26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Çelekbaý Meýdançasynda Täze Iri Känleriň Üsti Açyldy

Çelekbaý Meýdançasynda Täze Iri Känleriň Üsti Açyldy

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» müdirliginiň geologlary «Galkynyş» ägirt uly gaz käniniň demirgazyk-günbatar böleginde ýerleşýän Çelekbaý meýdançasyndaky №1 gözleg guýusyndan gazyk baý käniniň üstüni açdylar. Ýokary basyşly tebigy gazyň kuwwatly akymy ýura döwrüniň kesikleriniň ýokarky karbomit gatlaklaryndan gelýär. Tejribe-barlag işleriniň netijesinde 4511-4503 metr çuňluklarda tebigy gazyň senagat akymy alyndy.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag institutynyň hünärmenleriniň hasaplamalaryna görä, guýynyň ýokarky gatlaklary bir günde 1 million kub metrden gowrak tebigy gaz berýär. Müdirligiň geologlary guýynyň beýleki gatlaklarynyň hem barlag işlerini dowam edýärler.

«Marynebitgazgözleg» müdirliginiň baş geology Ýazmuhammet Yrzaýewiň aýtmagyna görä, häzirki wagtda işler ýokary depgin bilen dowam edýän ägirt uly «Galkynyş» gaz käninde hem gaz gözlemekde we barlamakda gazanylan üstünlikler hem geologlaryň zähmetiniň netijesi bolup durýar. şu ýylyň oktýabr aýynda müdirligiň hünärmenleri buraw işlerini meýilnamada bellenilenden artygy bilen ýerine ýetirdiler.

Noýabryň başynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» müdirliginiň geologlarynyň Çelekbaý meýdançasyndaky №1 gözleg guýusynda buraw işlerini üstünlikli tamamlandyklaryny habar beripdik. Netijede bu ýerden 4548-4556 metr çuňlukdan ýokary basyşly tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymy alyndy. Bu çuňlukdaky guýy günde 900 müň kub metrden gowrak tebigy gaz berýär.

Häzirki wagtda müdirligiň hünärmenleri Derwezekem meýdançasynda ýakynda buraw işlerini tamamlanan we 4100 metr çuňluga ýetilen №5 gözleg guýusynda barlag işlerini işjeň alyp barýarlar.

Şeýle hem geologlar Osman meýdançasynda buraw işlerini tamamladylar.

Degişli makalalar

Dalaşgär Serdar Jelilow Paýtagtymyzyň Saýlawçylary Bilen Duşuşdy

turkmenhabargullugy

Türkmen Wekilýeti Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynda Duşuşyklar we Gepleşikler Geçirdi

Türkmen Diplomatiýasynyň Möhüm Ugurlary Boýunça Okuw Merkezi Açyldy

turkmenhabargullugy