20.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Birža Täzelikleri

Şu hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky eksport geleşikleriniň bahasy ABŞ-nyň 23,1 million dollaryndan gowraga barabar boldy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan we Owganystandan gelen telekeçiler degişlilikde, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Owganystanly işewürler bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzine hem isleg bildirdiler. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriniň giň görnüşi, jinsi matalary we nah ýüplük ýerlenildi. Olary Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 23 million 138 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 600 müň manatdan gowrak azyklyk bugdaýy, polipropileni we nebit bitumyny satyn aldylar.

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dünýä Türkmenleriniň Ynsanperwer Birleşiginiň XX Maslahatyna Gatnaşyjylara Gutlag Hatyny Iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara Zenanlar Güni Mynasybetli Gutlagy

turkmenhabargullugy

Žurnalistleriň Arasyndaky II Şaşka Ýaryşy Geçiriler

turkmenhabargullugy