15.9 C
Aşkabat
27.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Türkmenistanda Sagdyn Nesil Kemala Gelýär

Häzirki wagtda ýurdumyzda sagdyn nesli kemala getirmek maksady bilen degişli guramalar tarapyndan yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sporty ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak, sport bilen meşgullanmaga höwesli bolan ýaşlaryň sanyny artdyrmak maksady bilen, «Türkmenistanyň» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy tarapyndan anyk işler durmuşa ornaşdyrylýar.

Muňa bolsa ýakynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda guralan futzal boýunça geçirilen ýaryş şaýatlyk edýär. «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» ady bilen guralan XI Uniwersiadanyň çäginde geçirilen bu ýaryş Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň sport toplumynda guraldy.

Çekeleşikli geçen bu ýaryşynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty I orna, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty II orna, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bolsa III orna eýe bolmagy başardy.

Şeýle hem, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň sport toplumynda XI Uniwersiadanyň düzüminde bolan futzal boýunça oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryş hem ýokary guramaçylykda tamamlandy.

Mundan başga-da, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Aşgabat şäher bölümi, Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirligi, «Türkmen sporty» we «Ýaşlyk» teleýaýlymlarynyň bilelikde ylalaşylan meýilnamasyna laýyklykda hem Aşgabat şäheriniň orta mekdep okuwçylarynyň arasynda futbol, basketbol, woleýbol we estafeta ylgawlary boýunça ýaryş geçirildi. Aşgabat şäheriniň 28-nji orta mekdebinde guralan bu ýaryşyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Şeýle-de Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda futbol, küşt, şaşka, stol tennisi we türkmen milli oýuny bolan çilik boýunça ýaryş guraldy. Ýaryş Aşgabat şäheriniň 72-nji orta mekdebinde geçirildi.

Gurban KASYMOW,

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň başlygy.

Çeşme: https://msy.gov.tm/

Degişli makalalar

«NUR» Kompaniýasy Çykarylýan Önümleriň Görnüşlerini Artdyrýar

Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş we Derman Senagaty Ministrliginde Aýratyn Howply Ýokanç Keselleriň Ýaýramagyna Garşy Göreşmek Boýunça Türkmenistanyň Milli Meýilnamasyny Düzmek Babatda Iş Duşuşygy Geçirildi

Jelilmuhammet Hojamyradow Bilen Myrat Gimmiýew Türkmenistanyň Adyndan Oýunlaryň Ilkinji Altyn Medalyny Gazanan Türgenler Boldy