05.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Türkmen Goragçysy Braziliýaly Hüjümçiden Öňe Geçdi

Daşkendiň «Pahtakor» toparynyň resmi saýty (www.pakhtakor.uz) toparda iň köp gol salan legionerleriň sanawyny yglan etdi. Daşary ýurty futbolçylaryň 23-sinden ybarat bolan sanawda ildeşimiz Goçguly Goçgulyýew 3-nji orny eýeledi. Ol «Pahtakoryň» düzüminde 80 oýunda 26 gezek tapawutlanypdyr.

Iheruome Uçe (Nigeriýa) bilen Dragan Çeran (Serbiýa) 30 pökgi bilen öňdeligi eýeleýär. 4-nji we 5-nji orunlar degişlilikde gruziýaly Kahi Maharadze (23 gol) bilen braziliýaly Tiago Bezerra (21 gol) düşüpdir. Şeýlelikde, türkmen goragçysy bu sanawda braziliýaly hüjümçiden hem öňde geçmegi başardy.

Türkmenistanly futbolçy 2002-nji ýylda 14 gezek tapawutlanyp, «Pahtakoryň» düzminde iň köp pökgi geçiren oýunçy boldy. Eger-de, Goçguly Goçgulyýewiň goragçydygyny nazara alsaň, munuň özi ajaýyp görkezijidir. Özbegistan çempionatynda «Pahtakoryň» düzüminde çykyş eden goragçylaryň hiç birine şondan öňem, soňam Goçguly Goçgulyýewiň görkezijisini gaýtalamak başartmandygy bellenilmäge mynasypdyr.

Ýeri gelende aýtsak, ýokarda agzalan sanawyň ilkinji 10-lugynda ýene bir türkmenistanly futbolçynyň, Aleksandr Krohmalyň orun alandygyny ýatladýarys.

Merdan BAÝAT,

sport synçysy.

Çeşme: msy.gov.tm

Degişli makalalar

Hökümetara Türkmen-Özbek Toparynyň Mejlisi

syrach

Amerikan olimpiýaçylary Türkmenistanda sport tejribesini alyşýarlar.

syrach

Özbegistanda sport festiwaly geçirildi.

syrach