15.9 C
Aşkabat
05.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

BMG-niň we Türkmenistanyň Pudak Edaralarynyň Wekilleriniň Özarahereketleriň Derwaýys Meseleleri Boýunça Duşuşygy Geçirildi

2020-nji ýylyň 21-nji aprelinde BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda aýratyn howply ýokanç keseliň ýaýramagy sebäpli ýüze çykyp biljek durmuş-ykdysady täsiri peseltmek boýunça Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň arasyndaky Bilelikdäki Iş toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň biziň ýurdumyzda işleýän düzüm birlikleriniň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de beýleki ugurdaş edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda taraplar halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri we milli ykdysadyýetiň ähmiýetli ulgamlarynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has hem işjeňleşdirilmegi boýunça pikirleri alyşdylar. Duşuşygyň çäklerinde dünýä derejesinde aýratyn howply ýokanç keseliň ýaýramagy sebäpli ýüze çykyp biljek mümkingadar durmuş-ykdysady täsiriniň deslapky seljermesiniň netijeleriniň görkezilişi we ara alyp maslahatlaşylmasy geçirildi, şeýle-de biziň ýurdumyz tarapyndan hökümet derejesinde täze görnüşli wirusyň pandemiýasy zerarly ýüze çykan global çökgünliginiň ýaramaz täsirleriniň peseldilmegi üçin durmuşa geçirilýän çäreler dogrusynda hem gürrüň edildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň ýurdumyz bilen birlikde ilatyň kömege mätäç bolan toparlaryna durmuş-ykdysady täsiriň ýetmeginiň derejesiniň peseldilmegi boýunça alnyp barylýan işleri hem-de olaryň hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilmeginiň mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Çeşme: mfa.gov.tm

Degişli makalalar

ÖNEMLİ, Göç İdaresi: HES KODU UYGULAMA ZORUNLULUĞU

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Dokma Senagatynyň Işgärleri Öz Hünär Gününi Pudak Boýunça Serginiň Açylmagy Bilen Belläp Geçerler

Köpugurly Sport Toplumynda Kaşaň Olimpiýa Stadiony Guruldy