lukmançylyk hyzmatyny ýerine ýetirmek üçin ähli zerur şertler bar. Täze Saglyk öýünde rentgen, terapewt, hirirguýa, ginekologiýa, stomatologiýa we beýleki köp sanly ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen otaglar, şeýle hem maşgala lukmany üçin otag we barlaghana bar. Oba hassahanasy dünýäniň belli kompaniýalarynyň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Bu ýerde näsaglar gündizki bejeriş hyzmatlaryndan we dermanhanadan peýdalanyp bilýärler. Hassahananyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylypdyr, döwrebap yşyklandyryjlar oturdylypdyr, gök zolak oturdylypdyr.

Dabara tamamlanan soň, Saglyk öýüniň açylyş dabarasy mynasybetli, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna we

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna sadaka berildi

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

«Türkmen Enjam» Hojalyk Birleşigi Polimer Turbalary Çykarmagy Özleşdirdi

Hormatly Gümrük Gullugynyň Harby Gullukçylary we Işgärleri!

turkmenhabargullugy

Açyk Gapylar we Oňyn Bitaraplyk Syýasaty