16.9 C
Aşkabat
28.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

“Türkmenistanyň nebiti we gazy-2011” atly halkara Ýarmarkasy

Sergi köşgünde “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2011” atly halkara sergisi açyldy, ertir-16-njy noýabrda bolsa “Garaşsyzlygymyzyň 20 ýylynda Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň ösüşi we halkara hyzmatdaşlygynyň geljegi” atly halkara ylmy maslahat öz işine başlar. Wekilçilikli maslahaty Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy gurady.

Bu iki iri halkara çäresi 1996-njy ýyldan bäri her ýyl daşary ýurt kompaniýalarynyň we şereketleriniň onlarçasynyň menejerlerini, marketing işgärlerini we ýolbaşçylaryny paýtagtymyza ýygnaýar. Şu gezek dünýäniň 20-den gowrak ýurdunyň 100-e golaý kompaniýalary, şeýle hem biziň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edaralary Sergi merkeziniň zallarynda öz diwarlyklaryny ýerleşdirdiler. Munuň özi Türkmenistanyň dünýäniň iri nebitgaz döwletleriniň hataryna girendigine we ygtybarly, geljegi örän uly hyzmatdaşyň mynasyp abraýyna eýe bolandygyna şaýatlyk edýär. Türkmen bazary uglewodorod çig malynyň ägirt uly gorlary, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy netijesinde halkara işewür toparlarynyň wekilleri üçin örän özüne çekijidir.

Serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda resmi taýdan bellenen diplomatiki wekilhanalaryň we missiýalaryň baştutanlary, nebitgaz pudagynyň hünärmenleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri we başgalar gatnaşdy.

Foruma gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gutlag hatyny ýollady, şonda Türkmenistanyň syýasatynyň nebitgaz toplumyny okgunly ösdürmäge gönükdirilendigi bellenip geçilýär, öňdebaryjy tilsimatlar, iň täze enjamlar esasy ileri tutulýan ugurlar bolup olar dünýäniň energetika döwleti hökmünde Türkmenistanyň ägirt uly kuwwatyny netijeli durmuşa geçirmegi üpjün etmelidir. Häzirki gözden geçiriliş biziň ýurdumyzyň hyzmatdaşlary bolmaga isleg bildirýänleriň hemmesi bilen özara bähbitli şertlerde bilelikde işlemegiň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek üçin ýene-de bir öňat mümkinçilik bolar diýip, döwlet Baştutany ynam bildirdi.

Sergi merkeziniň zallarynda uglewodorod çig malyny agtarmak, çykarmak we daşamak, çuň burawlamak, deňiz agtaryşy hem-de Hazarda taslamalary durmuşa geçirmek üçin zerur bolan kenar ulgamlaryny gurmak, işläp gelýän turba geçirijileri döwrebaplaşdyrmak we täzelerini gurmak, biziň ýurdumyzda öňden bäri işleýän kompaniýalar tarapyndan hem, türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanmalary ýyl-ýyldan artýan täze şereketler tarapyndan hem nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak babatda önümler hem-de hyzmatlar giňden hödürlendi. Gürrüňsiz suratda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň–Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň, Energetika we senagat ministrliginiň, «Türkmennebitgazgurluşyk», «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň hem-de baý nebit we gaz ýataklaryny işläp taýýarlaýan beýleki pudaklaýyn kärhanalaryň birnäçesiniň diwarlyklary sergä gelýänleriň ünsüni çekýär.

Ýöriteleşdirilen tehnika, dürli enjamlar we beýleki uly göwrümi önümler sergi toplumynyň töwereginde ýerleşen ýörite meýdançalarda goýuldy.

Serginiň işlejek üç gününiň dowamynda daşary ýurtly kompaniýalaryň wekilleri diňe bir öz önümlerini we kuwwatyny görkezmäge däl-de, eýsem, işewür gatnaşyklarynyň we hyzmatdaşlygyň çägini ep-esli giňeltmäge hem-de netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik alarlar, bu bolsa öz nobatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň dünýäniň energetika ulgamyna goşulyşmagynyň depginlerine oňat täsir eder. Daşary ýurt kompaniýalarynyň hatarynda Malaýziýanyň “Petronas Sharigali”, arap-iňlis “Dragon oil”, Hytaýyň “CNPC”, Germaniýanyň “RWE”, Fransiýanyň “Schlumberger”, Russiýanyň “Itera” halkara kompaniýalar topary, Belarusyň “Ýaraw” kompaniýalary we başgalar ýaly Türkmenistanyň esasy daşary ýurtly hyzmatdaşlary bar.

Eýýäm birinji günde “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2011” atly halkara sergisine gatnaşyjylaryň hemmesi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirdiler, biziň ýurdumyzda halkara işewürligi we daşary ýurtly maýa goýumlary örän ygtybarly kanunçylyk binýady bilen höweslendirilýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar Türkmenistanyň nebitgaz konsernleri we korporasiýalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyryp, enjamlary ibermek we hyzmat etmek babatda hyzmatlaryny hödürläp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan täze taryhy eýýamda toplumyň öňünde goýlan iri möçberli wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge öz goşantlaryny goşýarlar.

Ertir açylýan «Garaşsyzlygymyzyň 20 ýylynda Türkmenistanyň

nebitgaz senagatynyň ösüşi we halkara hyzmatdaşlygynyň geljegi» atly halkara ylmy maslahatynda hyzmatdaşlygyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak dowam etdiriler. Enjamlary we tilsimatlary esasy öndürijiler bolan daşary ýurtly nebitgaz we serwis kompaniýalarynyň, ABŞ-dan, Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Hytaýdan, Fransiýadan, BAE-den, Ýaponiýadan, Azerbaýjandan, Ýewropanyň birnäçe ýurtlaryndan bolan dürli ministrlikleriň wekilleriniň 500-e golaýy maslahata gatnaşmaga çakylygyna seslendiler. Maslahat gyzyklanýan taraplara ýangyç-energetika toplumy babatda gatnaşyk etmäge

degişli köp meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer.

Şu gün foruma gatnaşyjylar üçin paýtagtymyzyň “Prezident” myhmanhanasynda nebitgaz ulgamynda milli kanunçylygyň we salgyt salmagyň dürli meselelerine hem-de Türkmenistanda maýa goýum ýagdaýynyň aýratynlyklaryna we artykmaçlyklaryna, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygynyň giň mümkinçiliklerine hem-de dürli görnüşlerine bagyşlanan seminar geçirildi.

Sergi 15-17-nji noýabr aralygynda dowam eder.

referans: www.turkmenistan.gov.tm.

Degişli makalalar

Prezidentimiz Tunisyň Prezidentine Gynanç Bildirdi

syrach

Prezidentimiz Ýaponiýanyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisini Kabul Etdi

syrach

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

syrach