30.9 C
Aşkabat
01.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dürli markaly awtobenzini satyn aldylar. ABŞ-dan gelen işewürler bolsa tehniki uglerody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz boýalan we tüýjümek önümleriniň giň görnüşi, nah ýüplük, mata, pagta süýümi satyldy. Olary Russiýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Türkiýeden, Singapurdan, Gruziýadan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 44 million 554 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Şotlandiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 8 million manat töweregei bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazarda jemi bahasy 5 million manatdan gowrak azyklyk bugdaýy we karbamidi satyn aldylar.

Degişli makalalar

«Türkmennebit» DK: Goşmaça Çykarylýan Nebitiň Möçberleri Artdyrylýar

Işim Şowuna Bolsun Diýseňiz…

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen we Gazak Işewürliginiň Arasyndaky Gatnaşyklarynyň Ösdürilmegini Goldaýar