21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
YLYM

Kitap hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly

Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde “Kitap – hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň VI Halkara sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat öz işine başlady, bu çäre Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmen döwlet neşirýat gullugy we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.

Her ýylda geçirilýän bu gumanitar çäre ýurdumyzyň we dünýäniň neşirýat senagatynyň üstünliklerini we gazananlaryny görkezýär hem-de onuň esasy maksady kitaplary we çap önümlerini neşir etmek esasynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekden, köp asyrlyk taryhyň dowamynda dünýäniň dürli halklarynyň toplan medeni we taryhy mirasy arkaly özara baýlaşmakdan ybarat bolup durýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän şu kitap sergisine gatnaşýanlaryň ýene-de uly düzümi ýygnandy, olaryň arasynda Ýewraziýa yklymynyň dürli ýurtlarynyň we ABŞ-niň esasy neşirýat öýleriniň we çap edýän kärhanalaryň, şeýle hem çap enjamlary bilen üpjün edýän kompaniýalaryň wekilleri bar.

Ýeri gelende aýtsak, däp boýunça okuw ýylynyň başlanandygyny alamatlandyrmak üçin geçirilýän bu halkara çäresine şu gezek esasy ylym-bilim merkezleriniň—Kaliforniýa we Prinston uniwersitetleriniň (ABŞ), Kembrij we Oksford uniwersitetleriniň (Beýik Britaniýa), Moskwanyň Iwan Fýodorow adyndaky döwlet neşirýat uniwersitetiniň we Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň (Russiýa), Ukrainanyň neşirýat akademiýasynyň neşirýat düzümleriniň alymlary we hünärmenleri işjeň gatnaşýarlar. Aşgabatda guralýan kitap sergileriniň özboluşly aýratynlygy olaryň hut ylma, bilime we aň-düşünjäniň baýlaşdyrylmagyna gönükdirilmeginden ybaratdyr, munuň özi türkmen döwletiniň bilime we ylma degişli meselelere aýratyn üns berýändigine şaýatlyk edýär. “Kitap—hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň VI Halkara sergisiniň dabaraly açylyşynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular.

Gumanitar çäräniň açylyşyna hökümetiň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ylym we medeniýet işgärleri, Umumymilli “Galkynyş” hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çärä gatnaşyjylara Gutlagyny uly üns berip diňlediler. Şonda döwlet Baştutany: “Kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär. Ýokary çeperçilikli we hakyky sungat eserleri umumy adamzat baýlygyna öwrülýär” diýip belleýär. Milletiň Lideri neşirýat ulgamynyň işgärleriniň hem türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasyny, ýurdumyzyň ykdysady üstünliklerini giňden wagyz etmek işine mynasyp goşantlaryny goşýandygyny belläp, özara hyzmatdaşlyk etmegiň, halklaryň umumy bähbitlerine laýyk gelýän ysnyşykly gatnaşyklary saklamagyň we dost-doganlygy berkitmegiň türkmen döwletiniň esasy ýörelgeleriniň biri bolup durýandygyny nygtady.

Häzirki wagtda iri döwlet we hususy kärhanalaryň 35-den gowragy ýurdumyzyň neşirýat senagatynyň örän uly kuwwata eýe bolup durýandygyny görkezýär, olar döwrebap çap enjamlary bilen üpjün edilendir hem-de olary dürli görnüşdäki, ýokary hilli kitap we neşir önümlerini öndürýärler, şol önümler halkara standartlarynyň ähli talaplaryna laýyk gelýär.

Şu ýerde, Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugyna degişli düzümleriň—Metbugat merkeziniň, “Türkmen kitap” lomaý-bölekleýin söwda kärhanasynyň, “Galkynyş” kitap merkeziniň pawilonlarynda täze neşirleriň ajaýyp nusgalary görkezilýär, şolaryň sahypalarynda bolsa, türkmen halkynyň baý ruhy we taryhy-medeni mirasy giňden beýan edilýär. Bu täze neşirleriň arasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleri—“Türkmenistanyň dermanlyk ösumlikleri” we “Türkmenistan—melhemler mekany” atly täsin lukmançylyk ensiklopediýalary, şeýle hem “Ganatly bedewler”, “Türkmenistanyň şekillendiriş we amaly-haşam sungaty” atly neşirer, “Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri” atly topluma degişli kitaplar, “Täsin Köýtendag” atly iş, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň eserleri, çagalar üçin niýetlenen hem-de Moskwanyň 24-nji kitap sergisinde GDA gatnaşýan döwletleriň “Kitap sungaty” atly Halkara bäsleşiginiň diplomyna mynasyp bolan“Galkynyşyň ak ganatly arzuwy” atly täsirli neşir bar. Ýakynda çap edilen täze kitaplar, şeýle hem ýokary hilli derejede taýýarlanan gollanmalar we plakatlar häzirki wagtda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeler barada giňişleýin gürrüň berýär.

Türkmen neşirýatçylarynyň sergisiniň agramly bölegi başlangyç, mekdepdäki we ýokary okuw mekdebindäki bilimiň ähli ugurlary boýunça okuw we usuly edebiýatdan ybaratdyr.

Türkmen we gündogar edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň täsirli görnüşde neşir edilen, şol sanda ?D we DVD görnüşde taýýarlanan eserleri, audio kitaplar, owadan bezelen albomlar we senenamalar, mahabat we seýrek neşirler we beýleki gündelik önümler sergä gelenleriň ünsüni çekýär, bular “Gündogar ýyldyzy”, “Çaphanahyzmatlary”, “Intek Mediýa”, “Hatdat”, “Esis—Ülke”, “Garant”, “Ýurtdaş”, “Allegro” ýaly welaýat neşirýat merkezleriniň we hususy kärhanalaryň tekjelerinde goýuldy.

Daşary ýurtlardan gelip sergä gatnaşýanlaryň tekjelerinde täze neşir önümleri we çap sungatynyň ýokary tehnologiýaly nusgalary, şeýle hem olaryň elektron görnüşleri, şol sanda okadýan we bilim berýän kontent goýlupdyr. Beýik Britaniýanyň we ABŞ-niň ylym-bilim we neşirýat merkezleriniň tekjelerinde, “Geotar-Media”, “Medknig Elbi-Spb”, “Art-Radnik”, “Galart”, “Wlados”, “Planeta”, “Informnauka” (Russiýa), “Kartografiýa” we “Mystestwo” (Ukraina) neşir kärhanalarynyň sergilerinde, Belarusuň, Azerbaýjanyň, Täjigistanyň ekspozisiýalarynda dürli görnüşdäki ylmy, okuw-bilim, çagalar üçin edebiýat, çeper eserler, sungat we taryh boýunça kitaplar, görkezme gollanmalar, kartografik neşirler we suratalbomlar görkezilýär. Täsin galdyrýan kitaplaryň arasynda “Türkmen zergärçilik önümleri” atly ensiklopedik we birkemsiz bezelen neşir bar, ol Nýu-Ýorkuň “Metropoliten” atly Şekillendiriş sungaty muzeýi tarapyndan taýýarlanypdyr.

“Kitap—hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly ylmy maslahat serginiň möhüm ähmiýetli bölümine öwrüldi, oňa esasy neşirýatlaryň toparlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, kitaphanalaryň wekilleri, çaphana önümçiligi boýunça hünärmenler, edebi awtorlar we žurnalistler gatnaşdylar.

Sergi köşgüniň mejlisler zalynda geçirilen duşuşyga gatnaşyjylar dürli ýurtlar neşirýat pudagyny ösdürmek, kitap we beýleki neşir önümlerini öndürmek üçin täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, maglumatlary başga birine ýetirmek we kitaplary ýaýratmak üçin elektron hyzmatlaryň ulgamyny döretmek boýunça toplanan tejribe we gazanylýan üstünlikler bilen tanyşdyryldy. Gyzykly piikr alyşmagyň barşynda ugurdaş düzümleriň arasynda içgin gatnaşyklary ýola goýmak, şol sanda neşirýat işi we çap etmek tehnologiýalary, terjimeçilik işi boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak, kitaphana işleri boýunça özara arkalaşykly hereket etmek we döredijilikli alyş-çalyşlar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ertir “Kitap—hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň VI Halkara sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat öz işini dowam etdirer. Şonuň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmen döwlet medeniýet institutynda. Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynda A.S.Puşkin adyndaky Türkmen-rus mekdebinde hem döredijilik duşuşyklar we täze neşirler bilen tanyşdyrylyş dabaralary guralar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm 

Degişli makalalar

Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Halkara Uniwersiteti Kremsiň Amaly Ylymlar Uniwersiteti Bilen Hyzmatdaşlygy Ösdürýär

Türkmenistanda Halkara Sergisi we Maslahat Geçirilýär

turkmenhabargullugy

Hünär Taýýarlygynyň Täze Ugurlary

syrach