22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
SPORT

Milli sport we syýahatçylyk institutynda maslahat geçirildi.

 Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda maslahat geçirildi. Onuň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Olimpiýa Komitetiniň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde gurulmagy göz öňünde tutulýan iri sport desgalarynyň birnäçesiniň taslamalary bilen tanyşlygyň barşynda beýan eden wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça meseleler girizildi. 

Maslahata Sport baradaky döwlet komitetiniň wekilleri, ýurdumyzyň tanymal tälimçileri we türgenleri, sport lukmançylyk ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary we beýlekiler gatnaşdylar. 

Mälim bolşy ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurulýan Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygy bilen tanyşmaga baranda 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň hödürlenen nyşanlaryna aýratyn üns berdi. Milli Liderimiz ýurduň özboluşly nyşanlary bolup durýan bu babatda aýratyn orun Aziadanyň nyşanyna degişli bolup, ol oňat tanalmalydyr we baýramçylyk ýagdaýyny döretmek bilen ýaryşlara gatnaşyjylaryň ruhuny götermelidir diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz iň gowy nyşan ugrunda bäsleşik yglan edilse hem-de 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany boýunça teklipleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegini guramak maksada laýyk bolar diýip belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şeýle nyşanda Türkmenistanda has meşhur bolan jandar hökmünde ahalteke bedewi, laçyn, alabaý, tazy dalaş edip biljekdigini aýratyn nygtady. Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ähli tehniki taraplaryny, şeýle hem Oýunlaryň geçirilen wagtynda howa şertlerini nazara almak bilen, Aziada – 2017-niň alawynyň nusgalaryny işläp taýýarlamak boýunça tabşyryklary berdi. 

Milli sport we syýahatçylyk institutynda geçirilen maslahatyň barşynda oňa gatnaşanlar milli Liderimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, bäsleşige mümkinçilige görä, adamlaryň köp sanlysyny, şol sanda ýaş suratkeşleri we dizaýnerleri çekmegiň möhümdigini bellediler. 

Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, türkmen paýtagtynda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň baýramçylyk ýagdaýyny döretmekde, olaryň many-mazmunyny baýlaşdyrmakda Aziadanyň nyşany uly orun eýelär. Ol diňe biziň ýurdumyzyň çäginde giňden ýaýran jandarlaryň şekilleri bilen däl-de, eýsem, ýeňşe bolan erk-isleg, baş bermezlik ýaly öňdebaryjylyk aýratynlyklaryny we sport joşgunyny, şeýle hem türkmen halkyna mahsus bolan myhmansöýerlik we göwnaçyklyk ýaly häsiýetleri alamatlandyrmalydyr. Maslahatyň barşynda şeýle hem Oýunlaryň nyşanyny seçip almagyň, köpeltmegiň düzgün-tertibi, ony halkara sport jemgyýetçiligi bilen tanyşdyrmak işiniň köp wagty we ägirt uly taýýarlygy talap edýändigi bellenildi. Şonuň üçin hem maslahata gatnaşyjylar bu ugurda degişli işlere eýýäm häzirden başlamagyň gerekligi barada bir pikire geldiler. 

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, öňde boljak Aziada – 2017 ýaşlar üçin beden we ruhy taýdan kämillige tarap ýolda ajaýyp itergi bolsa, Türkmenistan üçin tutuş dünýä Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe gazanan üstünliklerini, hyzmatdaşlyga açyklygyny we taýýarlygyny görkezmäge gowy mümkinçilik bolup durýar. 

Maslahat gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli sporty has-da ösdürmek we onuň abraýyny halkara giňişliginde artdyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini çözmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine, tejribelerini we bilimlerini gaýgyrmajakdyklaryny ynandyrdylar.

Degişli makalalar

Ýazky möwsümiň nobatdaky at çapyşyklary

syrach

Soçi: Pentagon Orsýete teklip edýär.

syrach

Türkmen Türgenleri Ýene Dört Medala Eýe Boldular