04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Botanika instituty myhmanlaryna gapylaryny giňden açýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Botanika institutynyň Botanika bagy indi däp bolan halk köpçüligi üçin möwsümleýin açylyşa hemmetaraplaýyn taýýar edildi. Ol mart aýynyň ahyrynda açylar.

Mälim bolşy ýaly, Botanika bagy gyş aýlarynda ýapyk bolýar. Şol döwürde alymlar edilen iş barada hasabatlaryny taýýarlaýarlar, kataloglar boýunça zerur bolan tohum serişdelerini sargyt edýärler, tropiki ösümlikleriň gyşdan kadaly ýagdaýda alnyp çykylmagy üçin tagalla edýärler, suwaryş akabajyklaryny arassalamak, agaçlaryň guran şahalaryny kesip aýyrmak ýaly abadanlaşdyryş-hojalyk işleri geçirilýär. Bu ýerdäki ýyladyşhanalarda hem agrotehniki çäreler göwnejaý guraldy. Olarda ýazyna açyk toprakda ekmek hem-de tohumçylyk-seçgi işlerini dowam etdirmek üçin ýaşajyk nahallar ýetişdirilýär.

Ösümlik dünýäsiniň ýerli görnüşleri maýyl howanyň gelmegine ilkinjiler bolup seslendiler. Ak-süýt reňli, gül nagyşlary ullakan gaz tozgasyny ýatladýan, gyrmyzy çul ýaprakly merenderler ilkinji bolup gunçasyny açarlar. Ak, sary, melewşe reňkli zagsyranlar gül açar. Soňra ýabany irisler, giasintler, benewşeler açylar. Muskarileriň-ak sogan şekilli gülleriň çogdumlary peýda bolar. Gülleriň bahar ýörüşini gülälekler we çigildemler dowam etdirerler.

referans: www.turmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti “Iş Kesilenleriň Mukaddes Gadyr Gijesi Mynasybetli Günäsini Geçmek Hakynda” Permana Gol Çekdi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri Hyzmatdaşlygyň Täze Ýoluny Açdylar

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Sanly Wideoaragatnaşyk Arkaly Iş Maslahatyny Geçirdi

turkmenhabargullugy