18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Tebigatyň şypa beriji güýjüniň goragynda.

Türkmen paýtagtynyň günortasynda ýedi ýarym kilometr ýakynynda ýerleşen „Berzeňňi“ şypahanasy ençeme onýyllyklaryň dowamynda türkmenistanlylara öz saglygyny dikeltmäge we berkitmäge ýardam berýär. Şu gün bolsa hemme zerurlyklary bilen üpjün edilen täze gurlan binasynyň ulanylmaga berilmeginiň netijesinde , şypahana öz bejeriş-anyklaýyş mümkinçiliklerini giňeltmekden daşary, iň ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny hem hödürlemäge mümkinçilik aldy.

Şypahana giren ýeriňde mineral suwly çeşmäniň melhem suwuny içmek üçin ýörite ýer döredilen. Gelen myhmanlary täze bina gurlanda saklanyp galnan bagly we owadan bezegli gazonly seýilgäh garşylaýar. Täze binanyň basgançaklaryndan galanyňda uly we ýaraşykly holl, ondan aňry bolsa birnäçe gapa gabat gelýäň. Onuň biri Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň bejeriş beden terbiýesi we saglygy dikeldiş kafedrasynyň otagyna eltýär.

Bu ýerde lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň talyplary üçin sapaklary geçirmekden daşary, ylmy barlaglar we ýurdumyzyň beýleki şypahanalaryndan gelen lukmanlar üçin hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça sapaklar geçirilýär. Beýleki bir gapy-administratiw otaglara eltýän bolsa, üçünji gapy şypahananyň fitobaryna eltýär. Ýene iki gapy- başga bir otaga , ýagny garaşylýan otaga eltýär. Bu ýerde öz saglygyny dikeltmäge gelenler lukmana ýa-da emleri we bejerişleri almak üçin öz nobatlaryna garaşyp bilerler. Soňundan bolsa dynç almak üçin ýörite goýlan diwanlarda oturyp, telewizor görüp, ýa-da diwarlardaky gazetlerden türkmen topragynyň saglyk üçin peýdaly şypa beriji ýerleri baradaky gyzykly maglumatlar bilen tanşyp bilerler.

„Berzeňňi“ şypahanasy Aşgabatda ýerleşýän ylmy-kliniki kardiologiýa merkezi hassahanasynyň bir bölümidir. Her bir lukmançylyk edarasynda bolşy ýaly bu ýerde hem dürli ugurlardan lukmanlar kabul edip, zerur bolan bejergini kesgitleýärler. Şypahanada gurnalan anyklaýyş we bejeriş toplumlary, adamlaryň keselini çalt we takyk kesgitlemäge doly mümkinçilik berýär. Bu ýere adamlar esasan ýürek-damar, garyn-içege, hereket ediş daýanç synalary, merkezi nerw ulgamy we ýokanç bolmadyk deri keselleri boýunça ýüz tutýarlar.

Lukmanyň gelen netijesine laýyklykda, bejergi alýanlar bu ýerde iňňerefleksterapiýa , bejeriş owkalamasy, elektrofarez we yşk bilen bejeriş, magnitoterapiýa, parafin we ozokerit bilen bejeriş, şeýle-de bejeriş bedenterbiýesi we beýleki netijeli fizioterapiýa we bug bilen bejeriş usullary ýaly lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanyp bilerler.

Fiziki-himiki düzüminde bejeriş häsiýetli mineral suwly çeşmäniň düzüminde D.I.Mendeleýewiň tablisasynyň 35 elementi bar. Onuň minerallygy 3,4 gr. dm3 deňdir. Bu ýerdäki dikligine gazylan guýudan her sekuntda 7 litr suw çykýar we onuň üýtgewsiz gyzgynlygy 37 gradusdyr. Çeşmäniň fiziki-himiki düzümi geçen asyryň ortalarynda bu ýerde suw bilen bejeriş şypahanasyny açmaklyga esas döreden bolsa, biziň günlerimizde bu ýerde lukmançylyk ylmynyň gazananlaryny özünde jemleýän şypahananyň adamlara hyzmat etmekligine hem esas boldy. Mineral suwly bejeriş wannalaryň we bejeriş täsirini tiz özleşdirmäge ýardam berýän elektroimpuls usuly ulanylýan wannalaryň 35-si bejergi alýanlaryň hyzmatynda bolup, olarda iki emi bilelikde we yşk bilen bejermegi öz içine alýan suwasty we gidro owkalamanyň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilerler. Mundan başga-da Türkmenistanyň dermanlyk otlaryndan kontrast wannalarynda hem bejergi alyp bilerler. Bejeriş palçygyny ulanmak bilen em etmek otagynda dürli görnüşli duşlardan başga, bejeriş palçykly ýörite howuz bar. Berzeňňi mineral suwunyň palcygyň üstünden haýal akym bilen aýlawly görnüşinde akdyrylmagy netijesinde onuň düzümindäki bolan himiki elementler palcygy minerallaşdyrýar. Şeýlelik-de bu bejergi rahatlandyryjy, agyry aýyrjy, damary giňeldiji sowuklama garşy oňaýly täsirlerini ýetirmek bilen nerw ulgamlary kesselerinde daýanc hereket synalarynyň kesselerinde giňden ulanmaga mümkincilik berýär.

Eger-de näsagyň özbaşdak duş ýa-da wanna bejergilerini almaga we palçykly howuza girmäge ýagdaýy bolmasa, onda lukmanlar ýörite lift, has takyk aýdanymyzda bolsa näsagy oturdyp, göretilýän oturgyç-platformanyň hyzmatlary bilen peýdalanmagy maslahat bererler.

Zerur emleri alyp bolanyşyzdan soň, hökman fitobara baryp görüň. Oňa gelýänlere hoşboý ysly çaý, bejeriş garyndylary , derman ösümliklerden garylan dürli içgiler hödür edilýär. Şypahananyň hünärmenleri fitobar bölümindäki dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanan hoşboý çaýyndan içen wagtyňyzda dermanlyk otlary ulanmaklygyň ugurlary barada gürrüň berýän Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň üç dilde çap edilen kitapçasy bilen tanyşmagy teklip edýärler. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Ilçihanasynyň Täze Binasyny Açdylar

“Ahal” Ýaryş Tertibinde Birinji Orna Geçdi

Türkmenistanyň Prezidentine Mähirli Gutlaglar

syrach