21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Nebiti we Gazy-2016

Türkmenistanyň Nebiti we Gazy-2016

Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2016 halkara forumy özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam eder.

Dünýäniň ýüzden gowrak nebitgaz kompaniýalarynyň hünärmenleri, 40-dan gowrak ýurduň döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň we banklaryň wekilleri 7-9-njy dekabr aralygynda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2016» atly 21-nji halkara maslahata we sergä gatnaşar. Foruma görülýän taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ýagşygeldi Kakaýew Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa geçen anna güni mejlisiň barşynda hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti öňümizdäki hepdede Aşgabatda geçiriljek nebitgaz sergisiniň hem-de maslahatynyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň serişdelerini we senagat kuwwatyny doly görkezmelidigini, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan kompaniýalarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam etmelidigini belledi.

Guramaçylary «Türkmennebit» döwlet konserni we Summit Trade Events kompaniýasy çykyş edýän konferensiýanyň gün tertibine nebit we gaz bazarynyň global, sebit we ýerli ösüşi, energiýa serişdelerini ibermäge ukyply iri merkez hökmünde Hazar we Merkezi Aziýa sebiti, geosyýasy hyzmatdaşlyk we global energetika howpsuzlygy, global energetika howpsuzlygynda Türkmenistanyň orny, şeýle hem ýurdumyzyň energetika syýasaty bilen bagly meseleler girizildi.

Forumda türkmen tebigy gazynyň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak taslamasyna aýratyn üns berler. Forumyň çäklerinde bu taslamany durmuşa geçirmek bilen bagly birnäçe resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Mejlisleriň biri iň täze tehnologiýalary we oýlap tapyşlary Türkmenistanyň nebitgaz gaýtadan işleýiş we nebithimiýa senagatyna ornaşdyrmaklyga we täze önümçilik kuwwatlyklaryny gurmaklyga bagyşlanar.

Maslahata gatnaşyjylara halkara kompaniýalarynyň Türkmenistandaky taslamalarynyň, dowam edýän geologiýa gözleg işleriniň, ägirt uly «Galkynyş» gaz känini, şeýle hem Hazaryň kenaryndaky nebit we gaz känlerini özleşdirmegiň synlary berler.

Türkmenistanyň nebitgaz senagatyna maýa goýumlaryny çekmek, hökümetara we köptaraplaýyn ylalaşyklaryň hukuk esaslary ýaly temalar aýratyn ara alnyp maslahatlaşylar.

Çäräni gurnaýjylar onuň wekilleri üçin forumyň wakalary, onuň maksatnamasy bilen aňsat tanşar ýaly, beýleki gatnaşyjylar bilen aragatnaşykda bolar ýaly, çäre gatnaşyjylar, çykyş etjekler, howandarlary hakynda köp maglumat biler ýaly, şeýle hem Aşgabadyň syýahatçylyk ýerleri barada oňat biler ýaly mobil programmasyny işläp düzdüler.

Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmegiň möhümdigini belläp, täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny täze tehnikalar bilen üpjün etmek, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, gazhimiýa önümçiligini döretmek ulgamyndaky işleri has-da işjeňleşdirmäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny aýtdy. Umuman, bularyň ählisi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmaga, türkmen halkynyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir, diýip döwlet Baştutany belledi.

British Petrolium kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, tebigy gazynyň ätiýaçlyk gorlary boýunça Türkmenistan dünýäde dördünji orny eýeleýär. Gaffney, Cline & Associates garaşsyz britan kompaniýasy «Galkynyş» gaz käniniň ätiýaçlyklaryny 26,2 trillion kub metr gaz möçberinde kesgitläpdi.

Degişli makalalar

Balkanabat Şäherinde Woleýbol Boýunça Ýaryş Geçirildi

Türkmen Zyýaratçylary Mekgä Haja Ugradylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Wezipä Bellemek Hakynda Birnäçe Resminama Gol Çekdi