20.9 C
Aşkabat
15.05.2024
YLYM

Çaganyň irki ösüşiniň möhüm meseleleri üns merkezinde

Paýtagtymyzyň «Prezident» myhmanhanasynda «Çaganyň irki ösüşi (ÇIÖ) we ony 2011-2015-nji ýyllarda mekdebe taýýarlamak» baradaky Milli maksatnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada pudagara toparyň maslahaty boldy. Maslahata saglygy goraýyş, bilim, maliýe ulgamynyň hünärmenleri, UNISEF-iň bilermenleri, şeýle hem žurnalistler gatnaşdylar. Maslahaty Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNISEF) biziň ýurdumyzdaky wekilhanasy bilen bilelikde guradylar.

Maslahata ýörite gatnaşmak üçin Türkmenistana Çaganyň irki ösüşi baradaky UNISEF-iň sebitdäki geňeşçisi Dipa Grower geldi. Ol türkmen kärdeşlerini dünýäniň dürli ýurtlarynda çaganyň irki ösüşi boýunça geçirilen barlaglaryň netijeleri we onuň döwletiň ykdysady ösüşine täsiri bilen tanyşdyrdy. UNISEF-iň bilermeni bolmak bilen myhman bu halkara guramanyň we Türkmenistanyň hökümetiniň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde döredilen çaganyň irki ösüşi boýunça hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işçi toparyň düzümine girdi.

UNISEF-iň Türkmenistandaky wekili jenap Sampe Lalungpanyň öz çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistan ykdysadyýeti durnukly ösýän döwletleriň birigip, bu öz nobatynda çagalaryň oňat ösmegi üçin amatly şertleri döredýär. Şunda türkmen döwleti çagalaryň we ýaşlaryň bilim almagy we zähmet çekmegi üçin amatly şertleri üpjün etmek baradaky meseleleri çözmäge örän jogapkärçilikli çemeleşýär. Bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan özgertmeler syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar. Şunda enäniň we çaganyň saglygynyň goralmagyna aýratyn üns berilýär.

Çagalaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegine aýratyn möhüm ähmiýet bermek bilen, türkmen döwleti ösüp gelýän nesliň mekdebe çenli terbiýelenilmegine we okadylmagyna uly üns berýär. «Çaganyň irki ösüşi we ony 2011-2015-nji ýyllarda mekdebe taýýarlamak» boýunça Milli maksatnama munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Ol Türkmenistanyň hökümetiniň UNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen hyzmatdaşlyk meýilnamasynyň çäklerinde taýýarlandy. Maksatnamany işläp taýýarlamaga degişli ministrlikleriň we edaralaryň hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahatyň birinji iş gününiň barşynda toparyň agzalary Türkmenistanyň halkara borçnamalaryndan gelip çykýan hem-de çaganyň irki ösüşi babatda döwlet syýasatyny düzgünleşdirýän teklipleri we maslahatlary ylalaşdylar. Maslahatda Çaganyň irki ösüşi baradaky Milli maksatnamany we degişli ugurda beýleki halkara resminamalary iş ýüzünde ornaşdyrmaga gönükdirilen hereketleriň milli meýilnamalaryny amala aşyrmak bilen bagly meselelere garaldy. Maslahata gatnaşyjylar esasy meseleleriň toparyny–«Çaga doglandan 3 ýaşa çenli we 3 ýaşdan 6 ýaşa çenli ýaş toparynyň ÇIÖ hyzmatlar gurşawynyň derejesi», « Edara mümkinçiligi, şeýle hem şahsy tehniki işgärler mümkinçiligi hökmünde ÇIÖ boýunça netijeli we inkluziw hyzmatlary üpjün etmek üçin mümkinçilikler», «Netijeli ene-ata terbiýesi», «Çagalary goldamakda jemgyeýtleriň we ýerli guramalaryň eýeleýän orny we mümkinçilikleri» we beýleki meseleleri kesgitlediler.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan hukuk özgertmeleriniň çäklerinde hereket edýän milli kanunçylyga monitoring geçirmek boýunça işler «Çaganyň irki ösüşi we ony 2011-2015-nji ýyllarda mekdebe taýarlamak» boýunça Milli maksatnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň işiniň esasy ugurlarynyň biridir. Pudagara toparyň maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň toparyň öňünde goýan hem-de döwlet syýasatyny mundan beýläk-de amala aşyrmaga we giňden wagyz etmäge gönükdirilen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça geljekde edilmeli işler kesgitlendi. Adam bähbitlerini we hukuklaryny goramak şol syýasatyň esasy ugrudyr.

Toparyň agzalary pikir alyşmagyň çäklerinde degişli ugurda iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek barada bir pikire geldiler.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Elektron Kitaplaryň Taryhy

Sanawdaky Medipol Uniwersiteti Türkmen Talyplaryna Garaşýar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi (Sanly Bilim Ulgamyny Ösdürmegiň Konsepsiýasy Hakynda)